Ygrar...
Şatlygyñy paýlaş,
Begençli çagyñ.
Ýylgyr,
Gül ýüzüñde galmasyn gussa.
Bagt garşa-garşa öpsün alnyñdan
Nur çaýsyn roýuña esseme-esse.
Mahal-mahal çaýlaş,
Dök bar derdiñi
Galmasyn ortada aýdylmadyk syr.
Özüñi hiç haçan duýmagyl ýalñyz,
Kalbyñdan geçeni maña aýdyp dur...
Özüñ aýtmanmydyñ;
"Hiç kim galmasa,
Seniñ galjagyñy bilýän ýanymda".
Eýse näçe wagt geçdi bu sözüñ
Pisse dahanyñdan çykan dessine
Ýüregime ýazyp zer harplar bilen
Sagat däl,
Bir gün däl,
Hepde däl,
Aý däl.
Ençe aýa çeken hijrandan soñra
Aýralygy undup ýene öñki deý
Bagtyma gowşuran wagtyñdan bäri?!.
Ýa-da köp görýäñmi beren bagtyñy
Kamaz tekeriniñ astynda galyp
Mynjyran konserwañ gapyrjagyna
Meñzäp duran büklüm-büklüm göwnüme?!.
Belki, az görýänsiñ goşuñy düwüp,
Birdenkä kalbyñda tüweleýleýän
Hyýallañ şemaly aklyñ uçuryp
Ýalñyz taşlap gideniñi gäwürleñ
Orta Ýer deñziniñ suwuna ýuwlan
Gyýçak-gyýçak daşly kenarlaryna...
Näçe wagt oñup gezerin öýdýäñ,
Ýagyş ýagsa penjiräñi çañyna
Bulap seniñ hysyrdyñy köpeldýän
Hem-de köçelerde ýarym-ýalañaç
Elleri piwoly keýp çekip ýören
Bihaýa adamlañ doglan ýurdunda...
Ýa kynmy bagtyña gowuşmak üçin
Eliñde bar bolan käbir zatlaryñ
Bähbidinden gözüñ ýumup geçmeklik?!.
Bagt diýilen zat, bolma:nam gelip
Eger-de özümiz dik tutup başy
Dagdan mum tüpeñläp alnyşy ýaly
Her dänesin gyryp-gyryp almasak
Birwagtlar ýazylanda täleýim
Maña çawuş çakyp aýan edipdi
Depämden añsatja sallanmajagyn...
Özüñem bilýänsiñ,
Çaga şumjaryp
Gözünden nem çykarmasa bir damja
Hem açgözlük bilen enäñ göwsüni
Sokjamaga ymtylmasa az-owlak
Süýt inen emjekden paý almajagyn...
Emma sen çaga däl, menem ýetginjek
Eýýäm geçip barýas ýarym aýlawy
Göräýmäge giç sataşan ýaly biz
Nätjek,
nesibe-dä,
wagty gelende
Ne iri bilermiş,
Ne-de bir giji,
Bolarmyş ykbalyñ öz saýlajagy...
Men barybir senden gidip bilmerin
Sen gidiber,
nirä gitmek isleseñ
Men juda minnetdar Genjim beg ýaly
Gaşyny çytsa-da, bir zat sorasam
Arabyñ gyzyny görende joşup
Malyny Görogla eçilşi ýaly
Seni maña beren husyt Ykbaldan...
Sen gidiber,
nirä gitmek isleseñ,
Biziñ söýgimizden köpelip, örñän
Nesillermiz ýaşap ýörse jahanda
Biz ýene-de duşuşarys,
Görşeris...
Haçan geleñde-de bir zady bilgin:
Seniñ üçin,
Dogran çagalañ üçin
Ne-hä köñül ojagymyñ ýumrulan
Duluna özgäni oturdyp bilmen,
Ne-de aladamy egismek üçin
Özge erkekleriñ edişi ýaly
Düşegine salyp bir bigänäni
Bilinden gysymlap bir eli bilen
Aýaguja howul-hara oklanan
Äwmän, iner kimin burnun parladyp
Üstünde haýdaýan pyýadasynyñ
Balagynyñ kiselerni sermeýän,
Ýa-da görjek bolup soñ bir haýryñy
Tenin peşgeş berýän ýeñles gyzlaryñ
Hiç haçanam golaýyna barmaýan...
Çünki menem bilýän gürrüñ açylsa
Zenany garalap, erkegi aklap
"Erkek - eşek" diýilse-de barybir
Bir ýassykda,
Bir düşekde baş goýup
Diñe bedeni däl,
Dünýäsi, ruhy
Bir gözele bagş edilen wepasy
Erkegiñ namysy, erki, ygrary
Gyzyñ namysyça goralan çagy
Diñe özüniñ däl,
bilinden önen
Zürýadynyñ ary
alnynyñ agy
Bolup galýanyna düşünip durkam
Eý, meniñ Melegim,
Eý, meniñ Bagtym,
Men bolaryn size baky wepaly!
Has TÜRKMEN.
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.