Ardabil halysy

Ardabil halysy- haçan-da bir wagtlar yslam halylarynyň iň uly we owadan halylarynyň biri bolupdyr. Şeýle hem onuň taryhy gymmatlygy bardyr. Ol Eýran hökümdary Şa Tahmasp tarapyndan onuň atasy Şeýh Safi al-Dinanyň mazary üçin buýurma esasynda Eýranyň demirgazyk-günbatarynda ýerleşýän Ardabil şäherinde dokalypdyr.
Ardabil halylarynyň ýene-de ikisi Şeýh Safi al-Diwanyň mazaryndan iki sany britaniýaly tarapyndan tapyldy. Otuz ýyldan soň ýer titremesi netijesinde mazar ýumurylma duçar bolýar. Halylar hem satylypdyr, mümkin, ony dikeltmek üçin satylandyr. Zyýan ýeten halylar Eýranda haly söwdasy bilen meşgullanýan Mançesteriň “Zigler we Co” kompaniýasy tarapyndan satyn alnypdyr. Bir halynyň bölekleri beýleki halyny dikeltmek üçin ulanylypdyr. Netijede bolsa, bir haly “bitewi” bolupdyr, beýlekisi bolsa gyrasyz haly bolupdyr.
Uly bolmadyk salgylanmada, tekstiň ahyrynda tamamlanan wagtynyň musulman senenamasy boýunça 946-nji ýyl görkezilen, bu 1539-1540-njy ýyllara gabat gelýär. Tekstde onuň Kaşaniniň ady görkezilýär.
Haly öz gölüniň owadanlygy we ýerine ýetirilişi boýunça örän nepis dokalypdyr. Onuň ak ýüpekden ýerligi bolup, ol on reňkli ýüň ýüplükde dokalypdyr. Onuň ýüzüniň köp bölegini ýapýan aýratyn uly kompazisiýa garamtyl-gök ýerligi bilen anyk tapawutlanýar

Ardabil halysy
1 лайков 130 просмотров
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.