Abu Aly Ibn Sinanyň durmuş ýoly

Abu Aly Hüseýin ibn Abdylla ibn Aly ibn Hasan ibn Sina, Günbatarda Awisenna – filosoflaryň şasy, Gündogarda Abu Aly ibn Sina – bolsa, ol Aş-Şeýh-ar-Reýis ady bilen arap dünýäsinde uly meşhurlygyna eýedir. Bu Beýik adam, orta asyrlaryň beýik alymy, akyldary barada dünýäde köpsanly rowaýatlar aýdylandyr.Abu Aly al-Hüseýin ibn Abdulla ibn al-Hasan ibn Aly ibn Sina Merkezi Aziýaly beýik alym – ensiklopediýaçydyr. Ol 980-nji ýylyň 16-njy awgustynda Buharanyň ýakynynda ýerleşýän uly bolmadyk Afşana obasynda (Özbegistan respublikasynyň häzirki Buhara welaýaty) eneden dogulýar. Häzirki Afşana obasy irki orta asyrlarda türkmen taýpasy afşarlaryň döreden şäheridir (afşarlar
häzirki wagtda Eýranda, Türkiýede ýaşaýarlar). Akyldaryň soňky ady Ýewropada “Awnsina (Авиценна, Avicenna)” ady bilen ýoýulýar. “Sina” dari dilinde “merjeni deşiji (swerleýji)” manyda türkmen diline terjime edilýär.
Abu Aly Ibn Sinanyň durmuş ýoly


Muhammet Musa al-Horezmi, Abu Reýhan Biruny ýaly alymlardan tapawutlylykda Abu Aly ibn Sina gysga bolsa-da, özüniň terjimehalyny galdyryp gidipdir. Ol “Ömür ýazgysy” diýenat bilen taryha giripdir. Akyldaryň ylmy mirasyny öwrenýän, onuň aýry – aýry eseri hakda pikir ýöredýän her bir adam “Ömür ýazgysyna” seretmeli bolýar. Alymlaryň köp sanlysy traktatyň mazmunyny berse, käbirleri öz kitaplarynda terjimesini doly berýärler.

Abu Aly ibn Sinanyň “Ömür ýazgysy” atly eseri özi hemde şägirdi (okuwçysy) Abu Ubeýda Juzjany tarapyndan ýazylypdyr. Olar bir-birinden ujypsyz tapawutlanýan iki görnüşde ýazylypdyr. Bu traktatyň has irräk ýazylan nusgasy Abul Hasan Beýhaky tarapyndan 1160-njy ýylda ýazylypdyr. Has soňky mysaly bolsa arap alymlary tarapyndan ýazylýar. Bu bolsa alKiftiniň “Akyldarlaryň taryhy” (1200 ý.) we Usaýbiýanyň “Lukmanlaryň terjimehallary” hakynda maglumatlaryň çeşmesi (1242 ý.) diýen traktatynda berilýär.

X asyryň taryhçy alymy Muhammet Narşahynyň bellemegine görä akyldaryň ýaşan döwründe Afşana obasy “Afşana uly şäherden” we güýçli berkitmeden durýar. Şähere birnäçe obalar (ýaşaýyşlar) degişli bolup, ol ýerde hepdelik bazar bolýar we kesgitlenen günlerde adamlar ol ýere (Afşana) şäherden çykyp mukaddes ýer hökmünde zyýarat edýärler‖ diýip belleýär.Ibn Sinanyň kakasy Abdallah ibn Hasan medeniýetli we özbaşdak adam bolupdyr. Buharada ol salgytlary ýygnaýjy wezipesinde işleýär. Özüniň gulluk borjy boýunça Afşana obasynda hem bolýar, ol ýerde öz maşgalasy üçin jaý gurýar we şol obadan bir gyza öýlenýär.

“Meniň kakam, – ibn Sina özüniň awtobiografiýasynda belleýär – Balh şäherinden. Ol ýerden Buhara şäherine Nuh ibn Mansuryň hökümdarlyk edýän döwründe gelýär we köşk diwanynda – konselýäriýa işleri bilen meşgul bolýar. Oňa hökümdar Buhara şäheriniň ýakasynda ýerleşen býulikler merkeziniň biri bolan Harmaýsam sebitini dolandyrmagy tabşyrýar. Afşana ýakyn ýerleşen obalaryň birinden meniň ejemi Sitarany gelin edip alýar.

Rus alymy Ý. N. Zawadowskiniň bellemegine görä Ibn Sina Merkezi Aziýanyň pars-dary dillerinde gürleýän awtohton ilatyna degişli hasaplanylýar. Haçan-da kiçijik Hüseýin bäş ýaşyna ýetende Buhara şäherine ýaşamaga göçýärler. Buharada kiçijik Hüseýini başlangyç musulman mekdebine okuwa berýärler. Ol ýerde kiçijik Hüseýin on ýaşyna çenli okaýar. Soňra ibn Sinany kakasy Gurhany we söz (slowesnyh) ylymlaryny öwrenmege berýär. Bu ýerde hem kiçijik Hüseýin özüniň ökdeligi, ýatkeşligi bilen tapawutlanýar.

Akyldaryň kakasy material taýdan baý bolýar we ogluna ýeterlik hemme taraplaýyn bilim bermek üçin çemeleşipdir (ymtylypdyr). Onuň 5-6 ýaşynda wagty dogany Mahmyt eneden dogulýar.

Kakasy Hüseýini hindi matematikasyny öwretmek üçin matematik lakamly Mahmyt Massohyň ýanyna (käbir maglumatlarda öýüne çagyrypdyr diýlip berilýär) iberipdir. Akyldara matematikany Abu Abdullah an-Natali hem öwredýär. Ysmaýyl Zahytdin bolsa fikhiň çylşyrymly, gümürtük düzgünlerini düşündiripdir. Ol kanunlary öwreniş ylymlaryny jikme – jik has anyk ele alypdyr we delilleri esaslandyrmak üçin logikanyň zerurlygyna göz ýetiripdir. Ýaşlykda öwrenilen kanun Hüseýine çekişme geçirmegiň dürli ugurlaryny (sungatyny), delilleri emele getirmäge (formirlemäge) hem-de ýalňyş zatlara düzediş girizmägi öwredipdir. Bu zatlar tä ömrüniň ahyrky günlerine çenli akyldara zerur bolupdyr.

Hüseýiniň ajaýyp ukyby ir döwürlerde (wagtlarda) ýüze çykarylýar. On ýaşdan soňra kakasy ibn Sinany mekdepden alýar we soňraky bilim almalar diňe öýlerine mugallym çagyrmak bilen geçirilýär. Ol has güýçli depginler bilen matematika, fizika, kanunöwreniş, logika, astronomiýa, filosofiýa, geografiýa we beýleki birnäçe ylymlary özleşdiripdir.

