Däliden dogry habar

DÄLIDEN DOGRY HABAR

G. A.

Gel, bar zady edeli biz ýerbe-ýer,
Bar zady edeli çöp döwlen ýaly.
Bu nä duýgy boldy —
Jana derdeser?!
Mundan beter nämemiş muň hyýaly?!

Ýa bile gideli bir ýola düşüp,
Ýa rugsat ber —
Öz ýoluma gideýin.
Men ýaşap bilemok çöküme düşüp,
Dyzym epilenok —
Nalaç edeýin!

Ýitgiler kän.
Ýene birne dözüler.
Oda ýanyp boldummy men gap-gara?!
Gowsy «Ýok» diý —
Göni bakyp gözüme,
«Hawa» diýme —
Ýüzüň sowup gapdala.
7 лайков 173 просмотров
4комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Hiayress
Автор 08 авг 2022, 09:16
HAWA, DOGRY...

Biwepalyk edip, bagtly bolan ýok.
Enäni ynjydyp, alkyş alan ýok.

Döwletli bolan ýok, ogurlyk edip.
Gülen ýok, söýgüsin gözýaşa ezip.

Ile baş bolan ýok, binamys bolup.
Dişi ýylgyran ýok, ýat güli ýolup.

Söz peýkamyñ, ýok yzyna gaýtaran.
Ömür sazyn, ýok täzeden gaýtalan...

Hawa, dogry.
Köre hasa bu zatlar.
Ýöne nirden çykýa munça güzaplar?

Nirden çykýa munça gözýaş,
Munça gan?
Düşünýän kän.
Jogap berjek barmykan?
Hiayress
Автор 08 авг 2022, 09:17
***
Dag başynda mesgen tutan bürgüdi
Düşurip, düz ýerden ýöredip bolmaz.

Bir içerä wepa bermedik äri
Il-günüň derdine ýaradyp bolmaz.

Bir äre dodagyn çöwren zenany
Ikinjiň agzyna garadyp bolmaz.

Ýeke sözden buza dönen ýüregi
Gaýdyp müň söz bilen eredip bolmaz.

Adamyň ykbaly Gün ýaly bir zat —
Gözüň gamaşdyrar, seredip bolmaz.

Şiraly NURMYRADOW
Kleopatra
08 авг 2022, 09:24
Gel, bar zady edeli biz ýerbe-ýer,
Bar zady edeli çöp döwlen ýaly.
"Men-ä garshy däl"))
Mahri
08 авг 2022, 13:55
Gowsy «Ýok» diý —
Göni bakyp gözüme,
«Hawa» diýme —
Ýüzüň sowup gapdala.
Su setirler has tasirlije like++++