"MARTIN IDEN" ýa-da ýazyjynyň ykbaly
"MARTIN IDEN" ÝA-DA ÝAZYJYNYŇ YKBALY
«Dünýä edebiýaty» žurnalynyň ilkinji sanlarynda meşhur amerikan ýazyjysy Jek Londonyň «Martin Iden» romany döwrümiziň ussat ýazyjysy Atajan Tagan tarapyndan terjime edilip, okyjylar köpçüligine ýetirilipdi. Eseriň döredilen senesinden asyr aşan hem bolsa, bu roman tutuş ýer ýüzünde öz gymmatyny gaçyrman gelýär. Munuň asyl sebäbi ýazyjynyň durmuş hakykatyny açyp bilenliginde bolsa gerek. Jek Londonyň ömür ýoly bilen gönüden-göni baglanyşykly bolan bu eseriň dünýä halklary bilen bir hatarda ene dilimizde okyjylara ýetirilmegi örän buýsandyrýar. Biz munuň üçin ussat ýazyja we žurnalyň agzybir döredijilik toparyna köp sag bolsun aýdýarys.
Belli amerikan ýazyjysy Jek Londonyň «Martin Iden» romany, bir söz bilen aýdanyňda, ýazyjynyň çeperleşdirip we keşpler arkaly okyjylar köpçüligine peşgeş beren ömür terjimehalydyr. Eserde ýazyjynyň ykbaly jikme-jiklik bilen yzarlanylýar. Ýazyjynyň ahwalyna bolsa diňe ýazyjy düşünip bilýär. Bu hysyrdyly zähmetiň jepasyny çeken ussat ýazyjymyz Atajan Taganyň eseri terjime etmegi tüýs jüpüne düşüpdir. Awtoryň we terjimeçiniň ruhy sazlaşygy romany okan islendik okyjyny ýazyjynyň döredijilik dünýäsine syýahata alyp gidýär. Ine, şol ýerde hem hakyky durmuş bilen ýüzbe-ýüz bolýarsyň. Eseriň baş gahrymany Martin Iden ýaňy ýigrimi bir ýaşly ýigitdigine garamazdan, eýýäm durmuşyň kötel ýollaryny külterläp, ýaşaýşyň ýalnynda mazaly taplanypdy. Gelejekki meşhur ýazyjynyň döredijilik älemine aralaşmagy bilen baglanyşykly wakalaryň deslapky tapgyry onuň jenap Morzuň öýüne hormatly myhman hökmünde, has takygy, halasgär gahryman hökmünde çagyrylmagy bilen başlanýar. Myhman otagyndaky kitaplary gözden geçirip duran Martin ol ýerden şahyr Suinberniň goşgular ýygyndysyna gabat gelýär we onuň döredijilik aýratynlygy ýaş ýigide ýiti täsir edýär. Nähilidir bir güýç ýaş ýigidi döredijilige tarap imrindirýär. Şu ýerde hem ol döredijilik joşgunyna sebäp boljak asman melegine duçar bolýar. Ol Ruf atly gyzyň keşbinde görnüp, Martini döredijiligiň uç-gyraksyz älemine syýahata alyp gidýär. Bir bakyşda dörän söýgi ozal hem dar kapasa sygman bökjekläp duran ýürege has hem joşgun berýär.
Buržuaz gatlagyndan bolan bu gyz Martiniň deňi hem däldi. Onuň diňe bir ýaşaýyş derejesi ýokary bolman, eýsem, ol ýaşy boýunça hem ýaş ýigitden üç ýaş uludy. Gepiň gysgasy, Martin Zeminde ýaşap, asmandaky aýa aşyk bolýar. Şeýle söýgi wakalarynyň ahyry hemişe pajygaly tamamlanýandygyny durmuş bize görkeze-görkeze gelýär. Muňa garamazdan, ýokary gatlakdaky adamlary hemişe hormatlap, şol derejelere mynasyp bolmagy ömürbaky arzuw eden ýigit esasy ünsüni özüni
terbiýelemäge we ylym-bilim bilen aňyny kämilleşdirmäge gönükdirýär. Pähim-paýhasa ýugrulan kitaplar bolsa onuň «gözüni açýar». Şeýdibem, ol özünde bar bolan ukyby doly tijäp, döredijiligiň aýdyň ýoluna gadam goýýar.