Maşgaladaky asuda we durnukly ýagdaý, ýaşajyk ynsana gün günden ösmäge we kämilleşmäge ýardam berýär. Ibn Sina ýaşlygyny Buhara şäherinde geçirýär. Buhara şol döwürde arap halyfatynyň paýtagty Bagdat şäheri bilen bäsleşipdir. Ol Gündogaryň iň bir iri medeni merkezi hasaplanypdyr. Ibn Sinanyň özi kakasynyň ynanan ysmaýylatlar sektasyna, olaryň geçiren birnäçe ýygnanyşyklaryna gatnaşan bolsa-da, olara degişli bolmaýar. Ysmaýylatlar yslamyň ortadoksal (sünnitler) sektasyna garşy durýan adamlar bolupdyrlar. Bu sekta VIII asyryň ortalaryna Bagdat şäherinde Ysmaýyl (VI şeýit ymamy Ysafar Sadygyň uly ogly) atly ynsanyň ady bilen beglanyşyklykda emele gelipdir.

Kiçijik Hüseýin çagalykdan bütin dünýäni tanamaga höweslenipdir (ymtylypdyr). Onuň ilkinji mugallymy an-Nataly bolýar. Beýik akyldar özünden öň ýaşap geçen beýik alymlaryň eserleri boýunça käbir predmetleri (dersleri) özleşdirýär, soňra Gurhany öwrenýär. Ondan soňra bolsa, akyldar dünýäniň syrlaryny açmaga ýardam beren beýik alymlaryň traktatlaryny öwrenmäge başlaýar. Olardan: horezmli Muhammet Musa al-Horezmi oňa hindi hasabyny – arifmetikanyň esaslaryny we deňlemeleri çözmegiň iki usulyny algebranyň esaslaryny öwredýär. Gadymy grek filosofy Porfiriý Tirli (b.e. öňki III asyr) Aristoteliň logikasy bilen tanyş edýär. Gadymy grek alymy we matematigi Ýewklid (b.e. öňki III asyr) – geometriýanyň gapysyny açýar. Gadymy grek alymy we matematigi Klawdiý Ptolomeý (b.e. II asyry) astronomiýa bilen tanyşdyrýar. Emma Abu Nasr al-Faraby bolsa akyldara uniwersal ylym bolan metafizikanyň we filosofiýanyň syrlaryny açyp görkezmege mümkinçilk döredýär.

Dürli bilimleriň syrlaryny ele almakda Hüseýin öz mugallymlaryndan has-da ökde (üstün) çykýar. Ol mugallymy Abu Abdallah an-Natali barada aşakdakyny ýazýar: -Men mugallymymdan logikanyň başlangyçlaryny öwrenenimden soňra, nähili sorag berse-de, onuň mazmunyna mugallymyň özünden oňat girýärdim (düşünýärdim). Soňra men logikany okamak bilen meşgullandym we bu ylmyň inçe syrlaryny özbaşdak anykladym. Şeýle-de Ýewklidiň “Başlangyçlary” boýunça 4-5 teoremany mugallymyň ýolbaşçylygynda, emma galanlaryny bolsa özbaşdak anykladym we ondaky kynçylyklary çözüşdürdim. Soňra biz Klawdiý Ptolomeýiň “Almagest” (kosmografiýa we astronomiýa boýunça traktat) kitabyny öwrenmäge girişdik. Haçan-da biz kitabyň giriş bölümini gutaryp (tamamlap) geometriki formulalara geçenimizde, an-Natali meni okatmaga güýçsüzdi (ukypsyzdy). Ol maňa “Özüň oka, teoremalary çöz, soňra meniň ýanyma gel we jemiňi maňa görkez, men saňa bilmedik zadyňy düşündirerin, näme dogry, näme-de dogry däl. Bu ýerde men mugallyma düşünmeýän birnäçe subutnamalaryny özbaşdak habar berdim. Emma mugallymyň özi köp zatlaryň manysyna meniň berýän maglumatlarymyň esasynda düşündi (öwrendi)” diýip belleýär.

Beýik akyldar 15 ýaşynda Gresiýanyň, Rimiň, Müsüriň, Hindistanyň we beýleki ýurtlaryň beýikleriniň lukmançylyk boýunça klassiki işlerini öwrenmäge başlaýar. Emma ol diňe bir teoretiki medisina bilen meşgullanmaýar we köp gezek amaly praktiki medisina degişli bolan işleri hem geçirýär. Bu barada Abu Aly ibn Sina: ―…Men şol wagtlar medisinany öwrenmek bilen meşgullanýardym, okan zatlarymy kesellerde gözegçilik etmek bilen doldurýardym, bu bolsa mende islendik keseli bejermegiň birnäçe usullaryny tapmagyma ýardam berdi. Bu zatlary bolsa şol döwrüň kitaplaryndan tapmak mümkin däldi‖ diýip belleýär. Käbir ylmy çeşmelerde ibn Sinanyň ýeretik lukmanlar bilen duşuşyklary barada ýatlanylýar. Bu ýerde olar adamlaryň we atlaryň jesedini kesip (açyp) öwrenýärler. Muny bolsa dürli organizmleriň meňzeşliklerini anyklamak üçin geçiripdirler.

Akyldar öz ýatlamalarynda: “Men görenlerime aňkamy aşyrdym. Men görenlerime haýran galdym… Bu maňa gorkuly… Men bir dini bozdum, emma men munuň üçin özümi näletlemeýärin. Men adamy (gurluşyny) öwrenmek üçin we diňe şonuň üçin bu işleri edýärin” diýip belleýär. Ol 16 ýaşynyň içinde teoretiki we praktiki medisinany doly, ýeterlik derejede öwrenýär we tiz wagtyň dowamynda diňe bir Buharanyň çäginde tanymal bolman, eýsem ondan daşarda hem uly meşhurlyga eýe bolýar. Ýaş alymyň ensiklopediki dünýägaraýyşy (duýgusy) akyldaryň diňe bir kämilliginiň we zehinliliginiň (talantynyň) netijesi bolman, eýsem onuň üstaşyr (artykmaç) dartgynly çeken zähmetleri bilen baglanyşyklydyr.

Akyldar öz biografiýasynda: “Men özümi kitaplary okamaga birýarym ýyla ýakyn wagty bagyş etdim. Şol wagtlar men gijelerine ýatmaýardym diýen ýaly. Gündizine hem ylymdan başga hiç bir zat bilen meşgullanmaýardym. Şular ýaly günleri, haçan-da dialektikany, fizikany we matematikany öwrenýänçäm dowam etdirdim. Bu ylymlary özleşdirmek adam üçin örän kyndyr. Soňra men Aristoteliň metafizikasyna ýüzlendim, emma men onuň mazmunyna 40 gezek okap çyksam hem düşünmedim, ýat tutdum” diýip belleýär. Emma bir gezek agşamara elmydama gelip gidýän Buharadaky kitap bazarynyň içinden geçip barýarkam kitap satyjy maňa kitaby satyn almagy haýyş etdi (hödürledi). Bu bolsa Abu Nasr al-Farabynyň Aristoteliň ―Metafizikasyna komentariýa kitaby bolup çykýar. Öýe gelip men bu kitaby okap çykdym we onuň kömegi bilen ýatdan bilýän zatlaryma oňat düşündim diýip belleýär.

Akyldaryň bu bellikleri bir tarapdan, ýaş alymyň öz isleýän maksadyna ýetmek üçin has durnuklydygyny, beýleki bir tarapdan Buhara şäheriniň ýokary medeniýetiniň bolandygyny görkezýär. Şol wagtlar Buhara şäheriniň kitap bazaryndan erkin ýagdaýda ajaýyp eser bolan Abu Nasr al-Farabynyň Aristoteliň “Metafizika” kitabynyň “komantariýasynyň” satyn alynmagy haýran galdyryjy hadysadyr.

