"Sen diňläp ýadamadyň..."

"SEN DIŇLÄP ÝADAMADYŇ..."

Sen diňläp ýadamadyň,
Menä diýip ýadadym.
Bu saňa soňky sözüm,
Ha jogap ber, ha-da dym.

Ýok dilimden düşmersiň,
Ölünçäm unutmaryn,
Ýöne gaýdyp goşgumda,
Seň adyňy tutmaryn.

Şükür ker däl eşidýän,
Şükür kör däl gözüm bar.
Ikimizem dirikäk,
Aýtjak-goýjak sözüm bar.

Tahyr begdek şa bilen,
Jeň gurmak hyýalym bar.
Gökden biraz ýere düş,
Birniçe sowalym bar.

Şahyrlar şanyňa şygyr düzende,
Ýa alymlar täze taryh ýazanda,
Nädip şerraýlara ynanyp bildiň,
Üýşüp aýagyňy ýerden üzende.

Durdy Gurban "Serdar" sözün tapanda,
Nädip onuň gop berýänin bilmediň?
Onjuk Musa elleriňden öpende,
Näme üçin oň dulugyna çalmadyň?

Kowus Gurt ýallaklap "Hudaý" diýende,
Meni akademik edäý diýende,
Hudaýsyrap oturberdiň baş atyp,
Ynsabyňy, Kaspyny boşadyp.

Ynandyňmy "Türkmenbaşy" diýlende,
Bu kakabaş ile baş bolup bormy?
Yňdyrma bolup bor, köwek bolup bor,
Ýöne edil beýle boş bolup bormy?

Oýnatgylaň seni oýnap ýörşüne,
Jany ýanan millet bilenok gülmän.
Nädip Nobel baýragyny alyp bor,
Aslynda Nobeliň kimdigini bilmän.

Seň özüňden elli bizar türkmene,
Bu gün seň heýkeliň boldumy gerek?!
Aýt nähili edermenlik görkezdiň,
Gahryman bor ýaly ençeme gezek.

Keseki goşunyn ýeňdiňmi urşup,
Kuweýt gurup berdiňmi ýa millete?!
Altmyş ýaşda bir ýagşy iş etdiňmi,
Özüň aklar ýaly soňky pillede.

Gelmejek ýalydyr, ol pille asla,
Seň göwnüňe şeýle bir uzakdyr.
Bu öwgi kasamlar, şöhrat ýolunda,
Ot-çöp bilen basyrylgy duzakdyr.

Sen bar nökeriňi garşyňda otyrt,
Göni görejine üns bilen gara.
Olaň ýere bakýan müýnli gözleri,
Deşik gözlär ýurtdan çykyp gaçara.

Ylalaşýan, bu gün seniň heýkelleň,
Körzehinler üçin döwüm çörekdir.
Ýöne besdir, mundan beter köpeltme,
Soň olary ýok etmegem gerekdir.

Hawa, besdir, gutar oýnuň halk bilen,
Tutduň, atdyň, utduň, ütdüň, şükür et.
Birä düýn öz kim bolanňy unutma,
Birem ertir näme boljagyňy pikir et.

Şiraly NURMYRYDOW
7 лайков 160 просмотров
1комментарий
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Dnnalijelainnn
03 авг 2022, 22:53
Gyzyky gosgy eken sps