"Şahyrlar şanyňa şygyr düzende"
"ŞAHYRLAR ŞANYŇA ŞYGYR DÜZENDE"
Sen diňläp ýadamadyň,
Men-ä diýip ýadadym.
Bu saňa soňky sözüm,
Hä jogab ber, hä-de dym.
Ýok dilimden düşmersiň,
Ölünçäm unutmaryn,
Ýöne gaýdyp goşgymda,
Seň adaňy tutmaryn.
Şükür ker däl eşidýän,
Şükür kör däl gözüm bar.
Ikimizem dirikäk
Aýtjak - goýjak sözüm bar.
Tahyr begdek şa bilen
Jeň urmak hyýalym bar.
Gökden biraz ýere düş,
Birniçe sowalym bar.
Şahyrlar şanyňa şygyr düzende,
Ýa alymlar täze taryh ýazanda,
Nädip şerraýlara ynanyp bildiň,
Üýşüp aýagyňy ýerden üzende.
Durdy Gurban "Serdar" sözün tapanda,
Nädip onuň gop berýänin bilmediň?!
Onjuk Musa elleriňden öpende,
Neçün onuň dulugyna çalmadyň?!
Kowus Gurt ýallaklap "Hudaý" diýende,
"Meni akademik" edäý diýende,
Hudaýsyrap oturberdiň baş atyp,
Ynsabyňy, Kaspyny boşadyp.
Ynandyňmy Türkmenbaşy diýlende,
Bu kakabaş ile baş bolup bormy?!
Yňdyrma bolup bor, köwek bolup bor,
Ýöne edil beýle boş bolup bormy?!
Oýnatgylaň seni oýnap ýörşüne,
Jany ýanan millet bilenok gülmän.
Nädip Nobel baýragyny alyp bor,
Aslynda Nobeliň kimdigni bilmän.
Seň özüňden elli bizar türkmenem,
Bu gün seň heýkeliň boldymy gerek?!
Aýt nähili edermenlik görkezdiň,
Gahryman bor ýaly ençeme gezek.
Keseki goşnun ýeňdiňmi uruşyp,
Kuweýt gurup berdiňmi ýa millete,
Altmyş ýaşda bir ýagşy iş etdiňmi,
Özüň aklar ýaly soňky pillede.
Gelmejek ýalydyr, o pille asla
Seň göwnüňe ol şeýle bir uzakdyr.
Bu öwgi kasamlar şöhrat ýolunda,
Ot-çöp bilen basyrylgy duzakdyr.
Sen bar nökeriňi garşyňda otyrt,
Göni görejine üns bilen gara,
Olaň ýere bakýan, müýnli gözleri,
Deşik gözlär, ýurtdan çykyp gaçara.
Ylalaşýan, bu gün seniň heýkelleň,
Körzehinler üçin döwüm çörekdir.
Ýöne besdir, mundan beter köpeltme,
Soň olary ýok etmegem gerekdir.
Hawwa besdir, gutar oýnuň halk bilen,
Tutdyň, atdyň, utdyň, ütdüň, şükür et,
Bir-ä düýn öz kim bolanňy unutma,
Birem ertir näme boljagyňy pikir et!
Şiraly NURMYRADOW
Sen diňläp ýadamadyň,
Men-ä diýip ýadadym.
Bu saňa soňky sözüm,
Hä jogab ber, hä-de dym.
Ýok dilimden düşmersiň,
Ölünçäm unutmaryn,
Ýöne gaýdyp goşgymda,
Seň adaňy tutmaryn.
Şükür ker däl eşidýän,
Şükür kör däl gözüm bar.
Ikimizem dirikäk
Aýtjak - goýjak sözüm bar.
Tahyr begdek şa bilen
Jeň urmak hyýalym bar.
Gökden biraz ýere düş,
Birniçe sowalym bar.
Şahyrlar şanyňa şygyr düzende,
Ýa alymlar täze taryh ýazanda,
Nädip şerraýlara ynanyp bildiň,
Üýşüp aýagyňy ýerden üzende.
Durdy Gurban "Serdar" sözün tapanda,
Nädip onuň gop berýänin bilmediň?!
Onjuk Musa elleriňden öpende,
Neçün onuň dulugyna çalmadyň?!
Kowus Gurt ýallaklap "Hudaý" diýende,
"Meni akademik" edäý diýende,
Hudaýsyrap oturberdiň baş atyp,
Ynsabyňy, Kaspyny boşadyp.
Ynandyňmy Türkmenbaşy diýlende,
Bu kakabaş ile baş bolup bormy?!
Yňdyrma bolup bor, köwek bolup bor,
Ýöne edil beýle boş bolup bormy?!
Oýnatgylaň seni oýnap ýörşüne,
Jany ýanan millet bilenok gülmän.
Nädip Nobel baýragyny alyp bor,
Aslynda Nobeliň kimdigni bilmän.
Seň özüňden elli bizar türkmenem,
Bu gün seň heýkeliň boldymy gerek?!
Aýt nähili edermenlik görkezdiň,
Gahryman bor ýaly ençeme gezek.
Keseki goşnun ýeňdiňmi uruşyp,
Kuweýt gurup berdiňmi ýa millete,
Altmyş ýaşda bir ýagşy iş etdiňmi,
Özüň aklar ýaly soňky pillede.
Gelmejek ýalydyr, o pille asla
Seň göwnüňe ol şeýle bir uzakdyr.
Bu öwgi kasamlar şöhrat ýolunda,
Ot-çöp bilen basyrylgy duzakdyr.
Sen bar nökeriňi garşyňda otyrt,
Göni görejine üns bilen gara,
Olaň ýere bakýan, müýnli gözleri,
Deşik gözlär, ýurtdan çykyp gaçara.
Ylalaşýan, bu gün seniň heýkelleň,
Körzehinler üçin döwüm çörekdir.
Ýöne besdir, mundan beter köpeltme,
Soň olary ýok etmegem gerekdir.
Hawwa besdir, gutar oýnuň halk bilen,
Tutdyň, atdyň, utdyň, ütdüň, şükür et,
Bir-ä düýn öz kim bolanňy unutma,
Birem ertir näme boljagyňy pikir et!
Şiraly NURMYRADOW
5комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.