Abu Aly ibn Sina 17 ýaşyna ýetende Gündogaryň ýene-de bir beýik akyldary Abu Reýhan al-Biruny bilen tanyş bolýar.

999-njy ýylda Buhara şäheri garahanlylar tarapyndan basylyp alynýar. Şonuň üçin hem beýik akyldar 1005-nji ýylda Buhara şäherini terk etmeli bolýar we ol ýerden gadymy Horezmiň paýtagty bolan Gürgenç şäherine gelýär. Bu ýerde şol wagtlar öz döwrüniň has tanymal (meşhur) alymlary ýaşapdyrlar. Olardan: taryhçy, matematik, astronom, geodeziýaçy Abu Reýhan Biruny, filosof, lukman we matematik Abul-Haýr Hammar we beýlekiler bolupdyrlar. Ibn Sinanyň bu alymlar bilen bilelikdäki işleri biliminiň soňraky artmagyna ýardam berýär. Akyldaryň Horezmde işlän ýyllary has-da önjeýli hasaplanylýar. Emma geliň biz ýene-de Buharada 999-1005-nji ýyllara gaýdyp geleliň. Beýik akyldar bu ýerden dessine gitmezliginiň sebäbini Buharada uruş zerarly köpsanly ýaraly-şikesli, kesel adamlaryň, ondan başga-da uruş bilen baglanyşykly jesetleriň köp bolmagy bilen düşündirmek bolar. Ol ýerde beýik akyldar medisinanyň anatomiýa ugry boýunça bilimleri kämilleşdirmek we ony ymykly ele almak üçin köp sanly işleri geçiripdir.

Abu Aly ibn Sina Gürgenç şäherine gelen dessine “Lukmançylyk ylmynyň kanunlary” we “Sagalma” kitabyny ýazmaga başlaýar. Bu traktatlar bolsa öz gezeginde akyldara mynasyp şöhratlara alyp gelýär. “Lukmançylyk ylmynyň kanunlary” kitabynyň birinji bölüminde anatomiýa degişli bolan bölüm bar. Bu bölümi akyldar özünden öň ýaşap geçen grek akyldarlary Gippokratdan we Galenden has düşnükli we aýdyň beýan edýär. Emma Galeniň anatomiýasy görnükli açyş hasaplanýardy. Bu kitap Ýewropa ýurtlarynda 1500 ýyldan gowrak peýdalanylýar. Emma beýik akyldara Galenden üstün çykmak nähili ýagdaýda başartdyka?

Ibn Sinany filosofiýadan we matematikadan okadan we bilim – ylym beren ynsanyň ady taryhda saklanyp galypdyr. Bu ynsan horezmli alym Abu Abdallah an-Nataly bolupdyr. Onuň Buhara şäherine gelenine entek köp wagt geçmän eken. Ol ysmaýylatlar sektasyna degişli bolupdyr. Abu Reýhan Biruny bu alym barada “Men Abu Abdallah al-Hüseýin ibn Ybarýym atTabary an-Natalynyň tebigatda durmuşyň mukdary baradaky maslahatlaryny okadym” diýip belleýär. Käbir çeşmeler Abu Abdallahyň medisina ylmy bilen meşgullanandygy barada maglumatlar berilýär. Ol bu ylmy şu ýaýlymdan iri hünärmen lukman we filosof Abul Faraj ibn at-Taýyb (1043 ýylda aradan çykan) bolandygy bellenilýär.

Okuw dowam etdirilýär we gysga wagtyň içinde Ibn Sina öz halypasyny köp ýerde çykalgasyz ýagdaýda galdyrýar.

Ýaşajyk Hüseýin Ýewklidiň “Başlangyçlar” kitabyndan mugallymynyň kömegi bilen bary ýogy dört-bäş teoremasyny bilelikde, emma galanlaryny özbaşdak öwrenýär.

Soňra beýik akyldar Klawdiý Ptolomeýiň “Almagest” kitabyny gysga wagtyň içinde ele alýar. Ondaky berilýän teoretiki maglumatlar kämillik bilen özleşdirýär.

Ýaş alym ylmy eserleri ýazmaga has ýaşlykdan başlaýar. Ol goňşusy Abul Hasan al-Arugynyň haýyşy boýunça “Ýygyndy” atly eserini ýazandygy barada özüniň awtobiografiýasynda belläp geçýär. Bu kitap matematikadan özge ähli ylymlary öz içine alypdyr. Bu wagt beýik alym ýigirme bir ýaşyna gidipdir.

Beýleki bir goňşusy asly horezmli, kanunçy Abu Bakr alBarkynyň haýyşy boýunça “Jem we netije” atly 20 kitapdan ybarat bolan eserini ýazýar. Şeýle-de oňa bagyşlap özüiniň etika degişli bolan “Minetdarlygyň we günäniň kitaby” atly eserini ýazýar.

Şu döwürde hem beýik akyldar meteoritleriň gaçmagy we olaryň düzümine degişli bolan birnäçe gözegçilikleri geçirýär. Ol bu ýerde Wenera we Merkuriý planetalarynyň Gün diskiniň üstünden geçişine gözegçilik edýär.

Samanitler (samanylar) döwleti şol döwürlerde özüniň iň soňky wagtlaryny başdan geçirýärdiler. Ol ilki bilen garahanlylar (garagoýunlylar), Bogra han tarapyndan, soňra bolsa Mahmyt Gaznaly tarapyndan basylyp alynýar. Şol wagt hem Ibn Sinanyň kakasy aradan çykýar.

Ol käbir sebäplere görä Buhara şäherini taşlap Gürgenç şäherine tarap gitmeli bolýar. Akyldar özüniň dogduk mekany bolan Buhara şäherine gaýdyp hiç haçan gelmeýär. Ol özüniň bütin ömrüni diýen ýaly şäherden şähere, bir feodalyň öýünden beýlekisine geçmek bilen sergezdanlykda bolýar. Ol Gürgenjiň, Hamadanyň, Abiwerdiň, Tusyň, Reýiň, Gürgeniň, Kazwiniň, ýenede Hamadanyň, Yspyhanyň hökümdarlarynyň köşklerinde bolýar. Ol bir ýerde wizir wezipesinde bolsa, beýleki bir ýerde zyndana taşlanýar, emma ol bir minut hem özüniň döredijilik işini bes etmeýär.

Abu Aly ibn Sina Horezme ýurduň has-da ösen döwürleri gelýär. Ony bu ýerde ýakun dostlary ruhy goldaw bilen garşy alýarlar. Horezmliler öz ýäşaýan ýerinde iň ýokary material we ruhy medeniýeti döretmegiň başarypdyrlar. IX asyrda ýaşan görnükli arap geografy Ahmet Ýakuby Gürgenç şäheri (Horezmiň merkezi) barada: “Ýagny, men dünýäde Horezmiň esasy (baş) şäheri ýaly baýlygyň görnüşleri we ilatyňmukdary boýunça uly hem-de şeýle asuda, durnukly, mylaýym halkly merkez bardyr öýdemok” diýip belleýär.

