"Ýat itiň guýrugy..."
"ÝAT ITIÑ GUÝRUGY..."
Ýat itiň guýrugy ýangynda bormuş,
Baryňa degişli bu gödek nakyl.
Ýaşap bolmaz göge tutup tumşugy,
Aňyr ujy bolaýmasaň kemakyl.
Biz diňe pirdiris bir-birimize,
Başga hiçkim dodagyny çöwürtmez.
Del ýurduň Hudaýy, ýat iliň dini,
Soňky demde kelemäňi öwürtmez.
Eýsem ozal bizi garyp mekandan
Gedemlik, bahyllyk çykarmadymy?
Enesinden erkek dogan milleti
Agzalalyk dyza çökermedimi?
Gowy ýeri indikiňiz nämemiş?
Ýene öňki gybat, ýene şol hapa.
Ýurt täze, kontinent, materik täze,
Ýene öňki duzak, ýene şol gapan...
Bir-birini çeýnäp ýören itlerem,
Agzyn birikdirmiş möjek görende.
Adam siziň üçin bir köpük bolsa,
Haýwandan bir alaýyňda görelde!
Watany terk etmek nämä gerekdi,
Ýene şol köne heň çalynjak bolsa?
Ýalandan aglamak derkarmy bu gün
Ertir öz üstüňden gülünjek bolsa?
Ýat iliň del itin ýallamak üçin,
Ýarag çenediňiz boz gurduňyza.
Ýa siz ýurduňyzdan aýrylmansyňyz,
Ýa indi gelip siz öz ýurduňyza!
Şiraly NURMYRADOW
Ýat itiň guýrugy ýangynda bormuş,
Baryňa degişli bu gödek nakyl.
Ýaşap bolmaz göge tutup tumşugy,
Aňyr ujy bolaýmasaň kemakyl.
Biz diňe pirdiris bir-birimize,
Başga hiçkim dodagyny çöwürtmez.
Del ýurduň Hudaýy, ýat iliň dini,
Soňky demde kelemäňi öwürtmez.
Eýsem ozal bizi garyp mekandan
Gedemlik, bahyllyk çykarmadymy?
Enesinden erkek dogan milleti
Agzalalyk dyza çökermedimi?
Gowy ýeri indikiňiz nämemiş?
Ýene öňki gybat, ýene şol hapa.
Ýurt täze, kontinent, materik täze,
Ýene öňki duzak, ýene şol gapan...
Bir-birini çeýnäp ýören itlerem,
Agzyn birikdirmiş möjek görende.
Adam siziň üçin bir köpük bolsa,
Haýwandan bir alaýyňda görelde!
Watany terk etmek nämä gerekdi,
Ýene şol köne heň çalynjak bolsa?
Ýalandan aglamak derkarmy bu gün
Ertir öz üstüňden gülünjek bolsa?
Ýat iliň del itin ýallamak üçin,
Ýarag çenediňiz boz gurduňyza.
Ýa siz ýurduňyzdan aýrylmansyňyz,
Ýa indi gelip siz öz ýurduňyza!
Şiraly NURMYRADOW
3комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.