"Dünýä neneñ kirli, niçiksi hapa..."

."

Dünýä neneñ kirli
Niçiksi hapa.
Üst-başy nejasat
Çar ýany zibil.
Haramlygy kesp edinen betpälleñ
Pyglyndan duýdansyz tapynyp tebil
Gerdişini aýlap öwrüläýenok.
Çöwrüläýenok
hem sodomlylary
duza öwürşi deý Öli deñzinde.
Şatlyk bar kişiniñ hakyny iýip,
a:ryn basgylanlañ lopbuş meñzinde.
Jähennemiñ ätişgirniñ yzy bar
Sütemkärleñ mañlaýynda, omzunda.
Ejiziñ, naçaryñ mertebesini
Depgilänleñ
hem-de depgilemäge
höweslileñ bili jomrulaýanok.
Dünýä neneñ arsyz,
Niçik binamys
Öz-özi gädilip
ýumrulaýanok!
Gaýtam işi rowaç şer iş tapanyñ!
Al-ha al,
Ur-ha ur,
gapan-gapanyñ.
Iblisiñ okuwyn çykanlar üçin
Loly dünýäñ nämesi bar gyzara?
Bir uranyñ galar, birem depeniñ!
Birem mesligiñe çydaman uwlap
Guduzlan it ýaly herýan bökeniñ.
Älhepus, bu zatlañ ýigrenjiligni,
Añyñy bulaýar betniýet päller.
Şeýtany ozduran ikiaýaklylar
Garawsyz naçarlañ geçjek ýoluna
Taslaýar her daýym müñ dürli a:llar.
Dünýä bulam-bujar,
Tozan,
Batgalyk.
Ýöne gynanamok hapysalygna
(Gynanañda näme, üýtgeýän zat ýok)
Ýöne gözel zatlañ nepisligine
Hapa dünýäñ hapa adamlaryndan
Hemişelik tegmil,
Şek ýetýänine
Gynanýañ,
Gynanman gezip bolanok,
Dünýäni özüñçe düzüp bolanok.
Ne arassalap bolýar,
ne ýuwup,
sylyp.
Nebileñ,
welileñ,
akyldarlaryñ
Dilinden tüý çykmyş diýlip-diýlip.
Heý, arsyz-namyssyz
Nekgende dünýe
Ýit, ýok bol-a, seni gözüm görmesin!
Mysalañ näteñet,
Pormyñ gurasyn!
Has Türkmen
1 лайков 136 просмотров
1комментарий
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
yusupahmet12
05 авг 2022, 00:08
Has Turkmeniñ goshgylarynda soweshjeñ pafos gaty guycli duyulyar. Onuñ shygyr gahrymany durmuş~ýsşaýyş nogsanlyklarynyň ajydäne maňyz kibi kössüni soka salyp mynjyratmaga taýar, söweşjeň adam. Onuň durmuş~ýaşaýyşda görýän, ynsanyýet ynsabyny bogup taşlamaga çalyşýan adamkarçiliksiz apatyň azaru~yzasy liriki gahrymanyň hyjuw çägini bar~ha giňeldýär. Şeýlelikde, ýamanlyga, nogsanlyga garşy hyjuwly ymtylyş şahyryň goşgylaryna şöweşjeňlik ruhyny berýär. Umuman, Has Türkmen poeziýa äleminde öz poetik ugruna eýe bolan şahyr.