Ahmet ibn Aby Ýakub ibn Jafar ibn Wadih al-Katib alAbbasi al-Ýakuby arap taryhy edebiýatçylarynyň progmatik wekilleriniň ilkinjisi hasaplanylýar. Ol IX asyryň başlarynda, ýagny 820-830-njy ýyllarynda dogulýar we 897-nji ýylda aradan çykýar. Alymyň doglan ýeri dogrusynda taryhda hiç hili maglumat galmandyr. Emma onuň ýaşlygynyň esasy böleginiň Ermenistanda geçendigi bellenilýär. Kämillik ýaşlarynda Horasanda Tahyridleriň köşgünde gulluk edýär. Bu dinastiýa ýykylandan soňra Hindistana syýahat edýär. Ol ýerden Müsüre (Ýegipede) gelýär we ömrüniň ahyrky günlerine çenli şol ýerde galýar.

Ahmet Ýakuby tarapyndan taryha degişli “Taryh(Ta’rih)”, şeýle-de “Ýurtlaryň kitaby(Kitab al-buldun)” atly geografiki eserler ýazylýar. Ýurtlaryň kitaby 891-nji ýylda Müsürde ýazylyp gutarylýar. Geografiki eser özüniň mazmuny boýunça Ibn Hordadbegiň dolandyryş – geografiki maglumatnama eserine has ýakyndyr. Emma ondan tapawutlylykda Ahmet Ýakuby bu kitaba hut özüniň geçiren gözegçilikleriniň netijeleri hem girizilýär.

Ahmet Ýakubynyň bu iki eseri biziň günlerimize gelip ýetipdir we geçen asyryň ahyrlarynda “Kitap al-buldan golland arapşynasy M. de Guýeniň” “Bibliotheka geographorum arabicorum» seriýasyna girizilýar. Ol bolsa öz gezeginde seriýanyň 7-nji tomyny düzýär.

Horezmiň we onuň paýtagty Gürgenç şäheri özüniň ykdysady we medeni ösüşüni başyndan geçirýärdi.Horezm şasy Mamun II ibn Mamunyň (999 – 1017 ýý.) hökümdarlyk eden döwri Horezmiň iň gülläp ösen döwrüne gabat gelýär.

Mamun II köşgünde şol döwürde ady äleme meşhur bolan alymlar we filosoflar ýygnanypdyr. Olaryň arasynda genial horezmli alym – ensiklopediýaçy Aby Reýhan Biruny bolupdyr. Onuň eserleri astronomiýanyň problemalaryna, matematika, fizika, geografiýa, farmakognoziýa, taryha, etnografiýa, filologiýa degişli bolupdyr. Olaryň arasynda Birunynyň mugallymy we Ibn Sinanyň dosty hem-de mugallymy astronom we lukman Abu Sahl Isa ibn Ýahýa al-Masihi bar eken. Abu Aly ibn Sina al-Masiha özüniň burçlary ölçemek baradaky işini bagyş edýär. Olardan başga-da bu ýerde eginme –egin goldaw berip işlän we ýaşan lukman Abul Haýyr ibn al-Hammar, Abu Reýhan Birunyň halypasy we mugallymy, ýaşlykdan ganatynyň aşagynda saklan görnükli alym, Horezm şasynyň ýegeni Abu Nasr ibn Yrak we beýleler bolupdyr.

Öz döwrüniň tanymal filosoflary we lukmanlary bilen tanyş bolmak ibn Sinanyň çalt gülläp ösmegine we kämilleşmegine görnükli täsir edýär. Abu Aly ibn Sinanyň iki ensiklopediki işleri bolan “Lukmancylyk ylmynyň kanunlary (Al-Kanun fitt – tibb)” we “Sagalmagyň kitaby” atly eserleriniň esaslary, elbet-de Horezmde -Gürgenç şäherinde goýulýar.

Özünden birnäçe ýaş uly bolan Biruny bilen ibn Sinany diňe dürli taraply ylmy gyzyklanmalar baglanyşdyrýardy. Taryhy maglumatlardan belli bolşy ýaly bu iki dünýä belli ynsanlar bir -biriniň ylmy eserlerini dolduryp üstüni goşup durypdyrlar. Eger-de
Abu Reýhan Biruny astronomiýa, fizika, geologiýa, matematika, geodeziýa ylymlary boýunça gyzyklanýan bolsa ibn Sina has köpräk filosofiýa, psihologiýa we medisina ýaly ylymlar bilen meşgullanypdyr.

Abu Aly ibn Sina özüniň ylmy eserleri bilen filosof –mistik alymy Abu Seýit Meýheni (Mäneli) bilen hem arabaglanyşykly bolýar. Ol Nişapurdaky we Horosanyň oňa ýakyn şäherleriniň sufy mekdepleriniň baştutany bolýar. Ol musulman äleminde ady belli ägirtler hökmünde tanalypdyr. Olaryň alşan hatlary biziň günlerimize çenli 10 hat görnüşinde saklanyp galypdyr. Abu Seýit mäneli Abu Aly ibn Sinadan käbir ylmy soraglara jogap bermegi soraýar. Beýik akyldar hem edil şolar ýaly 10 soraga ylmy esasda jogap berýär.

Ibn Sinanyň Gürgençdäki öndürijilikli işleri, 1012-nji ýylda soltan Mahmyt Gaznalynyň gatyşmagy bilen arasy üzülýär. Ol Horezm şasyna hat ýazýar. Bu hatda köşkde gulluk edýän dünýä ady belli alymlaryň ählisiniň Gürgençden Gazna şäherine ýollanmagyny talap edipdir.
Mahmyt Gaznalydan çekinýän Mamun II alymlara gelen hatyň mazmuny bilen tanyş edýär we bu meseläni her bir alymyň özüniň çözmegini duýdurýar. Alymlaryň köpsanlysy hat bilen ylalaşmak bilen Gazna şäherine ugraýarlar. Emma Abu Aly ibn Sina bilen bilelikde käbir alymlar bu hat bilen ylalaşmaýarlar.

Ibn Sina soltan Mahmyt Gaznalynyň müňkür bolan çakylygyna ynanmaýar. Özüiniň dosty Abu Sahl Masihi bilen bilelikde, gizlin ýagdaýda derwişleriň eşigini geýip gije Garagum çölüniň içi bilen Eýrana gaçýarlar. Ýolda olary tupan gaplaýar, çägeli tüweleý olaryň ýolbelediniň (prowodniginiň) azaşmagyna getirýär. Suwsuzlyk we açlyk Abu Sahl Masihiniň ýolda aradan çykmagyna sebäp bolýar. Nişapura gelenlerinden soň bolsa, ibn Sina bu şäherde galmakçy bolýar, emma onuň bu ýerde hem yzarlanýandygyny duýup, bu ýerden Gürgen (Jurjan) şäherine gaçmaga mejbur bolýar. Soltan Mahmyt Gaznaly ibn Sinanyň gaçandygyny eşidip ähli ýere akyldaryň portretini iberýär.

Gürgen şäherinde Ibn Sina ömrüniň ahyryna çenli hyzmat eden okuwçysy, dosdy, ömrüniň galan 25 ýylynyň dowamynda ähli işlerde diýen ýaly goldaw beren Abu Ubeýda al-Juzjany bilen tanyş bolýar.

