Bir gijejik ene bolup görmek

Gadym zamanlarda bir zalym hökümdar ýaşapdyr. Döwrüň iň owadan gelin-gyzlaryndan kimi halasa köşgüne çagyrýarmyş-da, bir gijelik ýanynda alyp galýarmyş. Ertesi gün bolsa, islese ony goýberýärmiş, islemese-de, jellada tabşyrýarmyş.

Edil şolar ýaly çakylyk alan bir dul aýal, bäş ýaşly gyzyny-da ýanyna alyp ýola düşüpdir. Ýadan wagtlary bir derek agajynyň saýasynda düşläpdirler. Başy gök diräp duran derek agajy öz saýasynda düşlän eneli gyza mähir hem haýranlgalyjylyk bilen garapdyr-da:

– Wah, nähili haýp! Miwäm-ä bir ýok welin, saýamam goýry däl-dä – diýipdir.

Ol aýal uludan demini alyp:

– Bize nebsiň agyrýan bolsa, bolmanda, gyzymy bir gijeligine belent şahalaň arasynda sakla-da, garaňkydan hem ýabany haýwanlardan ony gorap ber. Inşalla, ertir gelip alaryn – diýipdir.

Derek agajy teklibe göwünjeň bor diýensoň, aýal birsalym oýlanyp durupdyr-da:

– Dur-la hany! Sen hiç haçan miwe berip gören dälsiň, şonuň üçinem eneligiň nämedigini bilýän dälsiň – diýipdir, “…Şol sebäpden, gowusy, men saňa bir gijelik öz ýüregimem goýup gideýin. Ene ýüregi şeýlekinem elmydam balasynyň ýanynda gürsüldäp durandyr”.

Derek agajy bu teklibe-de bor diýipdir.

Şunlukda balasyny bir gije derek agajyna ynanyp giden aýal ertesi gün agajyň ýanyna gelipdir-de, balasyny alyp öýüne dolanypdyr.

Derek agajy bolsa bir gijelik ene ýüregini götermek bilen şeýle bir üýtgäpdir, şeýle bir üýtgäpdir welin, edil ýöne ýapraklarynyň saplary inçelip galaýypdyr.

Ine, hut şol wakadan soň derek agajynyň ýapraklary her gün, her sagat edil ene ýüregi kimin titräp duranmyş diýýärler…

(Anadoly halk hekaýaty)
2 лайков 167 просмотров
2комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Aika
25 июл 2022, 08:10
Bolgusyzlyk. Beýledebir zat bolar oguşýa. Toba estagfrullah.
S❤
25 июл 2022, 11:37
Ene duygusy basga zat. Enan ozi bolsa bam basga zat. Ene yuregini bolsa su eser bn doly dusundirip bolyar