Öwrenilen endik

Waka birtüýsli üns bererlik: Ýaponiýada 30 ýyl bäri gözlenýän terrorçy aýal lideri tüssesi bilen halka ýasap çekýän çiliminden tanalypdyr. Ele düşmezlik üçin erkek sypatyna giren, estetiki operasiýa etdirip, ýüzini tanalmajak derejede özgerden terrorçy, diñe üýtgedip  bilmedik endigi sebäpli özini tanadypdyr. Egin-eşik çalşyrynyp biliner, bedende operasiýa geçirip üýtgeşmeler edip bolar... ýöne ine endik.. oñ üýtgedilmesi mümkinmi?!. Her adamyñ häsiýeti: ruçka tutuşy, kofýa içişi, nahary çeýneýşi.. her adamyñ özüne mahsusdyr. 

*bellik:Bu kitap okamak, ýazmak barada-da şeýleräk diýip pikir edýärin. Netijede, türkmen aga: "Öwrenilen endik örkleseñem durmaz" diýipdir.
6 лайков 250 просмотров
16комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Suleyman
15 июл 2022, 18:18
Taşlap bolýar. Taşlan endiklerim kän. Güýçli isleg we erk gerek.
Telwas
15 июл 2022, 18:22
Ýaponiýada 30 ýyl bäri gözlenýän terrorçy aýal lideri tüssesi bilen halka ýasap çekýän çiliminden tanapdyr.

“Tanapdyr” ýa “tanalypdyr”
Haýsy dogry?
Balary
Автор 15 июл 2022, 18:24
Menem taşladym. Mysal üçin geçen tomus 1 morojna-da iýmedim. Şu ýyl 1 gazlandyrlan suwam içmedim. Ýöne suw içişimi, çaý owurtlaýşymy, çemçe tutuşymy üýtgetmedimmikäm diýýän.
Balary
Автор 15 июл 2022, 18:26
Üýtgedip bilmedim 2lenç mowzugy. Bagyşlarsyñyz-da!
Seýit
15 июл 2022, 18:26
Nirvana,
Moderator bolup seydip yalnys gozlap yormegin dogrumy ?
Balary
Автор 15 июл 2022, 18:27
Dogrusy "tanalypdyr" bolmaly.
Telwas
15 июл 2022, 18:30
Buzgaýmak iýmek, gazlandyrylan suw içmek endik däl meň pikirimçe.
Olary diňe göwnümiziň islän wagty, birine yssy howada, beýlekisini nahar, çigit bilen iýip-içilýär. Her naharyň ýany bilen gazly suw içilenok. Eger siz sypdyrman içýän bolsaňyz endikdir. Buzgaýmagam her gün iýilenok. Ýagny, bular her gün dişiňi çotgalamak ýaly endikler däl.
Telwas
15 июл 2022, 18:31
Цитата: Balary
Üýtgedip bilmedim 2lenç mowzugy. Bagyşlarsyñyz-da!

Bolýar. Düzetdim.
Balary
Автор 15 июл 2022, 18:37
Sagboluñ!
Men buzgaýmak bn chipsini nahar deregne, buz ýaly kokteyli suw deregne içen wagtym bolupdy. Kitap okamakda diñe ýatyp okaýadym. Indi az okaýan, dik durup okaýan. Ir ýatyp giç turmak meselesem şeýle.
Telwas
15 июл 2022, 18:39
Kitaby dik durup okasaň, aýratyn-da ýöräp barýarkaň okasaň, kelläňe gowy girýär okanlaryň :)
(Şahsy tejribe)
Balary
Автор 15 июл 2022, 18:45
şondan bolsa gerek, az okasamam kelläme girýä diýýän-le soñky wagtlar. :)
Ötegçi
15 июл 2022, 18:48
tüssesi bilen halka ýasap çekýän çiliminden

Multikdäki Zews yadyma düşdi.
Balary
Автор 15 июл 2022, 18:50
Kellesine täç edinip dakýadymy şol
Ötegçi
15 июл 2022, 18:53
Hawwa.
Millet tygşytly görnuşe gecseñ-soñam ony halamasañ yzyña gelip bolýamy?!.
Ötegçi
15 июл 2022, 19:44
Geçdimem welin ne sitata ne minus plus bolya dali
Maksat
15 июл 2022, 19:57
Nu pogodidäki möjek ýaly çilimiň tüssesini togalak-togalak edip üýtgeşik çekýändirdä zaňňar?