Ölüme barýan...

Ölüme barýan,
Gülüp barýan,
Ömrümiñ biten ýapragyn tändirip,
Ýolup barýan.
Kä sabrym tükedip,
Howlugyp barýan.
Dünýäñ gözelligine ymtylyp barýan,
Nebsime büdüräp dümtünip barýan.
Pul diýip,
Solup barýan.
Ýasama ýasama
Loh-lohlap gülýän.
Öwrenilen adata öwrülip,
Kimiñ kimdigini öwrenip barýan.
Serhoşlygyñ çürbaşyna galyp barýan
(-Näme? Çürbaşy barmy diýsene,
-Lütümi çykaryp, ýyksa eýse nä?)...
Başymdan külümi sowuryp barýan.
Gözellik,
Hezillik,
Şol bir hereket.
Gaýtalanyp dur,
Gaýma-gaýmaşak.
Menem şol gaýmaşakda
Han bolup,
Arkan gaýyşyp.
Ulumsy häsiýete eýeläp
Özümçe özümde döredip kada,
Emma üýtgeşik däl hiç kimden
Adaty adam.
(Ýogsa-da nämäniñ pikirin edýän
Aý, ýöne bir öwrenen endik.
Bolşum şo...)
Üýtgejek bolup,
Her hilijek hilelere baş goşup,
Essimden aýylyp barýan,
Özümden özüm aýrylyp barýan.
Diñe birje zat aýan,
Ölüme barýan...

© REMEZAN MÄMETGURBANOW


10 лайков 336 просмотров
14комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Telwas
23 апр 2023, 16:00
Salam Remezan akga. Goşgyňyz maňa görä diýseň şowly çykypdyr, haladym. Eliňize, ýüregiňize saglyk. Ylhamyňyz egsilmesin!

Siziň saýda ilki gelen günleriňizdäki döredijiligiňiz bilen häzirki wagtdakyň arasynda ullakan tapawut bar. Şol günler dyngy belgileriň ulanylyş kadalarynam doly we dogry bileňzokdyňyz. Indi has kämilleşipsiňiz. Berekella!
Öwreniji
Автор 23 апр 2023, 16:09
Nirvana
Salam Remezan akga. Goşgyňyz maňa görä diýseň şowly çykypdyr, haladym. Eliňize, ýüregiňize saglyk. Ylhamyňyz egsilmesin!

Siziň saýda ilki gelen günleriňizdäki döredijiligiňiz bilen häzirki wagtdakyň arasynda ullakan tapawut bar. Şol günler dyngy belgileriň ulanylyş kadalarynam doly we dogry bileňzokdyňyz. Indi has kämilleşipsiňiz. Berekella!

He, he, men bu saýta gelenim üçin ökünýän narkomana döndüm. Minnetdar! Men ýaşym ulam bolsa bilmeýän zadymy öwrenere ýaşlarda köp zat bar ekeni. Kantureden ýeriñ üç burçdygyny öwrenenim has gowy netije berdi (degişme, biraz hakykata ýakynam) Belki, Pegas, Owrenýän, Aksary, Tämiz, Sen Ssaparaý, Gerçek ..... We ýene kän (häzir nikleriñiz çykany belledim) Köplenjem Aksary jigime minnetdarlyk bildirýän. Gowy kömegi degdi. Ömrüñ uzak bolsun(Toýuñda kellämde pyrlanyp tans ederin, şo günlere ýetirse) umuman hemme agzalara minnetdar!
ssaparay
23 апр 2023, 17:21
"Görnenok" diýip ýördüm. Bar ekeniň-ä :)

"Ölüm şu dünýädäki ýeketäk hakykat" diýýänem bolsam, soňky döwür ölümli gürrüňlerden ýadapdyryn. Köçä çyksaňam "Pylany ölüpdir" ýa "Pylanyň jynazasyna bardyk" ýaly gürrüňler. Tv-ni açsagam uruş, ölüm-ýitim. Iň bolmanda goşguda bir adyny tutmalyň şo peläketiň. Näme agzasaň şo bolýarmyş. Gowulygy çagyralyň. Her kime gijinden berilsin şo peläket.
Öwreniji
Автор 23 апр 2023, 18:44
Şony Ölum dälde Bakyýete diýip goýsam gowymyka?? Ölümli gürrüñ hakykat. Gaçyp gutulup bolanok. Emma şony ýazmak bilen ýüregime bire baglamaklygy, başga düşünjäni aýyrmagy beýleki gyzyklanýan zatlaryñ wagtlaýyndygy üçin ýazypdym
ssaparay
23 апр 2023, 18:57
Remezan,

Şony Ölum dälde Bakyýete diýip goýsam gowymyka?

Şeýdäýsene, Ölüm kinolaryň soňunda ýazylýan "The end" ýaly bir zat. Bakyýet bolsa "Dowamy bar..." diýýän titr ýaly. :)
Maksat
23 апр 2023, 20:02
Agam entek irräk dälmi:). Goşgy gowy ýöne ady gowy däl ýaly meñ üçinä. Galamyñ ýiti bolsun!
Öwreniji
Автор 23 апр 2023, 20:41
Mende ü6tgedip bolanok ekeni
Öwreniji
Автор 23 апр 2023, 20:43
Bakyýete barýan,
Gülüp barýan,
Ömrümiñ biten ýapragyn tändirip,
Ýolup barýan.
Kä sabrym tükedip,
Howlugyp barýan.
Dünýäñ gözelligine ymtylyp barýan,
Nebsime büdüräp dümtünip barýan.
Pul diýip,
Solup barýan.
Ýasama ýasama
Loh-lohlap gülýän.
Öwrenilen adata öwrülip,
Kimiñ kimdigini öwrenip barýan.
Serhoşlygyñ çürbaşyna galyp barýan
(-Näme? Çürbaşy barmy diýsene,
-Lütümi çykaryp, ýyksa eýse nä?)...
Başymdan külümi sowuryp barýan.
Gözellik,
Hezillik,
Şol bir hereket.
Gaýtalanyp dur,
Gaýma-gaýmaşak.
Menem şol gaýmaşakda
Han bolup,
Arkan gaýyşyp.
Ulumsy häsiýete eýeläp
Özümçe özümde döredip kada,
Emma üýtgeşik däl hiç kimden
Adaty adam.
(Ýogsa-da nämäniñ pikirin edýän
Aý, ýöne bir öwrenen endgim öýdýän.)
Bolşum şo...
Üýtgejek bolup,
Her hilijek hilelere baş goşup,
Essimden aýylyp barýan,
Özümden özüm aýrylyp barýan.
Diñe birje zat aýan,
[/b]Bakyýete barýan...

[b]


© REMEZAN MÄMETGURBANOW
murat yousef
23 апр 2023, 21:07
Hakykatdan hem goşgynyň ady gorkunçlyrak;)
Ýöne bary bir hakykat!
Soho
23 апр 2023, 21:25
berekella
Yusup
23 апр 2023, 22:57
Olumden gorkan kapyrdyr
Venus
24 апр 2023, 01:20
Ömrüň bolsun agam!
DonMaxx
24 апр 2023, 14:52
gowy gosgy oytyan hemme kisi owya welin ++
Alpengold
24 апр 2023, 15:28
Remezan,
Kyýas aga menä tanaýanam dälsinlaý hä?
Öwreniji
Автор 24 апр 2023, 21:53
Alpengold
Remezan,
Kyýas aga menä tanaýanam dälsinlaý hä?

Bilesigelijide görýän Alpengoldmy?