Beki Seýtäkowa – Kerim Gurbannepesow
Roman yzyndan täze roman,
Hekaýa yzyndan täze hekaýa…
Iller iki ýylda bir powest ýazsa,
Sen her haýsyn ýetireňok iki aýa.
Şonda-da eliňden çykan keşdeler
Gyzlary hem haýran edýär, Beki aga.
F. Engelsiň 15-nji jaýyndan
Senden pata alyp çykan setirler,
Uzaldyp goýberseň, Ýeriň daşyna
Bir gezek däl, on bäş gezek ýeterler.
Berdi aga Ýuriý Gagarin bolup
Açan bolsa kyssamyzyň kosmosyn,
Senem, ynha, German Titowa meňzäp,
Has ýagtyltdyň şol kosmosyň kyssasyn.
Bu gün, ynha, müňläp-müňläp okyjy
Alkyşlaýar kosmonawtlaň ikisin –
Alkyşlaýar öz agaýy Berdisin,
Alkyşlaýar öz agaýy Bekisin.
Ýene täze kosmonawtlar köpelip,
Ýene-de açylar has täze ýerler,
Şonda-da nesiller size baş egip:
«Iň ilkinji kosmonawtlar!» diýerler.
Hekaýa yzyndan täze hekaýa…
Iller iki ýylda bir powest ýazsa,
Sen her haýsyn ýetireňok iki aýa.
Şonda-da eliňden çykan keşdeler
Gyzlary hem haýran edýär, Beki aga.
F. Engelsiň 15-nji jaýyndan
Senden pata alyp çykan setirler,
Uzaldyp goýberseň, Ýeriň daşyna
Bir gezek däl, on bäş gezek ýeterler.
Berdi aga Ýuriý Gagarin bolup
Açan bolsa kyssamyzyň kosmosyn,
Senem, ynha, German Titowa meňzäp,
Has ýagtyltdyň şol kosmosyň kyssasyn.
Bu gün, ynha, müňläp-müňläp okyjy
Alkyşlaýar kosmonawtlaň ikisin –
Alkyşlaýar öz agaýy Berdisin,
Alkyşlaýar öz agaýy Bekisin.
Ýene täze kosmonawtlar köpelip,
Ýene-de açylar has täze ýerler,
Şonda-da nesiller size baş egip:
«Iň ilkinji kosmonawtlar!» diýerler.
8комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.