♦ ♦ ♦
Eziz watandaşlar, bu ruhy belent duygular, mert ýürekler türkmen milleti döräli bäri köp adamda bardyr, menem şolaryň biri, diňe adamlaryň köpüsinde şu gylyklar bolany üçin türkmen milletiniň dowamaty bardyr.
Adam ogly ömrüniň iň uly iki meselesini juwan çaglary çözmeli bolýar: birinjisi, ömrüniň manysyny açyp biljek kär, ikinjisi, ömrüne şugla saçyp biljek söýgüli ýar.
1963-nji ýyl, Watanymy küýsäp, Leningraddan Moskwanyň üsti bilen Aşgabada gaýtdym... Şonda ikinji gezek kakamy ýakyndan tanan adama gabat geldim. Şol otluda ykbal meni on sekiz ýyldan soň kakamyň söweşdeş yoldaşy, dosty bilen duşurdy.
Bu şeyle boldy. Ol wagtlar Aşgabat - Moskwa derhal otlusy her bir şäherçäniň, obanyň gapdalynda biraz saklanyardy.
Otlyny halamayanlar hem bardyr, yöne wagonda yrgyn atyp, pikirler ummanyna gark bolup, görmedik yerlerini, yurtlaryny görüp tomaşa edip ýol sökmegin ayratyn lezzeti bardy.
Otlynyň ýolbeledi Aşgabadyň etegindaki Yalkym obasyndan Çary aga atly dogumly türkmendi. Yolda Çary aga bilen tanyşdyk.
Adamlar hil-hil, dürli-dürli bolýar. Bir adam bolýar, göreninden gözün dokunyp, onun bilen tanṣasyň, gatnaşasyn gelýär, ikinji bir adam bolýar, ýanyňa gelip otursa, turup gaçasyn gelýär. Men çagalygymdan başlap bir zady takyk bildim, bizin türkmen halkymyz soranjan halk. Çary aga-da soranjan adam eken.
-Inim, käbir adam soraşyberseň gaty görýär: «Sen näme, sorap-idäp, sülçümiň-süýtmüň?» diýip. Türkmenimiz: <
Onyança bir nemes radio arkaly gygyryp başlady, biri rus diline terjime edip «> diýip düşündirdi. Şol wagt ýüzden gowrak yesir düşenler hatara durdular. Yene-de radio arkaly:
-Araňyzda kommunist bar bolsa, hatardan iki ädim öne çyksyn! diýip, dört-bäş gezek gaýtaladylar. Hatarda duranlaryň öňünde her on ädimden üç awtomatly nemes esgerleri durdy. Birden men tisginip gitdim, gapdalymdan biri: - Atamyrat çyk! diýip elini uzadyp gygyrdy. Sonundanam Çilimi kime bermelidigini indi bilersiň diýip samrady. Muny gören, eşiden nemes esgerleri ylgap gelip Atamyrady, öňümizde on-on bäş ädimlikde yatan gorpuň gyrasyna südenekledip eltdiler. Yene-de birnäçe adamy üýşürip, şol wagt gözümizin alnynda pulemyota tutup atdylar, ölenleri gorpa taşladylar, yatan ýerleri ýagty bolsun! diýip, Çary aga jübüsinden yaglygyny çykaryp gözüni süpürip, maña müýnürgenip seretdi. Yok, ol yalňyşmady, menin gözümde yaş ýokdy, gamgyn şekilimi görmedi, göyä men onuň aýdanlaryna ynanmayandyr öydüp: Oglum, ol wagtlar nemes goşunlarynyň arasynda Gitleriň yörite permany bardy, ýesir düşen sowet esgerleriniň arasynda kommunist bar bolsa, tutulan yerinde atmaly, beýleki yesirleri nemes yesirleri bilen çalyşmaga ygtyýar berilýärdi. Menem beýlekiler bilen, yesir çalşygyna düşüp, uruşdan son sag-aman gaýdyp geldim - diýip, meniň yüzüme yene-de sine seretdi.
