Ilkinjilerim...
Ilkinji eşdenim ene hüwdüsi,
Ejemiň söýgüläp aýdan sözleri,
Gözlerim açylyp ilki görenim,
Mähriban käbämiň mährem gözleri.
Ilkinji terbiýe öwreden ynsan,
Kakamyň agrasdan nurana keşbi,
Söz bilen däl, zähmet bilen öwreden,
Mydam gerdeninde maşgalaň keşgi.
Ilki bolup edep öwreden ynsan,
Ol ýeke ynsan däl,
Ol tutuş obam,
Şol obaň paýhasly ýaşululary,
Edebiň nusgasy dowamat-dowam...
Ilki bolup sowat öwreden ynsan,
Bizi perzendinden eý gören zenan,
Mugallymym, saňa baky bergidar,
Ömrüň uzak bolsun, ojagyň aman.
Ilkinji söýgüni görkezen ynsan,
Umman gözlerinde gark bolan duýgym,
Gözlerin görmegi bagt saýanym,
Ömürlik ýoldaşym, ýatlama, gaýgym.
Watan goramagy öwreden ynsan,
Gulluga ugramda akja wagonly,
Mertligiň nusgasy, dag ýaly bolup,
Bizi garşy aldy maýor pagonly.
Ykbalyň synagly menzillerinde,
Mydam bagtlysyňyz, ýagşa ýarsyňyz,
Ezizlerim, ykbalymyň peşgeşi,
Siz meň ýüregimde ýaşaýarsyňyz...
Maksat ESENOW.
Ejemiň söýgüläp aýdan sözleri,
Gözlerim açylyp ilki görenim,
Mähriban käbämiň mährem gözleri.
Ilkinji terbiýe öwreden ynsan,
Kakamyň agrasdan nurana keşbi,
Söz bilen däl, zähmet bilen öwreden,
Mydam gerdeninde maşgalaň keşgi.
Ilki bolup edep öwreden ynsan,
Ol ýeke ynsan däl,
Ol tutuş obam,
Şol obaň paýhasly ýaşululary,
Edebiň nusgasy dowamat-dowam...
Ilki bolup sowat öwreden ynsan,
Bizi perzendinden eý gören zenan,
Mugallymym, saňa baky bergidar,
Ömrüň uzak bolsun, ojagyň aman.
Ilkinji söýgüni görkezen ynsan,
Umman gözlerinde gark bolan duýgym,
Gözlerin görmegi bagt saýanym,
Ömürlik ýoldaşym, ýatlama, gaýgym.
Watan goramagy öwreden ynsan,
Gulluga ugramda akja wagonly,
Mertligiň nusgasy, dag ýaly bolup,
Bizi garşy aldy maýor pagonly.
Ykbalyň synagly menzillerinde,
Mydam bagtlysyňyz, ýagşa ýarsyňyz,
Ezizlerim, ykbalymyň peşgeşi,
Siz meň ýüregimde ýaşaýarsyňyz...
Maksat ESENOW.
2комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.