M. Asymow we M. Dinorşaýewiň Abu Aly ibn Sinanyň Gürgençden has irräk döwürde gaýtmagynyň esasy sebäplerinin biri hökmünde 1013-nji ýylda (33 ýaşynda) Mamun II-niň weziri Abul Hasan Sähläni wezipesinden boşadylmagy, şonuň ýaly-da alMamun bilen Horezmiň tanymal (barly) adamlarynyň arasynda ýaramaz gatnaşyklaryň döremegi bilen düşündirmek isleýärler. Bu bolsa biziň pikirimizçe ynandyryjy delil däldir. Muny bolsa AlMamun II-niň hökümdarlyk eden döwrüniň soňky günlerine çenli, onuň ýanynda ilkinji maslahatçy we weziri wezipesinde işlän Gündogaryň beýik akyldary Abu Reýhan Biruny (973 – 148 ýý.) bolupdyr. Galyberse-de Birunyň halypasy we mugallymy Abu Nasr ibn Yrak (952 -954 ýý.) hem köşkde ynamly we täsirli adam hasaplanypdyr. Olar bolsa Abu Aly ibn Sina gowy garapdyrlar we hormatlapdyrlar.

Beýik akyldar Gürgende ýaşan döwründe örän önjeýli ýagdaýda ylmy işleri ýazypdyr. Bu ýerde ibn Sina Abu Muhammet (Mahmut) Şirazy diýen ylma diýseň hormat goýýan adam bilen tanyşypdyr. Ol akyldaryň ylmyna – bilimine, akyl-paýhasyna uly hormat goýupdyr. Şonuň üçin hem ol beýik lukmanyň ýaşamagy we işlemegi üçin jaý satyn alyp (gurup) beripdir. Satyn alnan (gurlan) jaý Şirazynyň goňşusy bolupdyr. Olar bu ýerde ýygy –ýygydan duşuşyp ylmyň köp meseleleri boýunça pikir hem alşypdyrlar. Şirazy Abu Aly ibn Sinanyň ýanyna gelip gadymy grek alymlarynyň köp sanlysyny öwrenipdir. Olardan: Klawdiý Ptolomeýiň “Almagesti”, Strabonuň “Geografiýa” eserlerini bellemek bolar. Akyldar agzalan kitaplary ýygnananlara gaty ses bilen okap berýär eken.

Okuwçysy Abu Ubeýda Juzjanynyň berýän maglumatlaryna görä, Gürgende (Jurjanda) akyldar köpsanly kitaplary ýazypdyr. Ol kosmologiýa we eshatologiýa degişli kitaplary ýazýar. Öz gözegçilikleriniň netijesinde astronomiki gözegçilikleriň kitabyny toplaýar. Abu Aly ibn Sina özüniň saldamly eseri “Lukmançylyk ylmynyň kanunlarynyň” birinji bölüminiň Klawdiý Ptolomeýiň “Almagestine” komentiriýsini (düşündirişini) şol ýerde ýazýar. Gürgende beýleki ylmy traktatlaryň ençemesini ýazypdyr. Abu Ubeýda Juzjanynyň
şaýatlyk edýän maglumatlaryna görä beýik akyldar öz ýazan kitaplarynyň katalogyny hem düzýär. Bu ýerde ol 46 eser ýazypdyr. Olaryň sanawy bolsa, akyldaryň ―Ömür ýazgysy kitabynda ýerleşdirilipdir. Beýik alymyň “Kitab al-Awsat fil mantyk” – “Logika boýunça orta kitaby” hem Gürgen şäherinde ýazylypdyr.

Emma berilýän maglumatlara görä beýik akyldar Gürgenden hem gaçmaly bolýar. Onuň sebäbi bolsa, Mahmyt Gaznaly akyldary bu ýerde hem yzarlamagyny döwam etdiripdir. Abu Aly ibn Sina bu ýerden Reý (Tähran) şäherine gelýär. Reý şäheri şol döwürlerde (X –XI asyrlarda) Eýranyň ylmy merkezleriniň biri hasaplanypdyr. Bu ýerde Abu Mahmut Hamid al-Hojendi özüniň dünýä belli sektantyny ýasandygy, bu guraly beýik akyldar Abu Reýhan Birunynyň görendigi baradaky maglumatlary, elbet-de Abu Aly ibn Sina bilýän bolsa gerek. Bu şäherde Abu Reýhan Biruny 997 – 1000 –nji ýyllarda bolýar.

Bu şäherde beýik lukmanyň ünsüni başga bir, akyldar üçin örän gymmatly hem zerur zat özüne çekipdir. Reýde öz döwrüniň ullakan keselhanasy bar eken. Bir wagtlar onda meşhur Abu Bekr Muhammet Zakiriýa ar-Razy (865-925 ýý.) Günbatarda Razes ady bilen tanalýan beýik alym (akyldar) işläpdir. Olardan başga-da Reý şäherinde öz döwründe dünýä belli iki sany ajaýyp kitaphana hakynda-da gowy pikirler saklanypdyr. Polýak alymy A. Mesiň maglumatlary boýunça, kitaphanalaryň birindäki edebiýatlaryň sanawy on müňden hem geçýär eken.

Reý şäherinde kitaphanalaryň peýda bolmagynda, ol ýerde ylmyň we medeniýetiň özmeginde buitleriň imperiýasynda wezir bolup işlän Ibn Apbadyň (Apbasynyň) hyzmaty uly bolupdyr. Ol edebiýaty diýseň oňat görüpdir, şonuň üçin kitaphanany alMamunyň atasy, Bagdatda “Akyldarlar öýüni” esaslandyran halif ar-Reşit (Raşyt) bilen deňeşdiripdirler. Ibn Apbasyny din ugrundan hiç zat bilenok diýip aýtsalar-da, ol filosofiýa ylymlaryna, tehnika, medisina, astronomiýa, saza, logika, hem matematika söýgi, yhlas bilen seredipdir. Ol medisinadan ylmy traktat hem ýazypdyr diýlen maglumatlar hem bar.

Şol döwürler Reýiň hökümdary Mejit ad-Daula (Mej adDaula) bolupdyr. Ol ýurdy ejesi Saýyda bilen bilelikde dolandyrýär eken. Ýaş hökümdar şol mahal melanholiýa keselinden ejir çekýär eken. Akyldar onu bu keselden halas edipdir. Emma esasy maksady ylym bolany üçin traktat ýazmagyny dowam etdiripdir. Ol bu ýerde “Eshatologiýa” atly traktatyny ýazypdyr.

