Söýgi
Bir mahal bir ýigit söýdi bir gyzy
Her haýsy bir enäň ýeke ýalnyzy
Ýa-da Nejep oglan söýdi Nigäri
Her haýsy bir ataň ýeke dikrary
Dagyň bir jülgesin belleşip her gün
Köşek dek böküşip açdylar göwün.
Nigär garyp gyzy Nejep padyman
Olaryn her güni geçdi şadyýan
Oýnadylar çilik, okladylar top
“Gap, Nejebim, gap!” “Gap Nigärim, gap!”
Emma degenokdy bedene beden
Söýgin päk ýerinde,
Beden gadagan.
Biri-birisiniň gözüne garap,
Hozuň gabygyndan içdiler şerap.
Hoz bolsa (bilýäniz manyzyn öýi,)
Söýgä manyz gatyp goýaltdy meýi.
Emma dünýämizin ýasalşy şeýle
Säher bar ýerinde tapylýar öýle
Öýle bar ýerinde bardyr ikindi
...Nigär Nejebinen gaýra çekildi.
Nejebin üstüni büredi tümlik
Söýgä awy düşdi
Ýekeje çümmük.
Nigäriň gaşyna ant içdi çomak:
“Nejebin aşyk däl bir aşyksumak.
Ol her gün bir gyza üleýär göwnün...”
Nigärin göwnünde döredi düwün
-Bu niçik hekaýat? Bu niçik waka
Oýnap ýörer ýaly çilikmi wepa?
Depip ýörer ýaly sürpekmi Nigar?
Nigäp gepleýärdi Nejep dinleýär...
“Nigärim, Nigärim bu niçiksi gep?”
Diýjek boldy Nejep. Ýykkldy Nejep.
Agzyn daşa oýkap misli bir gaplaň
Ah urup 3 gezek ant içdi çopan.
Antlar gara daşy deşdi-de jopba
Topragyn ýedi gaty bagryna çümdi.
Toprak: “ Eý waý!” diýip gygyrdy. Gyz hem
Bir çirkin ses etdi:
“Ynandym indi!”
Her haýsy bir enäň ýeke ýalnyzy
Ýa-da Nejep oglan söýdi Nigäri
Her haýsy bir ataň ýeke dikrary
Dagyň bir jülgesin belleşip her gün
Köşek dek böküşip açdylar göwün.
Nigär garyp gyzy Nejep padyman
Olaryn her güni geçdi şadyýan
Oýnadylar çilik, okladylar top
“Gap, Nejebim, gap!” “Gap Nigärim, gap!”
Emma degenokdy bedene beden
Söýgin päk ýerinde,
Beden gadagan.
Biri-birisiniň gözüne garap,
Hozuň gabygyndan içdiler şerap.
Hoz bolsa (bilýäniz manyzyn öýi,)
Söýgä manyz gatyp goýaltdy meýi.
Emma dünýämizin ýasalşy şeýle
Säher bar ýerinde tapylýar öýle
Öýle bar ýerinde bardyr ikindi
...Nigär Nejebinen gaýra çekildi.
Nejebin üstüni büredi tümlik
Söýgä awy düşdi
Ýekeje çümmük.
Nigäriň gaşyna ant içdi çomak:
“Nejebin aşyk däl bir aşyksumak.
Ol her gün bir gyza üleýär göwnün...”
Nigärin göwnünde döredi düwün
-Bu niçik hekaýat? Bu niçik waka
Oýnap ýörer ýaly çilikmi wepa?
Depip ýörer ýaly sürpekmi Nigar?
Nigäp gepleýärdi Nejep dinleýär...
“Nigärim, Nigärim bu niçiksi gep?”
Diýjek boldy Nejep. Ýykkldy Nejep.
Agzyn daşa oýkap misli bir gaplaň
Ah urup 3 gezek ant içdi çopan.
Antlar gara daşy deşdi-de jopba
Topragyn ýedi gaty bagryna çümdi.
Toprak: “ Eý waý!” diýip gygyrdy. Gyz hem
Bir çirkin ses etdi:
“Ynandym indi!”
1комментарий
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.