Gyz täleýi
GYZ TÄLEÝI
Meniň oglanlyk ýyllarym obamyzyň gyzlary aý aýdyň gijeler köçelerde oturyp läle kakardylar. Olaryň owazy uzakdan eşidilýän gussaly mukam bolup hakydamda galypdyr. Biz ol mahal soňky ýyllar meşhurlyk gazanan ˝Keçpelek˝ sazyndan bihabardyk. Aýralygyň ýürek dilýän gussasyny sazda beýan edip bolýandygyny biziň ˝ak altyn˝ öndürýän kolhozymyzda bilen bir boldumyka?! Lälelerdäki gaýgyly äheňe garaňky geçmişden galan ýatlama mysaly biperwaý garardylar, ˝gyzlary azatlyga çykaran bagtly sowet zamanynyň˝ waspyny ýetirýän sözler entek lälä salynmandy, halk döredijiligi diýlende köne bilen mydar edilýärdi.
Çuňňur guýa daş atsaň,
Batar gider, eje jan!
Ýat illere gyz satsaň,
Ýiter gider, eje jan!
Meniň obamyň bagtsyz, garamaňlaý gyzlary! Bu gün sizi ýatlamda läledäki ýokarky setirleri gaýtalaýaryn, ondaky hakykatyň diňe geçmişe degişli däldigini, siziň hem paýyňyza düşendigini siz bilen bolmaly, ýürek nalaňyzy adamlara ýetirjek bolansyňyz. ˝Bagtyňyz açylanda˝, uzak obalardan gelýän gelnaljyny tüweleýe meňzederdiler. Köpiňiz üçin ol gara tüweleý bolupdyr.
Gyz toýy... Onuň tüweleýiň tizliginde geçýän şagalaňy gelin-gyzlaryň gara öýde gyz üstündäki dalaşy, oglanlaryň gelnalja kesek zyňmasy bilen gutarardy. Gelnaljy gider, töwerekden ýygnanan märeke bada-bat dargar. Gyz çykaran öý gugaryp galar, içerini-daşaryny ýakymsyz ümsümlik gaplap alar, gyzyndan aýrylan ene gussa batyp, gözýaş eder. Bu kada girip giden zatdy. Iki-ýeke hyzmat edýänler gelnalja çekilen tabakdaky ezilen dogramany gara gazana ýygnarlar, mala beräýmeseň, ony iýjek ýokdur. Hakyky dograma meňzänok, meňzemelem däldi. Dogralan nanyň her bölegi gulak ýaly, ne et bar, ne-de ýag. Muňa nähili düşünseň düşünip oturmaly. Gyz almaga gelenleriň islegsiz myhmandygy duýduryljak bolundymyka? Gyz toýunyň çyn toý däldigini nygtamak üçin tapylan emelmikä? Gelnaljynyň depesinden inýän kesekler, eýse şony tekrarlaýan alamat dälmi näme!
Gyz gitdi, onuň bukjasynam alyp gitdiler. Bukja gelniň baran öýünde mertebesine göterjek zatlaryň biri. Bukjadaky ululy-kiçili geýimleriň, parçalaryň, ýaglyklaryň sany köp boldugyça, gaýyn öýünde gelniň sarpasam şonça artýar. Bukja kolhozyň surnukdyryjy işiniň gapdalyndan gyzlaryň başyna düşen agyr hem ýakymly aladady.
Gara öýmüziň ortasyndaky ojagyň gyrasynda pelteli çyra ýanyp dur. Ondan göterilýän inçe ajy tüsse gözüňi awuşadýar, ýaşardýar. Onuň gapdalynda gyz doganlarym dyzlaryna berkidilen keteni bölegine keşde çekip otyrlar. Iňňeden çykýan nepis keşdeleriň owadanlygy bilen porsy çyranyň solak şöhlesiniň arasyndaky näsazlygy olaryň gözleriniň ýagtysy düzleýändir diýäýmeli. Olar tä ýassy wagty bolýança pelteli çyranyň gapdalyndan galmazlar. Keşdelere syn edenlerinde, ýüzlerine düşýän ýagtylyk artan ýaly bolar, ýadawlygy syryp taşlar, ýene keşdiňňäniň gözünden ýüpek sapak geçirerler, ertir agyr iş bardyr öýtmezler...
Ekin meýdanynda keşde çekmegi brigadir gadagan edýärdi, şonda-da çaý-nany çaltrak iýip, iň bolmanda, ýekeje keşde çekmenlerini-de gowy görerdiler. Şol gezek olar meni esewançy goýdular, brigadir göründigi duýdurmalydym. Gyzlar okarygyň ugrunda hatar oturyp, keşdä gümra boldular. Ogulla gaýnap duran tüňçesini-de unutdy.
– Seredeweri, jigim, çaýymyza siňek gaçyraýma. – ˝Siňek˝ diýende brigadir Nediri göz öňünde tutup aýdypdy, gyzlar düşünip, gülüşdiler. – Öten gije gutarman ýatjak däldim-le, ˝içýanagzyň˝ ikisi galanda, artyp, çyraň peltesi gutaraýdy.