Garyplygyň zynjyry Martine erkin döredijilik bilen meşgullanmaga mümkinçilik bermeýär. Şeýle durmuşdan halas bolmagyň ýeke-täk ýoly bardy: ol hem özüňdäki ägirtligi oýaryp, üýtgeşik ukyp-başarnygyň bilen şamçyrag dek ýalkym saçmakdy. Bu bolsa adaty adamyň aňy bilen kabul ederden juda çökder meseledi. Munuň üçin aň durmuşyň ownuk-uşak hysyrdylaryndan doly ýagdaýda azat bolmalydy. Özüni kämilleşdirmegiň ýoluna düşen Martin gündelik ýaşaýyş kadasyna gazaply darap, ukyny we dynç alşy çäklendirmek bilen kanagatlanman, eýsem, öňki endik eden durmuşyndan hem düýpgöter el çekýär. Ol özüni lükgeligi bilen ylym-bilime bagyş edýär.
Heniz kämilleşip ýetişmedik aň ony durmuşyň gün-güzeran meselesinden halas edip bilmänsoň, Martin gazanjyň ugruna çykýar. Onuň ýaşlykdan agyr zähmete werziş bolan bedeni islendik kynçylyk bilen ýüzbe-ýüz bolmakdan çekinmeýärdi. Ol deňzi söýýärdi, şonuň üçin ýüzüşe kän gatnaşypdy. Hususanam, gämilerde agyr işler bilen meşgul bolan ýigit sözüň doly manysynda taplanypdy.
Ol «Gyzgyn çeşme» myhmanhanasynda geýim tämizleýji bolup işe başlaýar. Bu ýerde ol Jo atly işjanly ýigit bilen dostlaşýar, ýöne işiň diýseň surnukdyryjy ýagdaýy onuň eline kitap almagyna hiç maý bermeýär. Günüň on dokuz sagady aýak üstünde geçirilensoň, diňe «iş-uky, uky-iş» düzgüni höküm sürýär. Endige öwrülen işine halys eli ýetmeýän ýigit ýüregini bire baglap, kyn hem bolsa döredijilik bilen gazanç etmegiň kül-külüne düşýär. Onuň beýle hyýala münmegine bolsa, gazetlerde
döredijilik üçin tölenýän galamhakynyň ummasyz möçberi barada häli-şindi peýda bolýan mahabatly makalalar sebäp bolýar.
Martin Iden aýal doganynyň öýüni terk edip, döredijilik bilen meşgullanmak üçin Mariýa Silwa atly aýalyň öýünde kireýne ýaşap başlaýar. Uzakly gününi kitaplara we döredijilige bagyşlan ýigidiň galamynyň astyndan goşgulardyr makalalar, hekaýalardyr powestler suw ýaly akyp başlaýar. Onuň esasy maksady tizräk meşhur ýazyjy bolup, özüni ykrar etdirmek we şeýtmek bilen Rufuň göwnüni awlamakdy.
Okaýan kitaplary onuň sözleýşine düýpli täsir edip ugraýar. Herekete gelen aň onuň ruhuny baýlaşdyryp, açlyga-horluga döz gelmäge gurbat berýär. Ol özüniň meşhurlyga ýetjekdigine halys ýürekden ynanýar, sebäbi döredýän eserlerini gazet-žurnallardaky eserler bilen deňeşdirende, çeperçilik taýdan ýokary bolmasa, pes däldigini duýýar. Ýöne redaksiýalara yzygiderli ýollanýan golýazmalar «uzak syýahatdan» soň markasy çalşylyp ýene yzyna gaýdyp gelýär. Muňa garamazdan, Martin işlemegini dowam edýär we özüniň nurly güneşiniň dogjak gününe sabyrsyzlyk bilen garaşýar.
