Rahmet Gylyjow

Rahmet Gylyjowyň ömri we döredijiligi
Rahmet Gylyjow asyl hünäri boýunça arap dili mugallymy. Ol 1996-njy ýylda Döwletmämmet Azady adyndaky Türk- men milli dünýä dilleri institutynyň Gündogar dilleri fakultetiniň arap dili bölümini tamamlady. Talyplyk döwründe Kuweýt döwlet uniwersitetiniň Diller merkeziniň ýokary kursunda tejribe geçmegi,
onuň arap dilini doly özleşdirmegine giň ýol açdy. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil we edebiýat institutynyň Magtymgulyny öwreniş bölüminde sowatly edebiýatçy we dilçi alymlaryň, halypalaryň ýanynda işläp, ylmy gözlegler bilen meşgullandy. Milli golýazmalar institutynda nusgawy hem-de orta asyr edebiýatynyň altyn eserleri bilen tanşyp, ol ýerde türkmen halkynyň edebi we ylmy mirasyna, buýsançly taryhyna degişli arap dilinde ýazylan köpsanly eserleri türkmen diline terjime etdi. Şol eserleriň agramly böleginiň dünýä ylmynda meşhurdygyna garamazdan, heniz türkmen ylmy wekilleri üçin täzelikdi.
Döredijilik dünýäsindäki ilkinji ädimlerine heniz kiçi ýaşly mekdep okuwçysyka başlan awtoryň ylmy we edebi döredijiligi bilen ýakyndan tanşan okyjylar onuň öz ýazýan ýa-da terjime edýän eserlerinde arassa ahlak gymmatlyklaryna, şahsyýeti kämilleşdirmegiň ýollaryna, türkmen halkynyň buýsançly taryhyna, watansöýüjilige
dahylly ugurlara aýratyn üns berilýändigini kesgitländirler.Zehinli žurnalist, terjimeçi Rahmet Gylyjowyň dürli ýyllarda terjime eden we metbugat sahypalarynda yzygiderli çap edilen eserleriniň birnäçesi girizildi.
Her terjime edilen kitap özboluşly bir mekdep. Terjimeçiniň döredijilik gorunda bolsa şeýle eserleriň sany onlarça. Ynha, Rahmet Gylyjowyň dürli ýyllarda arap dilinden terjime eden uly göwrümli eserleriniň sanawy:
1. Pygamber tebipçiligi. Muhammet Gaýmaz Türkmen, 2000.
2. Gursaklaryň şypasy. Hoja Abdylbaky, 2000.
3. Mertebeler we kemlikler. Reýhan Horezmi, 2001.
4. Meşhurlaryň wepaty. Muhammet Gaýmaz Türkmen, 2001.
5. Döwleti dolandyrmakda patyşanyň ýörelgesi. Ibn Abi Rabi, 2002.
6. Gylyk-häsiýetleriň patyşalyk hazynasy. Ýusup ibn Gyzogly, 2003.
7. Kämil taryh (I tom). Ibn Esir, 2003.
8. Oýlap tapyşlar kitaby. Ysmaýyl Jezeri, 2005.
9. Göwher känlerindäki gizlin ýakutlar. Muhammet Ýahýa Gyfary, 2005.
10. Meşhur adamlaryň sözlügi. Muhammet Gaýmaz Türkmen,2005.
11. Dür däneler we merjen monjuklar. Abu Mansur as-Sagalyby, 2005.
12. Müsür we Kair patyşalygyndaky röwşen ýyldyzlar (I–V tomlar). Ýusup ibn Taňryberdi, 2006.
13. Uly haýwanat dünýäsi (I tom). Muhammet Demiri, 2006.
14. Taryhdaky yslam döwletleri. Muhammet Gaýmaz Türkmen,2006.
15. Ýadygäri ibn Şerif. Ibn Şerif, 2007.
16. Türkmen döwletleriniň dür sapaklary (I–III tomlar). Hasan
ibn Omar ibn Habyp, 2007.
17. Türki dilleriň diwany (I–III tomlar). Mahmyt Kaşgarly, 2008.
18. Gamgyn bolma! Aid al-Karni, 2010.
19. Atamyň durmuş hakda aýtmadyk zatlary. Kerim aş-Şazili,2014
20. Durmuş meýdanynyň gerçekleri. Aşraf Şahin, 2016
2 лайков 306 просмотров
1комментарий
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
- Dani
28 ноя 2021, 20:24
Okap gorjek