Gijeki goşgy
Uz ýörap, gelýardi asylly
Görip, barja erkim basyldy
Görkinden aý nury saçyldy
Gözlem barşyna garap gitdi
Göreçlerem göreje çümdi
Aý diýsem-ä aý-dy,hem gül-di
Her aýdany bolupjyk hüwdi
Bu kalbyma-da ýarap gitdi
Gülden görk, aýdanam nur atyp
Haýrana galdym,aklym ýitip
Sözlerim ýüregine ýetip
Doñdurma deýin eräp gitdi
Elime aldym-da ter çemen
Ýar yzyndan ylgadym menem
"Men-ä söýdüm, söýermiñ senem"
Dymdyda, başyn yrap gitdi
Gygyrdym ,deme ýetmän demin
Nä dymýañ!
Aýtgyn bolsa kemim
"-Bir görene söýýän diýermiň?!"
Oýlangyn diýip, ýöräp gitdi
Diýdim. Kararym berdim eýýäm
Ýandyrsañ ýanjak, köýdür, köýýän
"-Men-ä entek diýmerin söýýän"
Barja umytlam üwäp gitdi
Nätjek, meňem aljagym anyk
Maña ýar bol!
Uzatdym ýüzük
Birdenem gygyryp budilnik
Ähli arzuwlar küräp gitdi
Şeýdibem goşgy döräp gitdi.
Ylham GURBANALYÝEW (2020)
Görip, barja erkim basyldy
Görkinden aý nury saçyldy
Gözlem barşyna garap gitdi
Göreçlerem göreje çümdi
Aý diýsem-ä aý-dy,hem gül-di
Her aýdany bolupjyk hüwdi
Bu kalbyma-da ýarap gitdi
Gülden görk, aýdanam nur atyp
Haýrana galdym,aklym ýitip
Sözlerim ýüregine ýetip
Doñdurma deýin eräp gitdi
Elime aldym-da ter çemen
Ýar yzyndan ylgadym menem
"Men-ä söýdüm, söýermiñ senem"
Dymdyda, başyn yrap gitdi
Gygyrdym ,deme ýetmän demin
Nä dymýañ!
Aýtgyn bolsa kemim
"-Bir görene söýýän diýermiň?!"
Oýlangyn diýip, ýöräp gitdi
Diýdim. Kararym berdim eýýäm
Ýandyrsañ ýanjak, köýdür, köýýän
"-Men-ä entek diýmerin söýýän"
Barja umytlam üwäp gitdi
Nätjek, meňem aljagym anyk
Maña ýar bol!
Uzatdym ýüzük
Birdenem gygyryp budilnik
Ähli arzuwlar küräp gitdi
Şeýdibem goşgy döräp gitdi.
Ylham GURBANALYÝEW (2020)
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.