Her zatda bir haýyr bar
Bir patyşa weziri bilen awa çykanda weziri bir oňaýsyzlyk edip ok atanda, Patyşaň eliniň bir barmagyndan atypdyr. Wezir Patyşahy älem günämi geçiň her işde bir haýyr bardyr diýipdir. Patyşaň muňa gahary gelip meniň barmagym giderde munda haýyr bolarmy diýip wezirini zyndana oklapdyr. Günler geçip Patyşa bir özi ýene awa çykypdyr. Tokaýlykda gezip ýörkä muny garakçylar tutup alyp gidipdirler. Garakçylaryňam şol gün adam gurban edýän güni eken. Patyşany ýaňy gurban etmekçi bolanlarynda görseler patyşaň bir barmagy ýokmuş olarada gurban etjek bolýan zadynyň 12 müçesi sag bolmalymyş, şol sebäpden Patyşany boşadyp göýberipdirler. Patyşa wezir dogry aýdypdyr şol barmak meni ölümden halas etdi boşadyň weziri zyndandan diýip buýruk beripdir. Wezir gelenden seň aýdýanyň boldy her işde bir haýyr bar eken bu gün janym aman galdy ýöne meniň düşünmedik ýerim seniň zyndana düşmegiň haýyry nämede diýipdir. Onda weziri eý Patyşahy älem siz awa gitseňiz menem giderdim zyndana atmadyk bolsaňyz garakçylar seniň 12 müçäň sag däl diýip saňa degmeseler meni öldürip gurban ederdilerdä diýip akylly wezir jogap beripdir.
1комментарий
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.