Ibn Sina we onuň saglyk hakda pentleri

Orta asyr Gündogarynyň beýik akyldary, lukman Abu Aly Ibn Sina (980-1037) Günbatarda Awisenna ady bilen bellidir.

Ol çagalygyndan diýseň zehinli bolupdyr, on ýaşlarynda Gurhany erkin okap bilipdir, ýaşlygyndan grammatikada, sitilistikada we poetikada uly üstünliklere ýetipdir.

Ibn Sina Buharada bilim alyp, şol ýerde hem lukman bolup işe başlapdyr. Ol ylmyň 12 ugrundan ýeterlik sowat alyp, uly derejelere ýetipdir, esasan, tebigat ylymlaryna, lukmançylyga uly üns beripdir.

Ol 22 ýaşynda Buhara göçüp baryp, Gündogaryň beýik alymlary, danalary bilen ýakyn aragatnaşyk saklapdyr. Ibn Sina belli alym Abu Reýhan Biruni bilen hem ýakyn gatnaşykda bolupdyr. Gaznaly soltany Mahmydyň yzarlamalaryndan gaçyp Ibn Sina sergezdan durmuşy alyp barmaga, Horezmde, Horasanda ýaşamaga mejbur bolupdyr. Alym ömrüniň ahyrky ýyllaryny Yspyhanda geçiripdir we bu ýerde 58 ýaşyndaka kolit keseli bilen hassalap aradan çykypdyr.

Ibn Sina alym hökmünde ylmyň şol döwürdäki ýörgünli ugurlarynda: pelsepede, mantykda, fizikada, müneçjimlikde, psihologiýada, himiýada, matematikada, etikada, edebiýatda we dil biliminde uly üstünliklere ýetipdir. Emma ol özüniň, esasan, lukmançylyga bagyşlanan traktatlary bilen meşhurlyk gazanypdyr. Taryhy çeşmelere görä, Abu Aly Ibn Sina lukmançylyga degişli 450 sany kitap ýazyp, biziň günlerimize olardan 240 töwereklisi gelip ýetipdir.

Ibn Sinanyň esasy eseri — «Tebipçilik ylmynyň kanuny» diýen köp jiltli işidir. Alym bu eserini ýazmaga ömrüniň 20 ýylyny bagyşlapdyr. Onuň bäş kitapdan durýan bu ylmy işi 500 ýyllap bütin Gündogaryň we Günbataryň lukmanlarynyň ýankitaby bolup hyzmat edipdir.

Ibn Sina bu kitabynda ýüregiň urşunyň dürli görnüşlerini jikme-jik ýazyp beýan edipdir. Ol hatda bejermesi kyn bolan meningit, süýji keseli, plewrit ýaly keseller barada, adamyň görejiniň hirurgiýasynda zenan saçynyň taryny, göni içegäniň operasiýasynda doňuz tüýüni tikin üçin peýdalanmak, mal derisini kateter hökmünde ulanmak barada ýazypdyr. Ol degna keselleriniň görnüşlerini ýazanynda, olary beýniniň keselleri (tutgaý, çişler) we degnanyň keselleri (ysmaz, guruşma) diýen toparlara bölüpdir.

Dogry iýmitlenmek hakda Ibn Sinanyň pentlerinden

Iýeniňizde işdä bilen iýiň, eger işdäňiz ýok bolsa, naharlanmakdan saklanyň. Uzak aç gezmäň, çünki açlygyň netijesinde aşgazan ýaramaz şirelerden dolýar;

Iýmiti oňat siňdirmek üçin berhiziň şu görnüşini peýdalanyň: ilki günde bir gezek, ertesi gün bolsa iki gezek — irden we agşamyna naharlanyň;

Gyşyna gyzgyn nahar iýiň, tomsuna sowuk ýa-da ýyly iýmitler bilen naharlanyň;

Göwnüçökgünlik, şeýle hem işjeň hereketde bolmazlyk iýmitiň kadaly siňmegine päsgel berýär;

Eger naharlananyňyzdan soňra gyzgynyňyz galýan bolsa, howlukman, az-azdan iýiň;

Semiz adamlara hammamdan soň dessine naharlanmak zyýanlydyr, iň gowusy, biraz garaşyň we ýatyp ukyňyzy alyň. Olara günde bir gezek naharlanmak peýdaly bolar;

Gowy naharlananyňyzdan soňra uklamak ýa-da işjeň hereketde bolmak peýdaly däldir. Şeýle hem köp suw içmäň, sebäbi suw aşgazanyň iýmiti özleşdirmegine päsgel berýär;

Adam gartaşanda iýmitini kemse ýagşy, çünki onuň bedeni üçin iýmit artykmaç ýüke öwrülýär;

Çakdanaşa köp iýmek zyýanlydyr. Ol iýmitiň siňmegini kynlaşdyrýar we aşgazanda çig şireleriň mukdaryny köpeldýär. Netijede içege ýollary dykylýar, ynsan ysgyndan gaçýar hem-de podagra ýaly birgiden keseller döreýär;

Ýeterliksiz iýmitlenme, az iýmek hem zyýanly, çünki ol adamy tapdan gaçyrýar, horlaýar, baş aýlanma döredýär;

Fiziki türgenleşiklerden, hammamdan soň açlygyňa suw içmek hem peýdaly däldir;

Eger garnyňyzy mazaly doýrup ýatan bolsaňyz, gijesine suwsap turmak tebigy ýagdaýdyr, emma beýle ýagdaýda köp suw içmän, diňe agzyňy suw bilen çaýkamak ýa-da turup arassa howada gezim etmek dogry bolar;

Suwy birbada başyňyza çekip däl-de, eýsem, az-azdan owurtlap içmek ýerliklidir.
1 лайков 126 просмотров
2комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Okuwçy04.A
25 сен 2021, 14:34
Like+++
Men sho
Автор 25 сен 2021, 18:18
Sps