Martiniň golýazma salynýan bukjanyň daşyna ýelmenýän marka almaga pul tapmaýan pursatlary, iýmän-içmän gününi ötürýän wagtlary hem bolýar. Şonda Ruf oňa nirededir bir ýerde aýlykly işe durmagy maslahat berýär. Hatda kakasynyň dolandyrýan edarasynda hat gatnadyjy bolup işe başlamaga ýardam bermekçi bolýar, ýöne hiç bir synanyşyk ýaş ýigidi öz saýlan ýolundan yza dönderip bilmeýär. Ruf ony öz gyzyklanýan ugruna kybapdaş işe, ýagny gazet-žurnallarda işlemäge hem iterjek bolýar, emma bu-da netije bermeýär. Çünki Martin öz döredijiligini dar çäge gabap goýmak islemeýär.
Martin Iden hiç ýerde işlemänsoň, daş-töweregindäkiler ony işýakmaz hasap edip ugraýarlar, ýöne onuň kitaplardan başyny galdyrman, gijelerine şöwür çekişini, basa oturyp işlemek üçin azap baryny görşüni özünden başga hiç kim duýmaýar. Akyldarlaryň aýdyşy ýaly: «Şöhrat diýilýän zat kölege ýaly: kowalasaň gaçýar, gaçsaň kowalaýar». Martiniň hem yzygiderli synanyşyklary şowsuz tamamlanýar. Onuň bu netijesiz pişesinden el çekmegini towakga edenler az bolmaýar, ýöne ýaş
ýigit saýlan ýolundan dänmeýär. Wagt gelýär, umyt uçguny sönmänkä irginsiz zähmet öz miwesini eçilip ugraýar. «Transkontinental biraýlygy» žurnaly onuň bäş müň sözden ybarat eseri üçin bäş dollar ugradýar. Bu bolsa alyslary nazarlan ýigidi serpmeden gaýdan ýaly edýär. Her söze iki sent tölenýändigine ynanyp ýören Martin on söze bir sent tölense, meşhurlyga ýetmegiň kynçylyk döretjegi barada pikirlenip başlaýar we özüni ýalan ma- habatlar bilen aldanan hasaplap ugraýar.
Her niçik hem bolsa, şeýle agyr pursatda «Ak syçan» žurnaly onuň dadyna ýetişäýýär. Redaksiýa ýazyjynyň üç müň sözden ybarat eseriniň üçden bir böleginiň gysgaldylmagyna razy bolsa, kyrk dollar galamhaky ugratjakdygy barada habar ýollaýar. Bu bolsa Martin üçin hakykata bap gelýän zatdy. Ol şonda özüniň ýalňyş pikir edendigine düşünip galýar. Ol «Transkontinental biraýlygy» žurnaly esasy neşirleriň biridir öýdüp ýördi, emma «Ak syçan» žurnaly onuň üçin üçünji derejeli
neşirdi.
Käte adamlaryň diňe bir hereket edende däl, eýsem, pikirlenende hem ýalňyşlyk goýberýän wagtlary bolýar. Yzy kesilmeýän kynçylyklar hatarlanyşyp gelip ugrasa, onuň aňyň säwliginden başga zat däldigini hergiz unutmaly däl. Ýalňyş pikirden ýalňyş hereket, ýalňyş hereketden hem ýalňyş netije gelip çykýar. Şunuň ýaly pursatda aňyň hereketleri babatda ätiýajy elden bermezlik gerek.
Aňyýetiň esasy zatdygyna akyly ýetip ugran Martin bilim öwrenmek ýolunyň ugruny filosofiýa tarap gönükdirýär. Ol Gerbert Spenseriň, Fridrih Nisşeniň garaýyşlaryny ürç edip öwrenýär. Hususan-da, Gerbert Spenseriň «Başlangyjyň esaslary» atly işinde nygtalýan pikirler onuň ünsüni çekýär. Onda dünýädäki zatlaryň arasynda bar bolan ählumumy baglanyşykdan, adamyň jemgyýete uýgunlaşmagy bilen baglanyşykly ewolýusion taglymatdan söz açylýardy. Sosiologiýanyň inçe ýollaryndan baş çykarmagy öwrenen ýigidiň dünýägaraýşy buržuaz gatla- gyndaky adamlaryň dünýäsine sygman başlaýar.
