Güýmenje soraglar...

1.Soňky gezek haçan ýürekden güldüňiz we näme üçin ?!
2.Wagtyň geçmegi bilen söýýän adamyňa bolan söýgiň gutaryp bilýärmi? Sizde şeýle ýagdaý boldumy?
3.Aradan 40 ýyl geçse-de,Islenenden,ýatdan çykmajak adamyňyz?
4.Iň ýigrenýän nickname'ňiz?
5.Eger bir multifilmde bolsaňyz,siz kim bolardyňyz?
6.Gorkunç kinodan rol alsalar,kinoda isleneniň haýsy agzalary nädip ölerdi we soňunda kimler diri galardy ?
7.Çaga wagtyňyz ulalsam kim boljak diýip arzuw etdiňiz?
8.Biziň ählimiz Adam ata bilen How enäniň çagalary bolsak,onda näme üçin dünýä boýunça hemme adamyň reňki meňzeş däl? Biri garaýagyz,biri sary,biri ak,biri bugdaýreňk.
9.Iň köp haýsy aýdymy diňleýäňiz?
10.Egerde 2-3 sagatdan kyýamat gopýar diýseler,etjek işiňiz ?!
11 лайков 667 просмотров
30комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Pegas
19 авг 2022, 12:39
1. Ýadyma düşenok
2. Hawa
3. Nirvana, Nairobi, Hiayress, Granger, sen)
4. Üns bermändirin
5. Zoluşkaň şazadasy
6. Bilemok
7. Diplomat
8. Kim bilýär!
9. Züleýha Kakaýewa - Aý-aýdyň gijeler
10. Diňe jaňlaşardym
ibo03
19 авг 2022, 12:47
1.duyn agsam birine yalnysyp diyen sozum ucin.
2. Bolup biler
3.doly tanamok agzalary
4. Onuda bildmok
5. Hiczat
6. Onuda bilemok
7. Repr
8. Klimata gora bolaymasa
9. Darkray gezeweri sag aman
10. Goni oba giderdim
Ayjahan
19 авг 2022, 12:47
1. Wideo göremde. Örän gülkünçi, gülmän durup bolanok.
2. Howwa.
3. Islenendenä ýok.
4. Miss_tilki, miss_banditka şu "miss" sözüni ýigrenýän birem Dalijam, Keyijegim we ş.m öz atlarynyň yzyna nämejäm ýene nämäm diýip goýsalar ýigrenýän.
5. Frozen, Anna bolardym.
6. Käbirlerini zombi dişlärdi käbirleri bolsa wirusdan. Käbiri jynlardan, ruhlardan. 2 adam galardy Dark_wolf bilen Nirwana. Sebäbi gözöňüme getirdim häsiýetlerini seryoznyraklary ölenok kinoda.
7. Bir multik gahrymany.
8. Herkim dogluşyna, tohumyna bagly.
9. Softcore - The Neighbourhood
10. Özümi elden ýitirerdim. Tolgunardym, gorkardym.. garaz herdürli bolardym. Ýa-da öýden gaçardym :)
Mahri
19 авг 2022, 12:57
1.Söýülýänimi duydum şonda
2.Hoýa uytgap bilya
3.Elif...(sol agzany men has beter gowy gordum)
4.Yigrenemok blmk
5.Rapunsel bolardym
6.Muna dusunmedim blmk
7.Mena hemme zat bolsamam dp arzuw etyadim
8.Her kim her hili bolsada den yaradylan...biri ak bolsa ya-da gara bolsa kemi ba solanam...hemme kisi den
9.Akmuhammet Saparow-Çyn söýgi....basgada manysy gowy bolan aydymlary
10.Iň ýakyn adamlarym bn hoşlaşardym
Belki
19 авг 2022, 13:10
1.Düýn gije.Gaty kän güldüm welin gülen zatlarym ýatdan çykyp gitdi :)
2.Muny aýtmak üçin söýüp görmek gerek.
3.Şu ýerde dostlaşan,jora bolan agzalarym bar.Şolar:
