Pent

PENT

Bir gün Lukman Hekim ogluny ýanyna çagyryp, oňa durmuşda şu üç zady berk berjaý etmegi tabşyrypdyr:

Iýýän naharyň iň gowy nahar bolsun!
Ýatýan düşegiň iň rahat düşek bolsun!
Ýaşaýan jaýyň iň kaşaň jaý bolsun!
Ogul atasynyň sargydyny eşidip, allaniçigsi bolupdyr:

– Kaka! Biz günümizi zordan aýlaýarys ahyry. Seniň bu aýdýanlaryňy men ýerine ýetirip bilmesem gerek.

Şonda Lukman Hekim ogluna şeýle jogap beripdir:

– Diňe ajyganyňda nahar iýseň, iň gowy nahary iýdigiň bolar.

– Günuzyn işläp, agşam öýe geleniňde başyňy ýassyga goýsaň, iň rahat düşekde ýatdygyň bolar.

– Adamlar bilen mähirli gatnaşyk saklasaň, olaryň ýüreginde orun taparsyň. Şeýdibem, iň kaşaň jaýda ýaşadygyň bolar.

Çeşme: kyssahan.blog
3 лайков 138 просмотров
4комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Öwreniji
22 июн 2022, 22:29
Lukman Hekimiň maşgala durmuşy barada maglumat ýok.
Ötegçi
22 июн 2022, 22:31
Äl ýadapdyryn şu rowaýatdan. Kakam mydam şuny aýdýa... ÷
Гость
22 июн 2022, 22:35
- Kaka, senden ibaly miras galdymaý bul aýdyşyň ýaly ýaşamak üçin?! Şu ýaşan ömrüňe yzyňda goýan zadyň ýok çagalaň üçin!
Lukman Hekim resko monýowr etdi we aşakylary ýazdy. Sebäbi ogly dogry aýdypdy we Lukman Hekim oýlanşyksyz aýdan sözüne gaty ökündi
Hiayress
Автор 22 июн 2022, 22:43
Гость,
"Zyýanyň ýarsyndan gaýtmagam peýda" diýýär. :D