Filosofiki garaýyşlar Martini diňe bir ýokary gatlagyň adamlaryndan çetleşdirmek bilen çäklenmän, eýsem, Rufuň hem gaýra tesmegine sebäp bolýar. Şeýle ýagdaýda onuň maňlaýyndan Riss Brissenden çykýar. Bu gyz döredijilikden habarly bolansoň, ol Martine düşünýän ýeke-täk adam bolup görünýär. Ol döredijilik adamsynyň gözellik bilen ýaralanýandygyny, şeýle derde ýolugaňsoň ondan gutulma ýokdugyny ýaş ýigide şeýlebir sada dilde düşündirýär welin, Martiniň ýüregi aýdylan sözlerden teselli tapýar. Brissenden oňa erkin ýaşaýşy maslahat berýär, diňe gazet-žurnallar üçin däl-de, gözelligiň hatyrasyna döretmegi ündeýär.
Martiniň «Söýgi» sonetler çemenini okap görenden soň Riss ony Rufuň salgymyndan halas etmekçi bolýar. Ol Rufuň adaty gyzdygyna, onuň hem beýleki gyzlar ýaly kemçiliklerden halas däldigini, ýaş ýigidi joşduranyň bolsa söýgiň keşbine giren asman melegidigini ýigidiň telbe kalbyny ynandyrjak bolýar. Durmuşyň özi sapak bermese, Martin niýetinden el çekerli däldi. Riss öz döredijiliginiň göwher gaşy bolan, gaýtalanmajak sungat eseri «Efemeridany» oňa okamaga berýär. Beýle sungat
eserine entek gabat gelmedik Martin Brissendeniň razylygyny almazdan ony redaksiýalara ugradýar. Brissenden onuň
«Günüň utanjy» atly eseriniň şowlulyk getirjekdigini we adyny äleme äşgär etjekdigini welilik bilen aýdýar.
Gerbert Spenseriň taglymatlaryna ýüregi bilen berlen ýaş ýigidi «hakyky adamlar» bilen tanyşdyrmak we dünýägaraýşyny giňeltmek üçin, Brissenden ony danalaryň çola mekanyna alyp barýar. Akyl-paýhasdan ýüküni tutan adamlaryň ylmy çekişmeleri ýaş ýigidiň kalbyny heýjana salýar. Ol özüniň ornunyň nirededigine şonda düşünip galýar.
Eseriň kulminasiýasy ähli kişileriň Martin Ideni «sosiolist» diýip atlandyryp, töhmet atmagy, ondan ýüz öwürmekleri, şeýle hem, Rufuň öz ene-atasyna garşy gidip bilmän, köne ülňüdäki düşünjeleriň dar galybyndan çykyp bilmänligi hem-de Brissendeniň heläk bolmagy bilen baglanyşykly epizodda jemlenýär. Şu ýerde hem Martin Rufuň özüni hiç haçan söýmändigini, özüniň wasp edeniniň ol däldigini, asman melegini taryplandygyny duýup başlaýar. Üstesine, Brissendeniň ölümi hem onda ýaşaýşa aşa höwesli bolmagyň hiç hili manysynyň ýokdugy baradaky garaýyşlary oýarýar.
Eseriň şol wakalary bilen tanyş bolanyňda, akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň:
Dünýäni gyzgyn tutmagyl,
Işiň gör, bikär ýatmagyl...
diýen setirleri aňyňda köwsarlap gidýär. Wagt akymynda ähli zat iru-giç gutarýar. Şonuň bilen wagtyň içindäki ömür hem soňlanýar. Ömrüň gymmaty bolsa bakylygyň göwher daşyny tapmakda. Bakylyk diňe wagtyň daşynda mümkindir.
