Siňek
Bir ,,görüp" hakynda ýazjakdym goşgy,
Galamam depderem taýyn öňümde.
Ähli pikirlemi dagatdy bir ýan,
Bir garagol siňek gonup elimde.
Kowýan ellerimi galgadyp her ýan,
Ol bolsa uçýada oňümde gonýa.
Indi bir arkaýyn ýazaýyn diýsem,
Ol ýene gelýäde elimde gonýa.
Bir öýüň içinde bir siňek bir men,
Düşünşüp bilmedik ikiçak galyp.
Ony öldürmäge elim baranok,
A gaharym barýa beýnimi ýaryp.
Ol bolsa ganatyn galgadyp çala,
Ýüzüni sypaýa ýüzüme garap.
Men oňa hiç zadam edemok welin,
Ol maňa uzak gün geçdi yrsarap.
Kä depämde gonup käte ýüzümde,
Ýüregme düşäýdi diýäýin diýsem.
Hool gyra geçirip süýjüjik goýdum,
Oňa-da gonanok güýmäýin diýsem.
Indem gözlerini mölerdip maňa,
Dilinem çykarýa görsene muny.
Üstümden gülüp dur kiçijek jandar,
Häzir onuň hökmi meňkiden uly.
Garaz görüp hakda goşgy ýazdyrman,
Ol özi hakynda ýazdyrdy eser.
Ýa görüp diýýänim şul siňekmikän?
Ýada ol tersine maňa derdeser.
Galamam depderem taýyn öňümde.
Ähli pikirlemi dagatdy bir ýan,
Bir garagol siňek gonup elimde.
Kowýan ellerimi galgadyp her ýan,
Ol bolsa uçýada oňümde gonýa.
Indi bir arkaýyn ýazaýyn diýsem,
Ol ýene gelýäde elimde gonýa.
Bir öýüň içinde bir siňek bir men,
Düşünşüp bilmedik ikiçak galyp.
Ony öldürmäge elim baranok,
A gaharym barýa beýnimi ýaryp.
Ol bolsa ganatyn galgadyp çala,
Ýüzüni sypaýa ýüzüme garap.
Men oňa hiç zadam edemok welin,
Ol maňa uzak gün geçdi yrsarap.
Kä depämde gonup käte ýüzümde,
Ýüregme düşäýdi diýäýin diýsem.
Hool gyra geçirip süýjüjik goýdum,
Oňa-da gonanok güýmäýin diýsem.
Indem gözlerini mölerdip maňa,
Dilinem çykarýa görsene muny.
Üstümden gülüp dur kiçijek jandar,
Häzir onuň hökmi meňkiden uly.
Garaz görüp hakda goşgy ýazdyrman,
Ol özi hakynda ýazdyrdy eser.
Ýa görüp diýýänim şul siňekmikän?
Ýada ol tersine maňa derdeser.
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.