Abu Aly ibn Sina bu ýerde hem uzak wagt saklanyp bilmän, 1015-nji ýylda Hemedana gelýär. Şol wagtlar Hemedanyň hökümdary Şams ad-Dawul (Daula) bolupdyr (“Dawul” sözi arapçadan häkimýet diýen manyny berýär). Alymlaryň pikirine görä beýik akyldar Hemedan şäherinde 7-8 ýyl, ýagny 1023-nji ýyla çenli ýaşan bolmaly. Görnükli rus alymy akademik W. W. Bartold şol wagtky Hemedan barada gymmatly maglumatlary berýär. Bu şäher Merkezi Eýranda ýerleşipdir. Ol Alwant gerşiniň günortasyndaky ekerançylyga örän ýaramly jülgede ýerleşipdir. Ol ýeriň arassa howasy bolup, gyşyna sowuk eken, çeşmeleriniň suwy oňat hasaplanypdyr. Owadan ýerlerinden “Babal Asadyny” (ýolbarslaryň derwezesi) bellemek bolar. Bu derweze Reýe gidýän ýoluň ugrunda ýerleşipdir. Onuň sütünlerinde ýolbarslaryň daşdan çekilen şekilleri bar eken. Ilaty we baýlygy boýunça Reýden pesde durýar eken. Bu şäher iri medeni ojak hasaplamandyr, emma şeýle-de bolsa ol iri wajyp sebt hasaplanypdyr.

Reýde bolşy ýaly Hemedanda hem akyldar emiri içagyry (kolit) keselinden bejeripdir. Ol 40 günläp köşkde bolup, Şams Dawuly bejeripdir, uly sylag-serpaýa mynasyp bolupdyr. Bu ýagdaýdan soňra, akyldar wezirlik wezipesine bellenilipdir.

1017-nji ýylda Horezm sebitleri Mahmyt Gaznaly tarapyndan eýelenilýär. Bu ýerden beýik akyldar Garagum çölüniň içi bilen häzirki Türkmenistanyň serhedinde ýerleşen Abiwerd şäherine gelýärler. Onuň ýoldaşy mugallymy we dosty Abu Sahl Masihi ýolda çölden geçmekde belli kynçylyklara sezewar bolup ýolda aradan çykýar. Käbir wagtdan soňra Nisa şäherine (Aşgabat şäheriniň daşda bolmadyk) gelýär. Bu ýerde käbir maglumatlara görä iki ýyla ýakyn ýaşaýar. Ondan Dehistan şäherine geçýär. Bu ýerde akyldaryň saglygy ýaramazlaşýar we şol ýerden hem inisi Mahmyt bilen Neýsapur (Eýranyň häzirki Nişapur şäheri) şäherine geçýärler. Bir azrak wagtdan soňra ol ýerden hem Gürgen şäherine geçýärler.

Ýat ýerlerde beýik akyldar köp artykmaçlyklardan mahrum bolýar. Emma muňa seretmezden baran hemme ýerlerinde özüniň
ylmy we praktiki işlerini üstünlikli dowam etdirýär. Täzeden-täze kitaplary ýazýar, keselleri bejerýär we köpsanly okuwçylary bilen
meşgullanýar.

Abu Aly Ibn Sina baradaky maglumatlar Jurjanyň hökümdary Kubus ibn Wuşmagire gelip ýetýär. Onuň ýegeni (племяниги) kesel bolýar. Akyldar köşge çagyrylýan we dessine keseli bejerýär. Aýtmaklaryna görä Kobus ibn Waşmgiriň ýegeni söýgi malenholiýasy bilen kesellän bolýar. Ol iýmek-içmekden ýüz öwürýär we ýatmakdan (ykydan) hem galyp, örän haldan gaçan bolýar. Ol özüniň näme üçin beýle horlanýandygyny hiç kime aýtmaýar. Onuň söýeni ýönekeýje senetçiniň gyzy bolýar. Hökümdar öz köşgüne köp sanly lukmanlary çagyrýar. Olaryň hiç birisi (haýsy) hem keseliň asyl syryny açyp bilmeýär. Şoňa laýyklykda hem keseli bejerip bilmeýärler. Ibn Sina kesele seretmek bilen, hassanyň (keseliň) ýagdaýy erbet hem bolsa, onuň organizminde hiç hili üýtgeşikligiň ýoklugyny anyklaýar. Ol keseliň düýp sebäbini başga ýerden gözlemelidigine dessine düşünýär. Soňra beýik akyldar Jurjan şäheriniň köçelerini we ýaşaýjylaryny oňat bilýän adamyny şu ýere çagyrmagy hökümdardan haýyş edýär. Ibn Sina bolsa hassanyň elinden tutup, damarda ýüregiň uruş pulsuny barlaýar. Haçan-da Jurjandaky köçeleriň atlary sanalyp ugranda, bir köçe aýdylanda ýüregiň
urmagy belli derejede ýokarlanýar. Şol wagt bilgire (sanaýana) şu köçede saklanmagy haýyş edýär we şu köçede ýerleşýän öý
eýeleriniň atlaryny sanap başlaýar. Bir öýüň eýesini aýdanda hassa biýynjalykdan gaçyp başlaýar we ýüregiň uruş tizligi ýene-de
üýtgeýär. Kesel şu ýerde hem özünden gidip çaşýar (ýykylýar). Beýik akyldar agzalan öý eýesiniň gyzyny oglana alyp bermelidigini, oglanyň bu gyza aşyk bolandygyny duýdurýar. Muňa minnetdarlyk edip akyldara Jurjanda ýaşamaga galmak üçin
jaý berýär we keselleri bejermek bilen meşgullanmaga rugsat berýär. Abu Aly ibn Sina şular ýaly köpsanly psihikasy bozulan hassalar bilen baglanyşykly bejergi işlerini alyp barmak hem miýesser edipdir.

Beýik akyldar Kubusyň penakärliginden peýdalanyp giň ylmy we praktiki işlerini ýola goýýar. Gysga döwrüň içinde köp sanly filosofiki we medisina eserlerini ýazýar, köp sanly okuwçylar taýýarlanylýar. Jurjanda köşk gozgalaňy turýar we hökümdar Kobus öldürilýär. Şäheriň hökümdary Kobusyň ogly bolýar. Ol bolsa ibn Sinanyň ýigrenýän eken. Ol akyldaryň şäherden gitmegini soraýar. Garşy bolan ýagdaýynda ony Mahmyt Gaznala bermege söz berýär. Bu wakadan soňra Ibn Sinanyň dünýäniň dürli künjeklerine sergezdançyk döwri başlanýar. Käbir wagtlap Mazenderan şäherinde bolandan soňra, Ibn Sina Reý şäherine gelýär. Bu şäher şol döwürde senetçilik we söwda taýdan ösen adminstratiw merkezleriniň biri bolýar. Ol ýerde köp sanly alymlar, filosoflar, şahyrlar we lukmanlar ýaşapdyr. Ibn Sina bu ýerde köşk gullukçysy wezipesine kabul edilýär. Akyldar Reý şäherinden Hemedana gelýär. Bu şäherde akyldaryň kanuny
ylymlaryň bilgiri (знатогы) we döwlet gurluşlarynda tejribesiniň barlygy üçin şäheriň hökümdary Şams ad-Dawla (Dawlýa) özüniň
weziri edip belleýär.

Şams ad-Dawla aradan çykandan soňra beýik akyldar wezirlik wezipesinden aýrylýar we diňe ylym bilen maşgullanmaga başlaýar. Ibn Sina bu ýerde özüniň meşhur “Medisinanyň kanunlaryny” we filosofiki traktaty bolan “Sagalmagyň (gutulmagyň) kitabyny” ýazyp gutarýar.

