Göwün

Eý, kiçijik göwnüm,
     kemine göwnüm,
Kiçele-kiçele ne günler gördüň?
Gorana-gorana boldum men dagdy,
Hol gurrumsak 
    dyrnak ýaljak göwnüme
Ataş bolup degdi,
Dag bolup degdi.
Başym aşak salyp,
       pälim pes tutsam,
Depämden seretdi külkeje kişi!
Çüpeler!
Görmedik bolýaňyz kimi?

Siz isläň-islemäň, Nobatguly men!
Siziň çakyňyzdan juda çuňduryn,
Siziň çakyňyzdan juda uly men!
Men görünjek bolup,
     gözden düşýän däl,
Ýa ulaljak bolup,
       kiçelýän betpäl!
Men ýaşadym
    hem işledim
                                        ümsümje
Görünmejek bolup dünýäň künjünde…

Men daglaryň depesinde Ýanardag,
Lowlap-güwläp atylmam bar her daýym.
Dünýä myhmanhana,
     a men myhman däl,
Ynanmadyk garaşsyn-da göräýsin!

Ýokarda Türkmeniň asmany dursa,
Zeminde ýörese türkmen zybany,
Men entek-entekler geçmişe gitmen,
Men Allanyň saýlan
Hak jawudany!

Öli,
 ýarym öli
   goşgujyk dogrup,
Eýdip ile meşhur bolan şepejik,
Beýdip halk şahyry bolan süpüjek,
Poeziýa ýelmeşen porsy hapajyk – 
Göýdük goşgularyň gabrystanynda
Edebiýatyň şasy ýaly hamana,
Magtymgula sapak berýär şygyrdan,
Pitjiň atyp Nepes bilen Keminä!

Hawa, okuw kitabyna girer siz,
Sanawyna resmi taýdan beýikleň,
Dogruň,
     sowruň öli goşgularňyzy
Baýrak hem at alyp
Çykyň keýipden.
Eý, beýik eýýamyň saplyk-süplügi!
Guruň poeziýada şagal mesligi!
Edebiýat – okuw kitaby däldir!
Poeziýa – Ýere asmany ýoldur!

Eý, döwür,
görmejek bolýaňyz kimi
Siz isläň, islemäň,
      Nobatguly men!

Siziň çakyňyzdan juda beýik men,
Siziň çakyňyzdan juda uly men!
Hudaýym salandyr maňa saýasyn!
Eýýamdan eýýama geçirýän sal men,
Asyrdan asyra uzan paýapyl!
5 лайков 151 просмотров
1комментарий
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Pakize
24 апр 2023, 19:24
Jawudany diymek nämekä