Martin Iden üçin ähli zat öz manysyny ýitirip başlanda, redaksiýalar onuň eserlerine hyrydarlyk gözi bilen garap ugraýar. Öňler iň ýokary galamhaky kyrk dollardan geçmeýän bolsa, indi her eserine üç ýüz elli dollar hödürleýärler. Özüni ykrar etdirmegi başaran Martin kyn gününde goldaw beren aýal doganlaryna, Jo hem-de Mariýa Silwa ýaly syrdaşlaryna ýardam goluny uzadýar.
Martin ahyrsoňy Brissendeniň mamladygyna akyl ýetirýär: diňe gözelligiň hatyrasyna döredilen eserler baky galýar. Ol maksadyna ýetdi, ýöne onuň üçin indi ýaşaýşyň gyzygy gaçan ýaly. Dünýäniň dürli künjeklerinde eserleri çap bolýan Martin uçursyz baýlyga eýe bolýar. Meşhur ýazyjyny ýokary gatlagyň wekilleri myhmançylyga çagyryp ugraýar. Ol şonda bu bolýan zatlara haýran galýar. Ol: «Men hiç hili üýtgämok ahy- ryn. Meniň içki dünýäm şol öňki Martin. Diňe gazanan şöhratym üçin hormatlaýarlar. Şöhrat bolsa meniň daşymda. Men öň bir döwüm çörege zar wagtlarym siz niredediňiz?» diýip içini gepledýär.
Atly-abraýly Martin Ideniň ýanyna başky söýgüsi Ruf Morz gaýdyp gelýär, emma Martin ony indi öňküleri ýaly gyzgyn garşylap bilmeýär. Diňe bir Ruf däl, eýsem, özi ýaly garyp durmuşdan çykan Lizzi Konolliniň söýgüsi hem Martini özüne imrindirip bilmeýär. Ol özi üçin erkin ýaşaýşy gözläp, hemişelik hemrasy bolan deňze syýahata gidýär.
Hiç zatdan kalby ynjalyk tapmaýan Martin kitaby hemra edinýär. Onuň eline alan kitaby şahyr Suinberniň goşgular ýygyndysy bolup çykýar. Şu ýerde hem eseriň wakalary birleşýär. Ýadyňyza düşýän bolsa, eseriň başynda hem ol jenap Morzuň öýüne myhmançylyga baranda Suinberniň döredijiligine maýyl bolupdy.
Ýazyjy eseriň ahyrynda şeýle pelsepäni öňe sürýär:
Ömürbaky arzuw-umytdan aryp,
Irip şagalaňly meýlisden niçe,
Ähli derýalaryň barybir baryp,
Iru-giç deňze guýjagy üçin,
Ynsan ýüreginiň tirpildäp baky...
Durmajagy üçin etmän howatyr,
Biz mydam mynajat edýäris Haka.
Bu setirleriň manysyna düşünenliginde, belki, Martin Rufa aşyk bolmasa-da bolmazdy. Ynsanyň ýaradylyş maksadyna akyl ýetiren ýazyjy öz borjuny berjaý eden kişi hökmünde ýaşaýyş hyjuwyndan üstün çykmak üçin kalbyndan dünýäniň panylygyny sogrup taşlaýar.
Bu romanyň muşdaklary häli-häzir hem ýazyjynyň dogduk mekany bolan Oklendiň köçelerinde Martin Ideniň aýlanyp ýörendigine çyn ýürekden ynanýarlar. Çünki hakyky ýazyjylar öz eserleri bilen okyjylaryň hakydasynda baky ýaşaýar. Adam ömrüniň manysy hem şundadyr. Hakyky talantlar özlerinden geljege mizemez mirasy — akyl-paýhasy galdyrýarlar.
Süleýman HANGELDIÝEW,
Serdar şäherindäki 10njy orta mekdebiň mugallymy
Çeşme: "Dünýä Edebiýaty" žurnaly.

7комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.