Italmaz neresse
Italmaz neresse hemişe bir ýere aşa howlugýan ýaly, nirededir bir ýerde gymmatly bir zadyny ýadyndan çykaryp,şony tapmaga alňasaýan adam ýaly ýaşaýardy.Gepleýşi-de, pikir ýöredişi-de, küşt göçüşi-de çalt hem-de şeýle tagaşyksyzdy. Kellesine gelen pikiri-de, bu aýdanlarym garşydaşyma nähili täsir ederkä diýip, oýlanşyp oturmazdy-da, aýdyp oturybirdi.
Bir gezek – Italmaz şol mahallar "Edebiýat we sungatyň" sungat bölüminde işleýärdi– şeýle ýagdaýyň şaýady boldum.
Çilim çekişip durkak Gurbannazar redaksiýanyň gapysyndan girip barýan daýaw pyýadany gördi-de, gözüni gyrpyldadyp, başyny ýaýkady.
–Baý, içigar, ýene gel-dow bi. Şu ýere gatnap peteň-bizarymy çykarýar. Häzir bolgusyz goşgularyny okap, bar keýpimi alar. Şu gün agşam gowja oturyp işläýjekdim-dä.
Italmaz Gurbannazaryň ýüzüne çiňerildi:
–Sen näme, onuň bilen gepleşeňde ýöwsellik edýäň. Goşgularyň bolanok, bar öz işiň bilen bol diýerler.Wessalam. Goşgy barada leksiýa okap, ondan şahyr ýasaryn öýdýäňmi?!
–A-haw, ol MK-a arz ederin diýýär-ä!
–Gitsinde OON-a arz edäýsin!
Gurbannazar az-kem oýlanyşyp durdy-da, gözlerini güldürip, Italmazyň elinden ýapyşdy.
– Jan Italmaz, bar git-de şol goja ýaş şahyr bilen özüň gepleşsene. Gaýrat edip, şony gaýdyp meniň ýanyma gelmez ýaly etseň, ýarym litriň menden. Ýöne meniň şu ýerde bardygymy oňa aýdaýmagyn.
Italmaz çilimini bir gapdala oklap, ýaňky geleniň yzyndan eňdi.
Gurbannazar dişlerini ýaldyradyp, hezil edip güldi-de, egnime kakdy:
–Bar, Italmazyň nädýänini gör. Soň maňa gürrüň berersiň.
Barsam, goja "ýaş şahyr" Italmazyň gabat garşysynda dik durup, sahnada çykyş edýän ýaly, ellerini howada galgadyp goşgy okap dur.
"Ýaş şahyr" ikinji goşgusyny okamakçy bolanda Italmaz ony saklady.
–Ýaşuly sen näçe ýaşyňda?!
– Kyrk bäş.
– Näçe ýyl bäri ýazýaň?
– Aý, özümi bilelim bäri ýazyp ýörendirin. 1945-nji ýylyň Ýeňiş gününde-de goşgy ýazypdym. Ýöne çykarmadylar.
– Her ýyl ýaş ýazyjylaryň seminarlaryna-da gatnaşýansyň?
– Hawa-la, sypdyrlýan däldir.
– Şu wagta çenli näçe goşgyňyz çykdy?
–Raýon gazetinde bäş-alty goşgym çykdy.
Italmaz otly çöpüni ala-şakyrdy edip çilim otlandy. Birdenem böküp ýerinden turdy:
– Ýaşuly, sen nirede ýaşaýaň?
– Gökdepede.
– Kolhozda ýaşaýaňmy?
– Hawa-la. Tüýs päk zähmetiň joşýan ýerinde.
– Sygryňyz, goýunlaryňyz barmy?
– Wah, bar-la. Ynha oba barsaň, berre guzy öldürip hezzetläýin.
Italmaz awuny aljak gaplaň ýaly düýrükdi.
– Sen näme etmeli diýsene, ýaşuly. Häzir şu ýerden awtostansiýa barmaly-da, gös-göni öýüňize gaýtmaly. Barybam, mal-garaň, hojalygyň bilen bolmaly. Bolgusyz goşgularyň bilen redaksiýanyň işgärleriniň başyny agyrtma. Senden ýüz ýyllap ýazsaňam, ýeke goşgy çykjak däl.
– Weýt-weýt, nädýäň-aý sen. Men arz ederin. Goşgularymy goýup gitjek. Maňa ýazmaça jogap beriň? Arzamyň ýanyna diker ýaly.
Goja "ýaş şahyr" şeý diýdi-de, bir petde golýazmany Italmazyň öňünde patladyp goýdy. Italmaz stolunyň üstüni tozadan kagyz topbagyny bir çete goýup, ýaşula ýüzlendi.
– Goşgularyňa jogaby gazet sahypasynda alarsyň."Edebiýat we sungatyň" tiražy elli müňdenem gowurakdyr. Her arzaňa birini çatsaňam galan ömrüňe ýeter.
Bu aýgytly söz ýaşula tok uran ýaly täsir etdi. Ol göwresine gelişmeýän çaltlyk bilen goşgularyny garbap aldy-da, dazlap çykyp gitdi.
Italmaz çilimini kükedip durşyna çalaja hyžžyldyly gülkisi bilen kikirdedi.
Dogry-da, walla! Käbirlerine şeýle düşnükli edip aýtmaly.Ýogsam, öz göwünlerini aldaşyp ýörler.
Käteler tas otuz ýyl mundan öň bolup geçen şu wakany ýatlap, oýa batýan. Ol döwürde respublikaň gazetleriniň sany azdy. Diňe "Edebiýat we sungat", "Ýaş kommuniste" diýäýmeseň, beýleki gazetlerde goşgam berilmezdi. Indi gazetleriň, žurnallaryň hataram artdy. Haýsy gazeti açsaň, üçünji, dördüniji sahypalary goşgydan ýaňa hyň berýär. Özlerem hakyt suratly. Ine görseň ýaş şahyr Beýik Magtymguly ýaly, nazaryny uzaklara dikip, külli türkmene "gözüni aýlap" otyr. Gözleri dagyn içiňden geçip gelýär. " Baý-baýow, bi seredişi bilen goşgy ýazyşy nähilikä" diýip okap başlaýaň. Ynha, tüýs gözüne söweýin, içi pak, badyhowa setirler.
Eziz, Watan, şahyr ogluň unytma.
Setirleriň meň ömrümi uzaldar.
Şygyr bilen ýaşap halkyň kalbynda,
Ölmesem şu toprak ýaşadar meni.
Şygyrlarym mertebäňe baýdakdyr,
Meni undan günüň galdyň gözýaşa, Dowzaha düşdüň sen meni söýmäňsoň.
Aý, garaz, şeýleräk, şuňa meňzeşräk-dä. Hawa, oýa batyp oturşyma hyýalymda Italmaza ýüzlenýän: " Wah, bularyň köpüsine seniň şol dogruja sözüň gerek. Ýogsam, şahyrdyryn öýdüp, öz göwünlerini aldaşyp ýörenler sary çyrmaşyk ýaly köpeldi".
Hudaýberdi DIDARBERDIÝEW.
"Çuwal bagşy" kitabyndan. "Kalbymda galan keşipler" bölümi.
(Ýazga geçiren Esma)

2комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.