Itiň haly dokaýşy
Itiň haly dokaýşy
Gyşyň aňzagynda,sowuk howada,
Bir it ýaz günlerin salypdyr ýada.
"Gyşdan çykyp bilsem dokajak haly,
Indiki aňzakda üşemez ýaly.
Gyşda şol halynyň üstünde ýatsam,
Süýjije düýşleriň tagamyn datsam.
Hemem iýsem bir etlije towugy,
Täsir etmez ýüz aňzagyň sowugy"
Diýip, öz-özüne göwünlik berdi,
Ýaz geldi unduldy gyşdaky derdi.
Ýazda gyş günleri ýadyna düşmän,
Güneşde derlemän, yssyda bişmän,
Ähli wagtyn geçirdi ol saýada,
Käte bolsa ýatdy suwly joýada.
Şeýdip günler geçdi, pasyllar geçdi,
Gyş geldi halysy ýadyna düşdi.
Ýene göwnün aldap geçirdi gyşy,
Şeýdip tamam boldy onuň durmuşy.
Ýatdan çykarmalyň şeýle mysaly,
Etmäň "Itiň haly dokaýşy" ýaly.
Süleýman Durdyýew
imo 64971575
Gyşyň aňzagynda,sowuk howada,
Bir it ýaz günlerin salypdyr ýada.
"Gyşdan çykyp bilsem dokajak haly,
Indiki aňzakda üşemez ýaly.
Gyşda şol halynyň üstünde ýatsam,
Süýjije düýşleriň tagamyn datsam.
Hemem iýsem bir etlije towugy,
Täsir etmez ýüz aňzagyň sowugy"
Diýip, öz-özüne göwünlik berdi,
Ýaz geldi unduldy gyşdaky derdi.
Ýazda gyş günleri ýadyna düşmän,
Güneşde derlemän, yssyda bişmän,
Ähli wagtyn geçirdi ol saýada,
Käte bolsa ýatdy suwly joýada.
Şeýdip günler geçdi, pasyllar geçdi,
Gyş geldi halysy ýadyna düşdi.
Ýene göwnün aldap geçirdi gyşy,
Şeýdip tamam boldy onuň durmuşy.
Ýatdan çykarmalyň şeýle mysaly,
Etmäň "Itiň haly dokaýşy" ýaly.
Süleýman Durdyýew
imo 64971575
5комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.