Bäş ädim gapdaldan, gowaçanyň gür ýerinden brigadir zompa çykdy. Ol öňden gizlenip ýatan bolmaly. Gygyryp, gyzlara duýduryp durmaga pursatam bolmady. Brigadir Ogulla topuldy, onuň dyzyna berkiden işini gödeklik bilen dartyp aldy.
– Men saňa çaýa gaçan siňegi görkezerin – diýip gygyrdy, gaharyna demi gysdy öýdýän, haşlady. Gyzlar hasyr-husur işlerini horjuna dykdylar. Brigadir olara üns bermedi, ýagysy Ogulla görgülidi. Gyrasyna owadan keşde çekilen gyzyl keteniniň bölegini depesinde galgatdy, ony näme etjegini bilmän, janserek boldy. – Sen başbozarlyk etdiň, bäş zähmetiňi kesjek.
Ogulla elini uzadyp ýalbardy:
– Gaýdyp bara, elime almaýyn, her gün garzynkamy barla-da göräý, alma, ber şonymy, Nadir aga. Yrym etdim, ýamana ýormaýyn, jan byrgat, biz bilen deň bolma, biz çagaň ýaly adam-a...
– Siz adam däl, gepe düşünmeýän haýwan!
Brigadir elindäkini üýşmek közüň üstüne bulap urdy. Ogulla içini çekip oda topuldy, brigadir ýoluna böwet boldy. Ogulla aýagy bişen ýaly zowzuldady.
– Günä galma, Nedir aga, waý, galdyr ony!.. Waý-waý, ýandy-da!..
Keteni tüsselemäge-de ýetişmedi, ýalyna gaplandy. Keteniniň ýalnynyň çoguna tüňçedäki gaýnag suw gaýtadan lasyrdap, bokurdakdan ýokary galdy. Gyzlar iş ýerlerine pytrap gitdiler. Ogulla okarygyň ýumşak raýyşyna özüni goýberdi, ýüzüni tutup aglady.
– Iş bitirdiň, meýdi ýanan! – diýip, jabjyndy. Eden işinden lezzet almadyk brigadir başyny atyp, böwrüni diňläp barýardy.
Şol gyzlaryň arasynda meniň doganymam bardy. Eger brigadir onuň keşdelän ketenisini oda atan bolsa, men näderdim diýýärin. Zyňylan matany kakyp alardym-da zut gaçardym, brigadiriň kowalap ýetmejegini bilýärdim, ol demgysmalydy. Ogullanyň işi oda atylanda, bu pikir kelläme gelmändi.
Maşgala bähbidine ram etdirilen aňym üçin Ogullanyň bähbidini goramak meniň borjuma girmeýärdi.
Oglanlyk döwrümiň oba gyzlaryny ýatlaýaryn. Olar uzak geçmişde galdylar. Wagtal-wagtal oba baramda sorardym, olaryň dirisinden öleni köp diýerdiler, köpüsi kyrk bilen elli ýaşyň arasynda dünýäden ötüpdir. Olaryň biri-de orta bilim almandy. Ol wagt hökmany ýediýyllyk bilim berilýärdi, oba ýerinde orta mekdep ýokdy, orta mekdepler şäherdedi. Kim şähere gyzyny ibermäge het etjek? Gyzlary öýden awara goýup bolar diýen pikir obalylaryň serine-de gelmezdi, oglanlary ibermek ýaňy-ýaňy başlanypdy. Oglanlaryň köpüsiniň, gyzlaryň hemmesiniň mekdepden soňky ýoly kolhozyň ekin meýdanyna tarapdy. Okamaga, ýazmaga-da zerurlyk ýokdy, eliňde kolhozçynyň zerur guraly: pil, kätmen, orak bolmalydy.
Gyzlar durmuşa çykarylsa-da, il arasynda aýdylyşyna görä, satylsa-da, kolhozyň gara işinden dynmazdylar. Ýat obalara düşerdiler, ýöne ol ýerde-de şol bir tanyş işdi, gowaça meýdanynda ajy der dökmelidi. Hemmäniň maňlaýyna ýazylan artyp galmyş gowaça diýerdiler. Ak altyna deňelýän ak ýüpek pagtanyň ak harmanlary beýgeldikçe, aýal-gyzlaryň meňzi jöwza güne garalýardy, billeri bükülýärdi. Aý aýdyň gijeler läle kakýan gyzlaryň gussaly owazyndan olara garaşýan agyr günlere nalyş duýmaly ekeni. Men muňa soň düşündim. ˝Çuňňur guýa daş atmagyň˝ manysy ˝ýat illere gyz satmakdan˝ has giňdi. Kolhozyň gulçulygyny hakyky manysynda göz öňüne getirip bilmeýän adam neneň ondan gutulmagyň ýoluny agtarsyn?! Bu gulçulyk maşgala-tire baknalygyndan has parhlydy. Öň gyzlaryň ykbaly ene-ata, tire ýaşulusyna bagly bolan bolsa, indi sowet döwletiniň kuwwatyndan sarsmaz gala öwrülen kolhoza, onuň başlygyna baglydy. Bu ýerde ene-atalaryň söýgüsi, isleg-arzuwy hasaba geçmeýärdi, bu ýerde öňi bilen döwletiň bähbidinden, onuň mizemez düzgüninden ugur alynýardy.

10комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.