Hemedanda bolan ýyllarynda gündizlerine döwlet işleri bilen gümra bolan akyldar, öz okuwçylary bilen hem köplenç agşamlaryna, kä günler bolsa gijelerine meşgul bolupdyr. Ömrüniň soňky 25 ýylynyň dowamynda Abu Ubeýd Juzjanydan başga Bahmanýar ibn Marzban, Ibn Zaýla, Abu Abdylla Masumy ýaly okuwçylar beýik akyldaryň hemişelik ýoldaşlary bolupdyrlar. Olar öz mugallymy bilen pikir alyşýar ekenler, ylmyň dürli ugurlary boýunça jedelleri gurnapdyrlar, zerur bolan ýagdaýlarda beýik akyldar olara traktat ýazmaga hem kömek beripdir.

Abu Aly ibn Sina 1023-nji ýylda okuwçysy Juzjanyny, dogany Mahmydy we iki sany hyzmatkärini ýanlaryna alyp Hamadandan Yspyhan şäherine ýola rowana bolýarlar. Yspyhanda akyldary we onuň ýoldaşlaryny oňat garşy alýarlar. Yspyhanyň
derwezesiniň öňünde alymy dostlary, emir Alawut Dawulyň töwereginde gulluk edýänler we köşk emeldarlary garşylaýarlar. Oňa egin-eşik, münülýän atlary sowgat beripdirler. Akyldary “Kanun-Günbat” kwartalynda Abdulla Ibn Babiniň ýaşaýan öýüniň gapdalynda ýerleşdiripdirler. Bu ýerde beýik alyma gerek boljak öý goşlary we halylar bar eken.

Abu Ubeýda Juzjanynyň berýän maglumatlaryna görä Abu Aly ibn Sina Yspyhana gelen badyna ―Sagalma‖ kitabyny tamamlamaga girmändir-de, “Logika” bilen “Almagesti” tamamlapdyr. Ol “Almageste” dürli görnüşdäki figuralaryň on sanysyny girizipdir.

Ibn Sinanyň filosof hökmünde kema gelmegi elbetde, Buhara we Gürgenç şäherlerinde bolan döwürleri hasaplanylýar. Akyldar bu şäherlerden soňra şäherden şähere, elmydama ýolda sergezdan bolmagy käbir otrisatel täsirleri ýetirýär. Buhara we Gürgenç säherlerinde amatly işlemek üçin oňaýly şertler döredipdir. Bu ýerlerde dünýä belli kitaphanalar bolup, olarda bolsa Gresiýanyň we Rimiň alymlarynyň nusgalyk işleri saklanylypdyr. Kitaphanada saklanylýan işleriň arasynda Geraklikden başlap Aristotelde gutaryp, Gippokrat we Galeniň işleri arap diline terjimeleri bolupdyr. Şol döwürler eýýäm gadymy döwrüň alymlarynyň ähli eserleri diýen ýaly arap diline terjime edilip gutarlypdyr.Abu Aly ibn Sinanyň Gürgen we Reýden soňky gelip düşen Hamadan we Yspyhan şäherlerinde bolan döwürleri akyldaryň önjeýli ylmy işler bilen meşgullanmagyna mümkinçilik berýär. Oňa buid hökümdary Şams al-Daula (997 – 1021 ýý.) amatly şertleri döredýär. Akyldar bu ýerde weziriň (ministriň) wezipesine bellenilýär we onuň döwlet işleri bilen meşgullanmaly bolýar. Bu bolsa akyldaryň heläkçiligi uçramagyna sebäp bolýar. Hökümdaryň goşuny köp wagtlaryň dowamynda hak almanlygy üçin Ibn Sinany günäkärleýärler we gozgolaň tutuzýarlar. Netijede akyldaryň öýi talanýar, köp sanly kitaplary oda ýakylýar. Ony öldürmekçi bolýarlar, emma Hamadanyň Abu Aly ibn Sinany gozgalaňçylara bermeýär we wizirlikden boşadýar. Beýik alym 40 günüň dowamynda ýat ýerlerde gizlenmeli (bukulmaly) bolýar.Akyldaryň höküdaryň agyr kesel bilen kesellemegi zerarly ýene-de gözläp tapýarlar we gaýtadan wizir wezipesine bellenilýär.

Birnäçe wagtdan soňra Abu Aly ibn Sina Hamadan şäherini taşlap Yspyhana gitmeli bolýar. Bu ýerde akyldary alymlar we
ilaty oňat garşy alýarlar.

Akyldar özüniň galan 13 ýylyny Yspyhan şäherinde geçirýär. Bu ýerde Ibn Sina özüni diňe ylmy işe bagyş edýär. Beýik alymyň bu ýerde ylmy işler bilen meşgullanmagyna ähli şertler döredilýär.

Abu Aly ibn Sinanyň şu günki güne çenli doly işleriniň sanawy belli däldir. Şu sorag boýunça birnäçe işleri geçiren eýranly alym Seýid Nafasy onuň 300-e ýakyn ylmy işleri ýazypdyr diýen netijä gelýär. Işleriň sanawy ylymlaryň dürli ugurlaryndan bolmagy alymlary haýran galdyrýar. Akyldaryň käbir işleri köp tomlydyr. Olara mysal hökmünde ―Jem we netijeler‖ kitaby – 20 kitapdan, “Sagalmak kitaby” – 18, “Adalatlylygyň kitaby” – 20, “Arap diliniň kitaby” – 10 kitapdan ybarat.

Beýik alymyň işleriniň hemmesi diýen ýaly arapçadan dünýäniň beýleki dillerine terjime edilýar. Ýewropada XV asyrda
kitap çap etmegiň usuly oýlanyp tapylan badyna Bibliýadan soňra, ilkinjileriň hatarynda alymyň bäş tomluk “Lukmançylyk ylmynyň
kanunlary” çapdan çykýar.

Köp ýyllaryň ýadawsyz zähmetiniň netijesinde Ibn Sinanyň “Logika boýunça ortaça gysgaltmalar”, biraz soňrak “Gözegçilikleriň toplumy” we filosofiýa boýunça “Ýüze çykmak we gaýdyp gelmek” kitabyny ýazýar. Ol özüniň esasy we baş kitaby bolan “Lukmancylyk ylmynyň kanunlary” atly eserini ýazmaga başlaýar.

Günler geçip dur. 1012-nji ýylda daňdan ir bilen turup iýipiçenden soňra “Lukmancylyk ylmynyň kanunlary” atly işini ýazyp başlaýar. Gündizine öz okuwçylaryny okadýar we hassalary bejerýär. Agşamlaryna bolsa duşuşyklar we gürrüňdeşlikler geçirýär. Agşam ýene-de kitabyny ýazýar. Şu tertipde Ibn Sina durmuşda ýaşamagyny dowam etdirýär.

Ibn Sina dürli görnüşli operasiýalary geçiripdir. Ol aýratyn hem: çykyklary dogrulamak, aýagyň we eliň egriligini düzetmek, siýdik haltadan daş aýyrmak ýaly birnäçe operasiýalary geçirýär. Göz operasiýalaryna ol aýratynda guwanýardy: “Men göz barada hökman “Kanunda” ýazgy bermelidirin – diýip, ol gündizki sapakda okuwçylaryna gürrüň berýär, – her bir lukman şu operasiýany geçirmegi öwrenmelidir” diýýär.