Mähek,Felicita,Khanture,Bendtner,Hiayress.(Aksary agza bilen kitapçydan bäri dost bolamyzsoñ,hasap etmedim.Ress agzanam islenene girmäkä tanaýanlygym üçin hasap etmedim.)
4.Voyvoda :))
5.Külbikejik goşgumy bilýänsiñiz :))
6.Wampire öwrülip biri birini dişläp,ganlary gutaransoñ ölerler :)) Soñuna Abaddon galyp,olam täze saýt guraýmasa.
7.Psiholog,adwokat,mugallym,aýdymçy,artist,žurnalist,ýazyjy,şahyr.Garaz terbiýeçilikden başga käriñ arzuwyny edipdirin.
8.Allanyñ sansyz gudratlaryndan biri.Herimiziñ keşbimiz,sesimiz hatda barmaklarymyzyñ yzlaram parhly.
9.Bilyanm - "Gideli "aýdymyny soñky döwür kän diñleýän.Gowşut Saryýewiñ "Uzak ýollarda"aýdymam şeýle.
10.Ýygnan pullarymy 3 sagadyñ içinde sowmagyñ aladasyny ederdim.Gymmat kafede oturardym ilki bilen.
Bentner
19 авг 2022, 13:20
1. Yaňja guldu kamedi klab gordum)
2. Geçiň :)
3 Tanayanlamyň hicisem yatdan cykmaz
4 Username?
5 Halk :)
6 Fantaziya pes gelya kino sungatyna)
7 Kaka
8 Afrika git senem shunyaly bolarsyň)☻
9 Nastroeniya gora uytgeya
10 Tobo
AYPERI
19 авг 2022, 13:33
1.Ýûrekden hachan gulenim yadymda dal.
2.Hawa.Hawa.
3Hiayress,Nirwana.Gost.Belki.
4.bilemok
5.Bell.
6
7Mugallym
8Allanyn gudraty.
9Hajy Yazmamedow Nirede sen
10 Yakynlamyn yanynda bolardym
Senyorita.
19 авг 2022, 14:13
1. Düýn. Joramyň başdan geçiren bir wakasy ýadyma düşdi, heziller edip güldüm.
2. Meň pikrimçe çyndan söýen bolsaň gutarmaz.
3. Agzalary bellibir aýratynlyklaryna görä ýadymda saklaýan. Esasan aktiw agzalary, özüm saýta agza bolmazymdan öň ünsümi çekenleri. 40 ýyldan soňam näme, ýaşap ýörsem, Altsgeýmere duçar bolmasam nesip bolsa ýadymdan çykarmaryn.
4. Erbet söz ulanylan bolsa.
5."Kungfu panda"-daky Po :)
6. Fantaziýam işlemedi. :(
7. Uçarman.
8. Doly gyzyklanyp görmedim.
9. Edil şu günler: Yorqinxoja Umarov — Yomgir, Rauf Faik — Luv.
10. Ýakynlarymy bir ýere üýşürerdim mümkin boldugyndan. Soňky pursatlarymyzda bileje bolmak islärdim.
Sensizz
19 авг 2022, 15:12
1 .Gunde diyen yaly
2.Mumkin dal sowukcylyg dusmegi ahmal.
3.Sen sen sen))
4.TabytcyNegrlar
5.Robin Gud
6.bilmesen gech diymeli diyyaler yone Betnazary dilinden asarlar sona bilyan)
7.Futbalist
8.Oylanyp gormandrn dogrysy
9.Eldar Ahmedow aydymlary
10.Ejemi owsardym su gune yetireni ucin we bagysla diyerdm borjumy odap bilmanligim ucin(
Soho
19 авг 2022, 15:55
1. Bu gun bosh gunum bolanson oyde, kichi oglumyn hereketlerine gulup otyrmaly... 2. Soyyan adamlaryma soygum tukeniksiz 3. Bir adamy aydyp, beylekini goyar yaly dal, hersi hem ozbashyna ajayyp 4. ... 5. Alladin 6. gowy pikir ssenariya duzmek uchin... 7. artist 8. ay bilmedim 9. Zuleyha Kakayewa-Begendirme meni 10. Etjek zatlarymy hichem pylancha wagtda etmeli diyip edemok.
