Synanysk etmek.

Bir gün patyşa köşgünde gulluk edýän adamlary synap görmek üçin, olaryň ählisini daşyna üýşürip şeýle diýipdir:

– Siz baryňyz ylymly, akylly adamlar. Meniň size bir ýumşum bar. Haýsyňyz şol ýumşy bitirip bilerkä, hany göreli bakaly. Hol ýerde köşgüň iň uly we iň agyr gapysy bar. Şony açyp biljegiňiz barmy?

Köşk emeldarlarynyň käbiri «açyp bilmeris» diýen manyda başyny ýaýkapdyr. Käbir bolsa, gapynyň eýlesine-beýlesine seredişdiren bolup, «açdyrmaýmasa» diýipdir. Şeýdip, her kim ýaýdanjyrap duransoň, hiç kim şol gapyny açmaga synanyşyk etmändir. Ýöne wezirleriň biri köpçüligiň synanyşyk edip görmän gelen kararyny oňlamandyr-da, özi baryp gapyny itip görüpdir. Gapy sähel iteläniň bilen açylmasa-da, bar güýjüň bilen itläniňde açyljak eken. Asyl gapy gurulmandyr hem eken. Ony açmak üçin diňe synanyşk etmek ýeterlik eken.

Ýaňky wezir gapyny iteläp açandan soň, patyşa oňa şeýle diýipdir:

– Diňe gözüň görýäni ýa-da gulagyň eşidýäni bilen oňman, öz güýjüňi ulanyp, synanyşyk edendigiň üçin, sen meniň köşgümi dolandyrýan baş wezirim bolarsyň!
1 лайков 106 просмотров
1комментарий
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
ESSALAMUNALEÝKUM
12 май 2022, 07:54
bäh