Lew Tolstoý


Gürrüň bermeklerine görä, bir gün Lew Tolstoýdan:

– Goja, sen näme üçin adamlara goşulman, ýeke ýaşaýarsyň? Ýeke ýaşamakdan ýadamadyňmy? – diýip sorapdyrlar.

Tolstoý:

– Meniň işim başymdan agdyk – diýipdir-de, gürrüň bermäge durupdyr: – Men iki gyrgyny, iki bürgüdi we bir ýylany terbiýelemeli. Iki towşana göwünlik bermeli, bir eşegi gözegçilikde saklamaly we iň soňunda-da bir ýolbarsa baş öwretmeli – diýipdir.

Adamlar:

– Biz-ä seniň daşyňda gezip ýören jandar göremizok. Hany olar nirede? – diýip soranlarynda, Tolstoý:

– Şol jandarlar biziň içimizde ýaşaýar – diýipdir-de, ýene gürrüňine dowam edipdir:

– Iki gyrgym gören zadyna topulýar. Men oňa erbet bilen gowyny, ýagşy bilen ýamany biri-birinden saýgarmagy öwretmeli. Şol iki gyrgy meniň gözlerim.

Iki bürgüdim penjesine ilen zady parçalamak bilen bolýar. Men olara penjeleri bilen hiç zady parçalamazlygy, harlamazlygy öwretmeli. Şol iki bürgüt meniň ellerim.

Iki towşanym bar, olar sähel zatdan gorkup, ziňkildäp durlar. Men olaryň göwnüni galkyndyrmaly. Olara kynçylykdan gaçmagy däl-de, kynçylykdan baş alyp çykmagy öwretmeli. Şol iki towşan meniň aýaklarym.

Ýylany terbiýelemek bolsa, iň kyny. Men ony kapasada, gulpuň astynda saklaýaryn. Emma sähel ahmal bolsaň, ol awusyny pürkjek bolup durandyr. Şonuň üçin men ony asla gözden salamok, ony berk gözegçilikde saklaýaryn. Şol ýylan meniň dilim.

Eşek hem näme, kejir jandar bolýar. Eşek – meniň bedenim. Bedenim ýaltalygy gowy görýär, öz wezipesini berjaý etmek islemeýär. Men oňa zyýanly içgilerden gaça durmalydygyny, artykmaç köp iýmeli däldigini, hemişe galjaňlyk ýagdaýdyny saklamalydygyny, özüne mydama serenjam bermelidigini we her hili ýagdaý bolanynda-da mydama şükür etmelidigini ýatladyp durmaly.

Hawa, iň soňunda ýolbars galdy. Ol hökman özüniň ak diýeni ak, gara diýeni gara bolmalydyr öýdýär. Ol şeýle bir ulumsy welin, hamana bütin älem onuň daşynda perwana bolup aýlanmalymyşyn. Men ine şeýle ýolbarsa baş öwretmeli. Şol ýolbars – meniň egoizmim. Görşüňiz ýaly meniň işim başymdan agdyk.

Hut şu sebäpden biz hem käte ýeke galyp öz-özümizi elekden geçirmeli, öz agramymyzy özümiz ölçäp görmeli. Durmuşda aladamyz köp hem bolsa, özümiz bilen ýüzleşmäge hökman wagt tapmaly
2 лайков 120 просмотров
2комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Hiayress
11 авг 2022, 13:53
Ýeke ýaşamagyň indi bu zatlara näme dahyly barka?! Soňunda bolsa "käte ýeke galyp" diýýär, başynda bolsa hamala mydama ýeke ýaşaýan ýaly gürrüňe başlaýar.
parca■
11 авг 2022, 22:15
Miss_minnosh habaryň barmy, dostluk/ru/ açyklygyndan?!