Şahyrlar leşgerine

ŞAHYRLAR LEŞGERINE

“Şahyr bolaýyn” diýp bolup bolanok,
Ýazmanam bolanok, “ýazmaýyn” diýip.
Kim galama elin ýakyp ýapyşýar,
Kim oňa ýapyşýar, pohuny iýip.

Eýsem, bu dünýäde kär gytmy başga?!
Magtymgulyň yzyny bir pozma-da!
Saňa hat öwreden behişde düşmez,
Arza ýaz!
Şowul ýaz!
Goşgy ýazma-da!

Ýa moda boldumy şahyrçylygam?!
Ýa-da üýtgeşik bir bähbidi barmy?!
Şahyr kän zat bermelidir iline,
Ýa diňe alsaňam, saňa bolýarmy?!

Serpaý ýerne gamçy degse egniňe,
Ýekeje setir bir ýazarmydyň sen?!
Ýa edipdir seni ýasan jenaýat,
Ýa-da ýalňyşypdyr göbegiň kesen.

Bormy şygryýete kast etmek beýle?
Ony beýle-de bir zorlamak bormy?
Şygyr diýip ölüp ýatan milletiň,
Şahyra gelende maňlaýy şormy?

Eýsem, şahyr dälmi aýnasy döwrüň?!
Şahyr dälmi halkyň gulagy-gözi?!
Şeýle arassady türkmeniň dili,
Nirden tapýaň munça wejera sözi?

Goşgy goşulmaýar bir adam üçin,
Goşgy diňe il-gün üçin ýazylýar.
Ýeterlik däl erkek bolup dogulmak,
Erkek bolup ýaşalýar hem gezilýär.

Bu gün binamysa dolandy döwran,
Ýüzüň galyň bolsa, jübiňem galyň.
Körzehini kör köpüge satyň-da,
Gaýtargysyna-da kör abraý alyň!

Şiraly NURMYRADOW
5 лайков 201 просмотров
3комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Öwreniji
22 июн 2022, 22:37
Maňa degişli ýaly bolup dur ?
CHYRAG
22 июн 2022, 23:14
Gowy yazlypdyr dost sagbol. Ozun duzdunmi bu shygry ya duzuleni paylashdynmy?
Hiayress
Автор 22 июн 2022, 23:24
CHYRAG,
Ýok, Şiraly şahyryňky.