Agşamlaryna Ibn Sina “Kanuny” ýazmagy dowam etdirse Jüzjany bolsa göçüripdir. Ibn Sina bir wagtyň özünde birnäçe kitaby ýazmagy başarypdyr. Ol bir gezek Jüzjanydan Aristoteliň kitaplaryna özüniň düşündirişini ýazmagy ýa-da okap bermegini soraýar. “Sen görýärmiň, men boş däl. Men bir kitaby ýazmagy ýüregime düwdim, bu kitap biziň hemmämize peýdalydyr. Men özümiň bilýän zatlarymyň hemmesini şu kitapda ýerleşdirmäge çalşaryn. Şol ýerde meniň beýik grek alymy Aristotele bolan garaýşym beýan ediler” diýip jogap berýär. Bu kitap “Kitab-uş-şifi” diýlip atlandyrylyp – türkmen diline “Ruhuň abatlanyş kitaby
(Kitab aş-şifa)” ady bilen terjime edilýär.

Ibn Sina özüniň “Abatlanyş kitabyny” 17 jiltden ybarat bolar diýip hasaplaýar. Şol döwrüň: geologiýa, geofizika, meteorologiýa, fizika we optika, alhimiýa, botanika, zoologiýa ylymlarynyň gazananlaryny şu kitaba girizmek isleýär. Beýik alym matematika ylmynyň we sazyň nazaryýetiniň ýeten derejesini bolsa aýratyn eserde seretmegi ýüregine düwýär.

Abu Aly daňdan Gün çykmanka ukudan turup “Abatlanyş kitabynyň” iň bolmanda iki sahypasyny ýazypdyr. Gündizine bolsa ýene-de öňükisi ýaly okuwçylary kabul edipdir. Onuň öýüniň öňündäki kiçijik meýdança elmydama adamdan doly bolupdyr. Bu ýere tanymal baý adamlar, köpräk garyp daýhanlar, senetçiler we söwdegärler gelipdirler. Olaryň aglabasy kesel bolup, döwrüň beýik lukmany Abu Aly Ibn Sinanyň elinden sagalmaga garaşýan ynsanlardy. Bejermek üçin däri-dermanlaryň her birini alymyň özi dermanlyk otlardan, däne tohumlaryndan we şepbikden ýasapdyr.

“Abatlanyş kitaby” esasan dört bölekden ybarat. Olar aşakdaky ýaly tertipde berilýär: – I) logika, II) tebigy ylymlar (fizika, biologiýa, psihologiýa), III) matematika ylymlar (geometriýa, astronomoýa, sanlaryň we sazyň nazaryýeti), IV) metafizika – hemmesi bilelikde 18 sany kitapdan ybarat bolýar.

Medisina bilimleriniň toplumyny bir eserde bermäge Ibn Sinadan ozal hem synanyşanlar köp bolupdyr. Olaryň arasynda has irkiräk zamanlarda işlänlerem, Ibn Sinanyň döwürdeşlerinem ýatlamak bolar. Wizantiýa imperiýasynda 326-402-nji ýyllarda ýaşap geçen görnükli lukman Oribaziý şol hili adamlardan bolupdyr. Ol özüniň “Sinopsis” atly ýygyndysyny ýazypdyr.

X asyrda Bagdatda keselhana açylýar, oňa ýolbaşçylyk eden Aly Ibn Apbas (990-njy ýa-da 994-nji ýylda aradan çykan) “al-Kitap al-Meliki” – “Tebipçilik sungaty hakynda mertebeli kitap” atly eserini döredipdir. Abu Bekr ar-Razynyň ýazan 30 (käbir maglumatlarda 20) tomluk “al-Kitap al-Hawi” – “Hemme zady öz içine alýan kitaby” welin, ―Kanunyň‖ öň ýanyndaky iň uly eser hasap edilýär. Bu kitaplary bir ýerden beýleki ýere äkitjek bolsa bir düýe ýüki gerek bolupdyr. Bu ylmy işde Gippokrat, Galen, Oribaziý we Pawel Eginskiý ýaly medisina ylmyna hem amalyýetine köp goşant goşan akyldarlaryň maglumatlary hem-de ar-Razynyň öz barlaglarynyň netijeleri ýerleşdirilipdir.
Ýokarda görkezilen kitaplaryň hersi öz döwri üçin uly üstünlik bolan bolsa-da, olarda kemçilik hem ýetmezçilik hem bardy. Abu Bekr ar-Razynyň kitaby has uly göwrümli bolmak bilen, ol käbir kemçiliklerini hem alypdyr. Emma “Kanunyň” döremeginde olaryň-da uly ähmiýeti bolupdyr. Ibn Sina Galen bilen ar-Razynyň işlerindäki kemçilikleri düzetmegi öz öňünde wezipe edip goýdy we üstünlik bilen onuň hötdesinden gelipdir.

“”Kanun” doly we bir wagtyň özünde-de gysga” diýip B. D. Petrow ―Abu Aly Ibn Sina beýik Merkezi Aziýanyň alymy “ensiklopediýaçysy” diýip belleýär. Ibn Sina “”Kanuny” döredeiji” diýip öz makalasynda belleýär.

Muňa seretmezden arap ýurtlarynda Abu Aly Ibn Sinany öwrenýän, onuň täsirinde işleýän alymlar sanardan köp. Olaryň arasynda Abdyrahman Badawyny, Anis Mansury, Apbas Mahmyt Akkody we beýlekileri görkezmek bolar.Beýik akyldar ömrüniň ahyrky ýyllarynda syýahatda bolan wagtynda aşgazan (želtuha) keseli bilen keselleýär. Bu kesel güýçli narkotiki serişde bilen saklanylýar. Bu bolsa Ibn Sinanyň zordan diri galmagyna sebäp bolýar, keselden doly açylmaýar. Ol şu keselden hem aradan çykýar.



Beýik mugallym, danalaryň danasy Gündogaryň iň beýik ýyldyzy Abu Aly Ibn Sina 1037-nji ýylyň iýun aýynyň 18-nde
aradan çykýar. Eger onuň adyny bu gün lukmana aýtsaň, onda ol bu beýik lukman diýip jogap berer. Matematikler: “ol beýik astronom we matemati”, emma, geologlar “ol tebigy ylymlaryndan, aýratyn-da geologiýadan teoretik alym” diýip jogap bererler. Şeýle-de Ibn
Sina öz döwrüniň beýik sazandasy, edebiýatçysy we şahyry hasaplanypdyr. Bu beýik ynsanyň doly ady Abu Aly Hüseýin ibnAbdyllah ibn-Hasan ibn-Aly ibn-Sinadyr.

Ondan bäri iki ýüz, dört ýüz we ýedi ýüz, takmynan müň ýyl geçdi. Emma häzirem bu ýerlerden Bagdada barýan syýahatçy:
“Bu ýerde kim jaýlanan?” diýip sorasa, şol ýerli adamlar ýuwaşlyk bilen: “Bu Abu Aly Ibn Sinanyň – Beýik Lukmanyň, Beýik
ynsanyň mazary” diýip jogap berýärler.

Çeşme: “ABU ALY IBN SINANYŇ ÖMRI WE YLMY MIRASY” kitaby (MYRAT ALLAKOW)
0 лайков 235 просмотров
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.