Durmuşda öz ýeriňi tapmakmy

Durmuşda öz ýeriňi tapmakmy

Daş töweregiňe seredýäň welin her kim öz işi bilen başagaý bolup ýör. Bazardaky satyjylar, taksistler, edara işgärleri ýa-da daýhanlar. Göwnüme bolmasa şularyň hemmesi durmuşda öz ýerlerini tapyp, kanagat edişip işläp,gezip ýörler. A sen näme edip ýörsüň? “Näme iş bilen meşgullanýarsyň? Käriň näme?” diýlen soraglara takyk jogap berip bileňok.
Munyň sebäbi bir işde ökdelemegiň ýerine hemme zada ýetjek bolduň. Ählisinden biraz öwrendiň taşladyň, öwrendiň taşladyň. “Käri öwren-de ýigren” sözüne ýalňyş düşünäýdiň öýdýän hä körpe?
Bu zatlar barada bir iki adamyň ýanynda söz açan wagtyň hem sen “Şükürsiz” bolýarsyň. Daş töwerekde seniň günüňe ýetip bilmeýänler barmyşyn. Dogry welin bärde meniň günäm näme?

Meniň pikirimçe bärde çagalykda eşiden “Pylanyň çagasy bela ýaly” gürrüňimiziň täsiri gaty uly. Sen ýaňy bir käri öwrenip başlaýarsyň welin ýaňky gürrüňi aýdýarlar. Onsoň sen şol pylanyň çagasynyň edýän zadyny etjek bolýarsyň. Şeýdip şeýdip azyndan 10 ýylyňy iýdiň. Oturlyşykda sen kelläňdäki maglumatlar bilen hemme kişini güýmeýärsiň welin ol maglumatlar pul gazandyranokda köşek.

Ene ataň senden soraman köp seniň hakyňda köp kararlar aldymy? Aldy. Kä wagt senden näme isleýändigiňi soran wagtlarynda welin sen jogap berip bilmediň. Sebäbi sen bu soraga garaşmandyň. Jogabyny pikirlenip tapýançaň eýýäm olar sen barada kararlar aldy. Bagyşla gija galdyň han ogul!

Bolan zatlar üçin hiç kimi (maşgala) günäkärläsiň gelenok welin kän bir özüňde-de günä goýasyň gelenok.

Durmuşda sen hiç kime garşy erbet bolasyň gelenok, ýagşylykda tanasynlar isleýärsiň emma jemgyýetde çenden aşa ýagşy adam ejiz adam hökmünde görülýänine soň düşünýärsiň. “Dawaý indi erbet adam boljak!” diýersiň welin onuň üçin hem gijräk. Sebäbi 25–30 ýyllyk öwrenilen endik,häsiýeti üýtgetmek aňsat zat däl (mümkin däl).

Indi wagtyň geçmegi bilen sen ene ata bolýarsyň. Indiki maksadymyz ene atamyzyň ýalňyşyny gaýtalamazlyk. Olaryň öz ýaşap, başaryp bilmedik zatlaryny biziň başarmagymyzy isläp eden ýalňyşlaryny sen öz çagaňda etmeli däl welin sen hem köp zady başarmadyň ahyry. “Men edip bilmedim çagam bir etsin” diýýärsiň. Onda bu herekete paradoks hem diýip bileris. (Çözgüdi barmy? Pikirlenmeli)
0 лайков 97 просмотров
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.