ssaparay
19 авг 2022, 16:04
1. Bu sorag pikirlendirdi.
2. Gutaryp biler.
3.Täze goşuldym 99%-ni tanamok.
4. Uzak nikleri halamok.
5. "Alice täsinlikler ülkesinde" multfilmini göremde Alice-yň ýerinde bolmak isläpdim. :)
6.Agzalary tanamok.
7.Aktrisa.
8. Bu temada pikir aytmak maňa görä dälmika diýýärin.
9. Türkmen aýdymlardan Syke "Ynanamok" daşary ýurtdan Michael Jackson "You are not alone"
10. Bu soragam pikirlendirdi. :)
Güljemal
19 авг 2022, 16:19
1. Günorta naharynda.
2. Hawa.
3. Pegas, Elif, Nirvana.
4. Häzirlikçe ýok.
5. Franklin_däki balykgulak.
6. Göz öňüme getirmelerim güýçli däl.
7. Mugallym.
8. Bilemok.
9. Mekan A - Dur gitmäýdä.
10. Aýdyp biljek däl.
Victus
19 авг 2022, 16:32
8. Elbetde adamyn renki yasayys sertlerine gora uytgeya. Adamyn renki iyyan iymitine klimatyna da bagly bolup durya
Ejegyz.
Автор 19 авг 2022, 19:12
1)Şu gün,ýöne soň"Köp gülen bir aglar" diýenleri boldy T_T
2)Bilemok.
3) @Hiayress,@MerdanGeldiýew,@Bendtner,@Khanture,@Pegas,@Seri,@State...
@Nirvana,Mümkin,@Gülçeşme,@Mona,@Kalpdoktory,@Ogulşirin.
4)Banditka,Huliganka,Psikopatka.
5) Gargamel (Aslynda ol juda ýalňyz)
6)@Khantureň içine jyn girip ýer tekizdigine ynanmaýanlaryň ganyny içer. Adamlary gizlinlik bilen öldürýän kişi bolsa .x_xXx_x. we Donmaxx bolar.
Adamlary kimiň öldürýänini bilmäge çalyşýan detektiwler @Pegas,@Mümkin,@Nirwana,@Massimus@Granger.@Massimusyň "Şuwagt diňleme"diýenine üns bermedik @Mümkin radio diňleýärkä öldüriler.Edil kinoň başynda gorkusyndan ölenler hem @Enegül we @Aymaraljanama agzalarymyzdyr. Adam öldürýän 5x agza @Hiayress tarapyndan öldürilmänkä,
@Merdan Geldiýew iller üçin,dostdyr-doganlary üçin özüni fida eder..@Gauzen hemmäni taşlap,gaçyp barýaka heläk bolýa. Hemmäniň jany howp astynda.... Sebäbi Donmaks gaty güýçli!
Bu ýagdaýy gören Gültä-äç Donmaksa tarap bir ädim äder welin,Donmaksyň güýji azalyp başlaýar.Muny gören agzalar Gültäje ýalbarmaga durýar.Şol ýerde hem Donmaks saýtyň söýülýän agzalarynyň biri bolan Monanyň kellesini goparar.Muny gören @Ahmedik "Ýok, men ýazgyda ynanmaýaryn,biz islesek ähli zady başararys " diýmek bilen @Ogulşirin we @Maýsanyň kömeginde @Monanyň kellesini ýerine oturtmaga çalşarlar.Donmaks hem Gültäç tarapyndan öldüriler.Soň @Mümkiniň ruhy gaýdyp gelip,her gün islenende aýdym aýdyp başlar.Muny gören Islenen halky gorkmakdan ýaňa,Abaddon hudaýyna gije-gündiz dileg edip ýalbararlar.(Abaddon Hudaýy seslenmez)
...
Dowamy 2-nji bölüminde kinoň.
7) Dükançy)
8)Özümem bilemok.
9) "Ben yoruldum hayat..."
10)...
Ejegyz.
Автор 19 авг 2022, 19:16
@Sensizz , tanamadym sizi.
Gauzen
19 авг 2022, 20:05
Ejegyz,
@Gauzen hemmäni taşlap,gaçyp barýaka heläk bolýa

