Düşün maňa-da
Nätanyş duýgular, nätanyş pikir,
Maňa näme bolýar, (özümem haýran).
Saňa tarap duýgy güýjeýär her gün,
Indi şol duýgulaň yzyndan barýan.
Hemme bilen gatnaşyk bar-adaty,
Seniň bilenem üýtgeşik hal bolýan.
Öňem-ä gepe çeper däldim welin,
Saňa gezek gelýär, menem lal bolýan.
Şeýdip gezip ýörün, içim hümledip,
Duýgularmy çykarmaga gorky bar.
Seniň ýüregiň bar, näzik hem ajap,
Ony ynjytmaga kimiň erki bar?!
Ynjytmak islämok, ýöne çydamok,
Aýtmazlyk bolmasyn barja aladam.
Seni söýdüm! (aýtman durup bilemok),
Düşün, maňa-da!
Ylham GURBANALYÝEW.
Maňa näme bolýar, (özümem haýran).
Saňa tarap duýgy güýjeýär her gün,
Indi şol duýgulaň yzyndan barýan.
Hemme bilen gatnaşyk bar-adaty,
Seniň bilenem üýtgeşik hal bolýan.
Öňem-ä gepe çeper däldim welin,
Saňa gezek gelýär, menem lal bolýan.
Şeýdip gezip ýörün, içim hümledip,
Duýgularmy çykarmaga gorky bar.
Seniň ýüregiň bar, näzik hem ajap,
Ony ynjytmaga kimiň erki bar?!
Ynjytmak islämok, ýöne çydamok,
Aýtmazlyk bolmasyn barja aladam.
Seni söýdüm! (aýtman durup bilemok),
Düşün, maňa-da!
Ylham GURBANALYÝEW.
1комментарий
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.