Jogapsyz söýgüm...
Jogapsyz söýgim...
Men seni söýýänligimi boýun alasym gelenok. 15 ýyl dowam edip gelýär kararsyzlyk ýagdaýym. Şuny bil, bir ýürekde hem söýgi, hem ýigrenç götermek gaty agyr. 15 ýyl öň seni bir gyz bilen maşynyňda görenimden soň ýigrendim. Iň bolmanda şol sapar birinji we iň soňky sapar bolsa ekeni , begenerdim. Ýöne bu ýagdaý entägem dowam edýär. Däde, jogap ber haçan men hakda iň soňky gezek oýlanşdyň? Meni gör, maňa üns ber diýip ýyllar boýunça ýalbarýaryn, Däde. Ýöne sen... Sen 18 ýylda bir gezegem bolsa, eliňi egnime goýup : "Berekella, gyzym?" diýen wagtyň boldumy? Sen maňa ýigrenýän kimin seretdigiň saýyn, men hemme zady bulaşdyrýan. " Nätseň şeýt, ýaranyp bilmersiň oňa. Şunça azap etseňem şu ýagdaý boljak bolsa, gözünde buýsanç duýgusyny görmejek bolsaň, onda azara galma, abraý gazanyp, belende çykjak bolma. Iň gowsy aşaga iň düýbe git, garaňkylyga siň, sen şol ýerler laýyksyň" diýýän öz-özüme. Her gezek öýe baranymda gözüň içine seredip, belki bir umyt dörär öýdüp ýuwduna-ýuwduna gaýdýan Ýöne ýok. 5 ýaşly wagtym aýak gabymyň bagyny daňyp bilmeýän wagtymam şeýle bakýardyň. Häzirem edil şeýdip seredýäň. Birinji synpa okuwa bardym, birinji gezek olimpiada gatnaşdym iňlis-dilinden birinji ýer aldym. Soň "Iň eýjejik gyzjagaz", mekdepleriň arasynda iňlis-dili ýaryşy, matematika ýaryşy hemmesinde ýerli geldim. Ýöne sende şol bir bakyşdy. Ýene dowam etsem, kiçiligimiň iň uly arzuwy Türkmen-türk mekdepdi (ady üýtgedi). Şoňa synag tabşyrdym, geçdim. Taryhdan olimpiada gatnaşdym 6-njy synpdan 11-e çenli, diňe döwletden ýer almadym. Diňe olimpiada däl ýene köp ýaryşlarda mendim. Ýöne ýene şol bakyş. Tutuş obamyz arzuw edýär çagalarynyň men ýaly bolmasyny isleyarler, öýleriniň deňinden geçenimde maňlaýyna sylyp galýarlar. Diňe saňa hiç ýaranyp bilmedim. Hiç ynanmadyň maňa. Näme etdim men saňa? meni näme üçin söýmediň? Sorayan, näme üçin meni söýmediň? meň günäm näme? "Gyzym" diýip, başymy sypap, maňlaýymdan öpmegiňe men zar, Däde. Saňa her sapar bir zat bolanda: awariýa bolduň, günä iş etdiň, suduň boldy, zordan galdyň türmeden, gözüň görer ýaly däl, özünden-özi gan gelýär, işden kowjak bolup otyrlar we ş.m. Her saparky wejeraçylyklaryňda men nalap Alladan seni ýigrensemem hiç zat bolmazlygyny , saglygyňy dileýän. Belki, seni şu wagta çenli saklanam meň dileglerimdir.
Iň uly arzuwym, uniwersitete girip, adwokat bolmakdy. Şunça ýyllyk arzuwa sogan dogradyň... Indem haýsy kär bolsa-da esasy zat okuwa girmek. Aslynda, iň uly arzuw diýenlerimiň hiç haýsy meň arzuwym däldigine, asyl arzuwymyň nämedigine şu gün göz ýetirdim. Iň uly arzuwym seň söýgiňi gazanmak eken.
Amanowa Leyli

27комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.