"Anna Karenina" Tolstoý.

Bir hekaýa eşitdim "Anna Karenina" bilen bagly Tolstoý bu kitaby ýazýarka, hyzmatkärine meniň otagyma girme, meni birahat etme, nahary gapynyň agzynda goý we git diýipdir. Wajyp bir zat bolaýsa gapyny kakarsyň. Emma asla gapyny açaýma diýip tabşyrypdyr.
Hyzmatkärem gorkýar elbetde Tolstoýdan, gapyny kakmandyr. Irdenki goýan naharny iýmändir, günortanam iýmändir. Hyzmatçy bir zat bolandyr öýdüp gorkupdyr. Gapyny kakypdyr, ýöne açmana gaýraty çatmandyr, asla gapyny açaýma diýeni üçin. Hyzmatçy gidip garyndaşlaryna aýdypdyr. Men alada etýän bir zat boldy hökman. Siz gelip seredip beriň. Garyndaşlary aladaly ylgap gelip, gapyny açyp giripdirler. Tolstoý yerde ýatyr "näme boldy?" diýip soraýalar. Tolstoý oýanýar kellesini galdyryp "Anna Karenina" öldi. Şunuň ýaly aşa duýguly ýazylan kitaby alkyşlalyň...!
3 лайков 246 просмотров
2комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Mylaýymzada
08 авг 2023, 23:53
üýtgeşik, şeýdip içine girip ýazýan bolsa... söz ýok
Balary
11 авг 2023, 08:05
instada ramo bolup oynayan artist aydyady