Diňe özüni bilýän gorkak edip goýaýypsyňyzla meni?! :) Sebäbi nämekä? (mümkin bolsa)
Belki
19 авг 2022, 20:09
@Belkiden ölse-de dynma ýok diýýäñdä Ejegyz :))
Ejegyz.
Автор 19 авг 2022, 20:10
Gauzen,
Aý ýöne ýazdym.Degişmedir,göwnüňize almaň! Pozaýynmy ýa-da ?!
Ejegyz.
Автор 19 авг 2022, 20:11
@Belki,
Bildiňiz ))
Gauzen
19 авг 2022, 20:24
Ejegyz
Gauzen,
Aý ýöne ýazdym.Degişmedir,göwnüňize almaň! Pozaýynmy ýa-da ?!

Ýokla, nämeden ylhamlananyňyzy bilesim geldi :)
Gauzen
19 авг 2022, 20:25
1. Ýadyma düşenok.
2. Entek beýle duýgyny başdan geçirip göremok.
3. @Khanture, @Hiayress, @Massimus, @Keaip_BegCon, @Nirvana, @Гость, we ş.m.
4. Edil ýigrenýänim-ä ýok.
5. Tom and Jerry'da Jerry :)
6. DABBE'den mysal alsam @Keaip_BegCon dogalaýjy (büyüci) bolardy. @Khanture'de dogalanan adam... Aý barybir ahrynda hemmesi ölýä :)
7. Prkuror ;)
8. Adam Ata bilen How Eneden soň näçe nesil çalyşdy. Şu pikiri etmegiň manysy ýok.
9. Wagta görä üýtgeýä. MiyaGi–Captain, Syke Dali–Toba, Ceza–Holocaust, Merdan Nurgylyjow–Agaň bolaýyn we ş.m.
10. Aý panika düşmekden pikir gelmeýä kellä :)
Gauzen
19 авг 2022, 20:27
*ahyrynda
Massimus
19 авг 2022, 21:28
1. Her günem ýürekden gülýän men-ä?!
2. Wagtyň geçmegi bilen başga duýgular bilen ýerini çalyşýar.
3. Ýatdan çykarmajaklam şeýle bir köp, bir teswire ýerleşmez.
4. @Kelleagyryk.
5. Pokahontasyň söýgülisi bolardym.
6. Iň soňunda @Nairobi diri galarmyka diýýän.
7. Häzirkimden başga hemme zady arzuw edipdim.
8. Çagalary Adam ata bilen How enäniň nastroýeniýesine göräräk doglan bolaýmasa. Garaýagyzraklary tersleşenräk wagty doglandyr.
9. Egor Kridiň aýdymlary.
10. Islenende soňky mowzugymy açardym.
Ejegyz.
Автор 19 авг 2022, 21:53
Massimus,

