Galmasyn

Söýgüm, kabul eýle janan,
Ýürekde perýat galmasyn,
Yşk, ýandyrdy onki synam,
Öçür onda ot galmasyn.

Bagt, bazaryn gyzdyryp gel,
Päk söýgüňi syzdyryp gel,
Görüplerden ozduryp gel,
Duşman ýüzi şat galmasyn.

Sökeli, ömür ýodasyn,
Bozmany kaým-kadasyn,
Göter gülüm yşk badasyn,
Boşat syrdan zat galmasyn.

Barlyk, gözel seniň bilen,
Söýdüm artyk kemiň bilen,
Kalbyň birle meniň bilen,
Gaýgy-gussa wagt galmasyn.

Synaglarda, mert duraňda,
Çäresi bor, dertleriňde,
Dünýäň, taryh depderinde,
Bizden ýaman at galmasyn.

Süleýman Tekäýew
3 лайков 103 просмотров
5комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Abdilla85
06 янв 2024, 13:22
Gowy, soygi barada arassa mazmunda yazylan goşgy. Suleyman shahyr soygilisine cyn yurekden yuzlenyar. Oña ozuniñ ashyklygyny halys ykrar edyar. Magshugynyñam ykrar etmegini umyt-arzuwa beslenip
isleyar. Ilkinji nobatda cyn soyginiñ simwoly bolmagy, yrga soyjiniñ girdabyna dushup, il icinde yaman atly bolup galmazlygy isleyar. Liriki gahryman magshugy bilen birlikde durmushuñ her gornushli kyncylyklaryny el tutushup yeñip gecmage yuz prosent tayar. Gahryman
hakyky soygi sutuniniñ berk binyadyñ mizemezligine goshandyny goshmagyñ ugrunda hic bowetden eymenenok. Magshugy hemishelik yanynda bolsa oña yeterlik. Oña yagny soygilisine bashyny gurban etmage dowtalap.
Süleýman
Автор 06 янв 2024, 19:56
Abdylla85,
sag bolun minnetdar ýene-de bellik pikirleriňize garaşýan garaşýan
Jacksparro
09 янв 2024, 00:52
Düzetmeli ýerleriň bar... Üstünde gowy işlemeli...
Myrat
09 янв 2024, 07:48
JackSparro, Mysal üçin niresini?
Myrat
09 янв 2024, 07:53
Abdylla85, Bähh, tuweleme, sizä kitaplara anataçyýa ýazybermeli şu talandyňyz bilen.