Akyl we bagt

Bir bar eken, bir ýok eken. Bir zamanda bagt bilen akyl jedel edipdirler. Olaryň jedeli: “Biziň haýsymyz adama iň gerekli?” diýen dawadan başlanypdyr. Olaryň her haýsy özüni beýlekisinden gerekli hasaplapdyr. Ahyrda bular dawalarynyň arasyny açmakçy bolýarlar.
Bagt baryp, bir kär ýakmaz, iti kowup ýerinde ýatyp ýören ýalta oglanyň başyna gonýar. Bagt oňa gonansoň, akyl ondan bütinleý aýrylýar.
Şol ýurduň patyşasynyň weziri ogulsyz eken. Ogulsyzlykdan onuň göwni gaty çökgün eken. Wezir bir ýere barýarka, ol oglany göräýýär. Oglanda bagt bolany üçin weziriň gözüne ýakymly görünýär. Dessine wezir ony özüne ogul edinýär. Wezir ogully bolanyna köp şatlanypdyr. Ol oglany öz ogly hasaplap, iýdirip-içirip, öz öýünde saklaberipdir.
Bir gün wezir ogluny yzyna tirkäp, patyşanyňka gezelenje barypdyr. Patyşa ol oglany ýagşy görüp, oňa bir alma beripdir. Oglan bolsa ol almany hasyr-husur iýipdir. Patyşa bolsa muňa şatlanyp gülüpdir. Birnäçe wagtdan soň, wezir ogluny alyp, öýüne gaýdypdyr. Ýolda gelýärkäler, wezir ogluna:
- Oglum, patyşanyň beren zadyny şol bada iýäýmek biedeplik bolar. Ony ysgap-ysgap, goltugyňa salaýmalydyň - diýipdir.
Onda oglan:
- Bolýar, ata. indi patyşa zat berse şeýle edäýerin - diýipdir.
Birnäçe günden soň, wezir ogluny ýene patyşanyňka myhmançylyga alyp barypdyr. Ol ýerde azrak gürrüňleşip oturansoňlar, bularyň öňlerine nahar gelipdir.
Patyşa bir etli omaçany alyp, weziriň ogluna beripdir. Oglan hem ony ysgaşdyryp, goltugyna salyp oturyberipdir. Muňa patyşanyň wagty hoş bolup gülüpdir. Weziriň bolsa gaty gahary gelipdir we utanjyna ýüzi gyzarypdyr. Ýene öňküsi ýaly, ýola çykýança, ogluna hiç zat diýmändir. Ýolda ogluna:
- Hiý, şunuň ýaly hem akmaklyk bolarmy? Goltuga salynjak zat bilen salynmajak zady bilmeýärmiň?! - diýip käýinipdir.
Oglanyň bolsa gahary gelipdir. Öýe baranlaryndan soň oglan:
- Bu hili käýinç eşidip ýaşanymdan ýaşamanym gowy - diýip, özüni tamdan taşlamakçy bolupdyr. Ol tamyň üstüne çykyp, gyrasyna gelýär welin, şol wagt bagt:
- Aý, akyl, ýetişeweri, oglan elden gitdi - diýip, uly ili bilen gygyryberipdir. Akyl derrew baryp, şol oglanyň başyna gonupdyr. Oglan akyllanyp, özüni tamdan taşlamak pikirinden el çekipdir. Şeýdip, dawada akyl ýeňiji bolupdyr.
1 лайков 116 просмотров
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.