"Häzirkimden başga hemme zady arzuw edipdim"
Häzirkiňiz näme bilsek bolýamy? (Islemeseňiz aýtmaň)
Aýnur
19 авг 2022, 22:12
Ejegyz,
Nämä diýseňem kellämä goparda diýmelä däldiň ?
_??????????.005
20 авг 2022, 00:38
1)Bu yagday her gun durmusymda bolya.
2)Hawa
3)Khanture(tekiz yer),.........dowamy uzyn her bir agzada uytgesik yatlamalar bardq
4)islenende yok yone talyplarda zetmro bardy)))
5)Su Shrek bolsam bolarmyka(kella gelenem şulda)
6)Pegasy dabanyndan keserler)))
7)Wah gunde bir yokary wezipani arzuw edyardimda?
8) Birinjidena yasayn yerine bagly yagny dasky sertlere baglylykda uytgeyar, ikinjidenem allatagalla her adamyn suratyny ozi cekya yagny bizin dasky renkimizem allanyn emri bn bolan zatda
9)Apache_-_Roller.rmx_bass oz islegime gora bass etdim gowy aydym birhili ruhlandyryamy blmk
10)Iliñ gepi gyzyklandyranok onki yagdayyma gezerdim(2012de hem ahyrzamana bolya diylipdi
@_abdullayevv.005
DonMaxx
20 авг 2022, 02:40
1.duyn chatda Bentner birzada yazdy shona guldim
2. menda gutaranok. Gutarman gecdi ))
3. aradan 40 yyl gecse islenenin ozi yatdan cykar??
4. DonMaxx
5. Pink Pantera
6. Hemme kisi olen son yokardan @Nirvana ucyp geler))
7. Taksist
8. Klimat
9. Azat Orazow - Soprano - suw sep 2022
10. Gayylary oldirjek ))
DonMaxx
20 авг 2022, 02:46
@Ejegyz

name ucin hemishe @Gultac bilen men bolyamyshym (((??
#B.S
20 авг 2022, 07:12
Bendtner,
Username :))))
Rabiya
20 авг 2022, 12:39
1.Soňky gezek haçan ýürekden güldüňiz we näme üçin ?!
Ýaňyja. @Hemedany agzanyň jogaplaryna ýürekden begenip ýylgyrdym

2.Wagtyň geçmegi bilen söýýän adamyňa bolan söýgiň gutaryp bilýärmi? Sizde şeýle ýagdaý boldumy?
Allanyň söýdüren Resulyna we(oňa aşyk bolan gullaryna) bolan söýgim ne bu dünýede, ne-de ahyretde gutarar...

3.Aradan 40 ýyl geçse-de,Islenenden,ýatdan çykmajak adamyňyz?
Bu saýtda barmy ýa-da ýok bilmedim. Hakyşgynda bolan @Çary, @Dark wolf, @Atakaka, @Gumlygelin, @Hako, @Tagtabit agzalary tanamasamda hormat goýýaryn.
Bellik: Bu diýdigim ""Galan agzalara hormat goýamok"" diýdigim däldir. Başga agzalarada hormat goýýaryn :)"

4.Iň ýigrenýän nickname'ňiz?

5.Eger bir multifilmde bolsaňyz,siz kim bolardyňyz?
Multifilimde hä däl, bolup bilsem Hz Patma, Hz Rabiýanyň sypatynda bolardym...

6.Gorkunç kinodan rol alsalar,kinoda isleneniň haýsy agzalary nädip ölerdi we soňunda kimler diri galardy ?
Allah bilýär

7.Çaga wagtyňyz ulalsam kim boljak diýip arzuw etdiňiz?
Gülkünjem geler. Çagakam Garryejem Hydyr ata we ş.m barada aýdyp bererdi. Men hem çaga düşünjäm bilen "Men hem Hydyr ata ýaly weli bolup bilermikäm" diýip pikirlenerdim...

8.Biziň ählimiz Adam ata bilen How enäniň çagalary bolsak,onda näme üçin dünýä boýunça hemme adamyň reňki meňzeş däl? Biri garaýagyz,biri sary,biri ak,biri bugdaýreňk.
Ähli zadyň dogrusyny Alla bilýär.

9.Iň köp haýsy aýdymy diňleýäňiz?
Onuň kelamyny

10.Egerde 2-3 sagatdan kyýamat gopýar diýseler,etjek işiňiz ?!
Has köp zikir, toba istigfar bilen meşgul bolardym