Goşgy

Çagyryldym bardym seniň toýyna,
Men barmasam bu gelşiksiz boljakdy
Gutlamaly boldym deň-duşlaň bilen,
Ýöne diýiljek söz bagrym diljekdi.

Bukurdakda bir uly daş doňup dur,
Bir söz diýsem eräp ýaş bolyp damar
Emma gutlamaly syrym bildirman,
Gözlerimden aňar doslaryn seniň

Ah senem otyrsyn mana seredip,
Ýekeje söz diýsem gapyp alarsyn,
Onsaň sen ýüregme ýyldyz göz däl-de
Ýyldyrym göz bilen talaň salarsyn.

Ýylgyrdym geçmişi unudyp biraz,
Hem özüm ýitirip tolgyndym aşa,
Gara gözlerine göni seredip,
Diýdim: " Gelniň bilen bagtly ýaşa"



3 лайков 160 просмотров
5комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Hiayress
06 май 2022, 14:29
"Çagyryldym bardym seniň toýyna"

"Çagyrlan ýere bar, oturda, turma"
(Magtymguly)

"Men barmasam bu gelşiksiz boljakdy"

Toýuň gelşigi öýlenýän oglan bilen çykýan gyz.

"Gutlamaly boldym deň-duşlaň bilen,
Ýöne diýiljek söz bagrym diljekdi."

Bu waka geçen zamanda bolup geçenmi ýa geljek?!

"Bukurdakda bir uly daş doňup dur"

Buz ýuwudaýdymyka?!))

"Bir söz diýsem eräp ýaş bolyp damar"

Gürrüň bokurdakdaky buz barada barýar öýtýän?!))

"Emma gutlamaly syrym bildirman,
Gözlerimden aňar doslaryn seniň"

Allah, Allah...

"Ah senem otyrsyn mana seredip"

Belki öňünden gaçarsyň?!))

"Onsaň sen ýüregme ýyldyz göz däl-de"

Ýyldyz göz - multifilmlerdäki ýaly kelläň gaty bir zada degse depäňden diliň sallanyp, gözüň ýyldyz ýaly bolup, kelläňde krug aýlanýan ýagdaýymy?! Aýaly (geljekki) bir gatyrak zat bilen kellesine beräýdimikä?!))

"Gara gözlerine göni seredip"

Gara, ýyldyrym, ýyldyz - bu oglanyň gözleri hameleon öýtýän.))
ýüreksözi
Автор 06 май 2022, 15:12
Hiayress,
heheh haý agam goşgyna okamaz ýaly edipsiniz
Nurmuhammet
06 май 2022, 16:35
like
buda yzy bolmaly.

Dört sözde gutlagyň baryn jemledim,
Bu sözi goldady töwerek daşym.
Ýok,men aglamadym söýgümiz ýatlap,
Ýöne seň gözüňde göründi ýaşyň...
Aýnur
06 май 2022, 16:56
Şu ýaşlarda bir täzelik bar ))) garashyan
Nurmuhammet
06 май 2022, 17:01
Mona Songz,
haysy yaslar