Hut, şu pursat...
Hazan urupdyrmy duýgularymy?,
Olar menden öýkeli deý şu günler.
Ne-hä gülüp bilýän,
Ne aglap bilýän.
Göýä jyda düşen ýaly göwünden.
Gülleriňem, ýüzleriňem reňki ýok,
Öňki döwrüň kinosynda gezýän deý.
Ýazanlarmyň manysy ýok birjikde,
Ylham menden baky ara üzýän deý.
Tutmak islän zadym ele ilenok,
Şemalyň ugruna gaýmalap ýörün.
Maňa näme bolýa?,
Men-ä bilemok.
Gum görsem, oturyp dyrmalap ýörün.
Iýýärin, içýärin, ýöne semrämok
Nirä gidýär dişlerimiň azaby.
Her zada baş urýan, emma göwnämok,
Deregine berilýäni az ýaly.
Çagalyk arzuwlam, terk etmäň meni,
Gaýygym siz - suw düýbüne çökmejek.
Meger, hut şu pursat, (edil öz ýeri!)
Söz berýärin, indi düýpli üýtgejek!
Aman Döwletow
Olar menden öýkeli deý şu günler.
Ne-hä gülüp bilýän,
Ne aglap bilýän.
Göýä jyda düşen ýaly göwünden.
Gülleriňem, ýüzleriňem reňki ýok,
Öňki döwrüň kinosynda gezýän deý.
Ýazanlarmyň manysy ýok birjikde,
Ylham menden baky ara üzýän deý.
Tutmak islän zadym ele ilenok,
Şemalyň ugruna gaýmalap ýörün.
Maňa näme bolýa?,
Men-ä bilemok.
Gum görsem, oturyp dyrmalap ýörün.
Iýýärin, içýärin, ýöne semrämok
Nirä gidýär dişlerimiň azaby.
Her zada baş urýan, emma göwnämok,
Deregine berilýäni az ýaly.
Çagalyk arzuwlam, terk etmäň meni,
Gaýygym siz - suw düýbüne çökmejek.
Meger, hut şu pursat, (edil öz ýeri!)
Söz berýärin, indi düýpli üýtgejek!
Aman Döwletow
1комментарий
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.