Çary aga, beren gürrüňine sag bol, bu zatlar pelegiň - diýip, otlynyň penjiresine gözümi dikdim, onun
anyrsynda mele çäge akyp barýan ýalydy, otly Türkmenabatdan geçip, Repetegiň çägeliginin üsti bilen süýnüp barýardy. Menin göz önümde eziz kakamyň sütün ýaly merdana şekili janlanyp, päkize pikiri: «>, «Seniň ataň şeýle-şeýle örän ynsanperwer adamdy» diýip öwýärler, magtaýarlar, ýürege ornaýan hoş söz aýdýarlar. Hey, şundan ulam bir baylyk bolarmy?!
Soň, ýyllar geçensoň, men şol yesirlikde çilim çekişen adamlaryň ykbaly bilen gyzyklandym. Olar yesir çalşykda boşap, uruşdan son üçüsi hem öz obalaryna gaýdyp gelipdirler, ýöne olaryňam ykbaly agyr bolupdyr, olaryň ikisi Aşgabat etrabynyň obalaryndan, 50-nji ýyllarda biriniň teni ysmaz bolup, dili, akyly üýtgäp dünýäden ötüpdir, ikinjisi öz öyünde asylyp ölüpdir. Üçünjisi Gökdepäniň bir obasyndan, olam uruşdan soňky ýyllar otlyň ýoluna özüni atyp ölüpdir.
Bu dünýäde hasapsyz zat ýok diýýäris. Eden etmişiň üçin jogap sorayan dünýä bu.
Uruş, gör nähili aýylganç! XX asyr adamzadyň ykbalynda awuly, uly ýitgili, köp pidaly, gandöküşikli wagsy asyr boldy. Iki dünýä uruşlary, onlarça sebitara, döwletara agyr uruşlar boldy, olara zorluk bilen, isleg bilen biziň
watandaşlarymyz- -türkmenlerem gatnaşdy. Diñe ikinji jahan urşunda, nemes basybalyjylaryna gargy söweşlerde 740 mün türkmen wepat boldy, onlarça müň adamlar maýyp boldular. Ol watandaşlarymyzyň ýitgisini mal bilen, pul bilen ölçäp bolmaz, biz uruşda şehit bolanlaryň hemmesine türkmen döwletinin gahrymanlary diýip at berdik. Goý, olaryň jaýlary jennet bolsun, yatan yerleri ýagty bolsun!
Uruş gutardy, diri galanlar Watanyna gaýdyp geldiler, adamlaryň ýüreginde sähelçe şatlyk döräp başlady. Emma uzak bolmady, Taňrym türkmen halkyny ýene bir synagdan geçirdi, 1948-nji ýylyň 6-njy oktyabry gijesi Aşgabatda yer titräp, owadan şäherimiz bir gijede weýran boldy. Paýtagtymyzda ýaşaýan 198 müň adamdan 176 müň adam bir gijede şehit boldular, galanlarynyň köpüsi maýyp-müjrüp galdylar... Ol heläkçilik biziňem maşgalamyza degdi, ilki agşam yatanymyzda dört başdyk, 33 ýaşly mähriban ejem, 10 ýaşly uluja doganym Nyýazmyrat, 6 ýaşly jigijigim Muhammetmyrat, şol gije şehit boldular, ertir daň atanda ýykylan öýümizin üstünde, entek sekiz ýaşy dolmadyk men otyrdym. Şeýdip, alty gije-gündiz yeke özüm oturdym, ejemiň, kakamyň garyndaşlary ýedinji gün gelip ölen käbämi, doganjyklarymy äkidip, Ymam Kasym öwlüýäsinde jaýladylar,
Sol alty gije-gündizde çagalyk döwrümin gutaranyny bildim, gözümdäki yaşlar ebedilik gurady, in soňky gezek mähribanlaryma, harabanyň astynda ýatan yerlerine seretdim, olara sessiz kasam etdim: «Ezizlerim, sizin we mähriban kakamyň ruhy ömrüm ötinçä ýüregimde yaşar, maña gayrat, güýç berer, men maksat tutdum, men sizi ýetip bilmedik arzuwlaryňyza hem yetirin, Alla meni goldasyn, men maksadyma ýeterin!>>
Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy.
Ruhnamadan.

2комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.