Sekizinji söhbet: Dost, dostluk
SEKIZINJI SÖHBET: Dost, dostluk
OSMAN ÖDE. Dostluk adamzadyň ruhy zerurýetleriniň iň esasylarynyň biri. Şonuň üçinem adamlar hemişe biri-biri bilen dostlaşyp gelipdirler. Çagalykdan başlap, tä garry adamlara çenli dostluk gatnaşyklaryny eý görýärler. Dostluk köplenç ýaşy boýunça deňräk adamlaryň arasynda bolýar. Sebäbi dostluk adamyň beýleki ysnyşyklaryndan tapawutlylykda, megerem, ýeke-täk sap ruhy ynsan ysnyşygydyr. Ine, ser salyp göräýeli. Garyndaşlyk, doganlyk, ata-ene, perzent golaýlygy gan ýakynlygyna, birligine esaslanýar. Är-aýallyk – jynsy ýakynlykdan habar berýär. Diňe dostluk sap ruhy ýakynlygyň formasy. Şonuň üçinem dostlar biri-biriniň köňül hem ruhy isleglerini kanagatlandyrýan adamlar.
Gylyk-häsiýetleriň, ömür ideallarynyň, ahlak ölçegleriniň birligi dostluga binýat goýýar. Şular ýaly içki esaslara bolsa käre, ýaşa, mesgene, maddy üpjünçilige we şolar ýaly zatlara degişli daşky gabat gelmeler hem goşulýar. Biziň türkmenlerimizde ýöne ýere «Dost – dostuň aýnasy» diýilmeýär. Munuň özi perzendiň ene-atanyň, dogan doganyň aýnasy bolman bilýändigini ykrar etmekdir.
Garyndaş bir garyndaşdyr,
Ol islege berilmeýär
-
– diýip ýazdyň sen.
Dostluk islege berilýär. Durmuşda dostluga uly ähmiýet berilýär. Sebäbi, dostluk beýik ahlak prinsiplerini emele getirmekdir. Adamlaryň arasyndaky dostluk gatnaşyklarynyň ýagdaýyna görä jemgyýetiň ahlak derejesine baha bermek mümkin. Dostlugy zerurýetlik, dostlukda wepadarlyk esasy zat hasaplaýan jemgyýet ahlagy sagdyn jemgyýetdir. Adamlar dostluk duýgusyndan näçe daş bolsa, diýmek, ol durmuşda ahlak prinsipleri hem pese düşen bolmaly. Onuň ýerine sowuklyk, biwepalyk, bähbidiňi bilmek ýaly ýaramaz zatlar örňän bolmaly. Beýle ýerde aş dostlugy, aýal dostlugy, wezipe dostlugy rowaç alýar. Beýle psihologik-ruhy betnyşanlyk biziň halkymyzyň: arasynda iň ýaman görülýän zatlardandyr. Beýik Magtymguly:
«Dost men» diýer, lap urarlar ýalandan,
Dogrusyny aýdar, sorsaň bilenden.
Il ýüzüne ýüz ýyl tagat kylandan,
Ýagşydyr bir säher gözden ýaş gelse
-
– diýip ýazypdyr. Seredip oturýaň welin, sözleriň, düşünjeleriň her döwürde birhiliräk ýörgünli manysy boljak eken. Sebäbi her döwrüň öz ruhy hajatlary, öz gymmatlyklarynyň sistemasy, öz psihologik ýasawy bar, Magtymgulynyň şygrynda «dost» köplenç Haktagalany aňladýar. Ine, ýokarky bentdäki gozgalýan dostluk meselesi-de tüýs dini-ruhy mazmuna eýe bolup dur. Sebäbi bendiň soňky iki setiri Hudaýa gulluk etmek, oňa wepalydygyňy subut etmek hakynda gürrüň edýär. Şonuň bilen baglanyşyklylykda öňki setiriň manysy aýan bolýar. Sebäbi, oňat bilşiň ýaly, goşguda hemme zat bir-biri bilen baglanyşykda bolýar.
Men ýokarky bendi mysal getirip otyryn. Şeýle mysalda pikiriňi düşündirmek aňsat, Sebäbi, setirler biri-birini düşündirip, biri-biriniň hakyky manysyny açyp bilýär. Çatak ýeri, poýeziýada hemişe edil şeýle-de bolup durmaýar. Beýik Pyragydan ýene bir mysal:
Magtymguly, dostdan syryň gizleme,
Biwepadyr, nämähremi gözleme.
Ümsüm otur, il içinde sözleme,
Sözlär bolsaň, söz aslyna ýet ýagşy!
Ikinji setirdäki «nämährem» – sypaty, keseki, ýat diýen manyny berýär. Bu, esasan, maşgala üçin kesekini aňladýar. Üns berýäňmi?! Şu ýerde «dostuň gapma-garşylygy» keseki bolýar. O nähili dostuň gapma-garşylygy – duşman, kesekiniň gapma-garşylygam – ýakyn, golaý bolmaly ahyryn?! Ine, şu sowallar, düşnüksizligi aradan aýyrmak islegi-de seni tutuş goşgy yzarlamaga alyp gidýär.
Hoş günüňde, hoştaplaşyp gezmäge.
Baryşmaga, gelişmäge ýat ýagşy.
Gamly günüň, galmagalyň üstünde
Gardaş ýagşy, dogan ýagşy, zat ýagşy!
Hawa, Magtymguly özüniň döredijilik stili, obraz dörediş usullary boýunça simwolist. Onuň şygyrlary simwoliki obrazlardan durýar. Şahyr şygryň birinji bendinde adamyň ölen hem dirilikdäki günleriniň gapma-garşylygyny açyp görkezýär. Hoş gün – dirilik güni, gamly gün – galmagally, is edilýän gün – ölen günüň. Şonuň bilen baglanyşyklylykda «ýat» hem-de «zat» düşünjeleri üýtgeşik mana eýe bolýar. Şol many şahyryň simwolikasynda ýatýar. Adamyň mazmuny şahyryň dünýägaraýşy boýunça iki – ruh hem-de göwre. Bular gelip çykyşy boýunça bir-birinden düýgöter tapawutlanýar. Ruh – bakyýetden gelýän zat, göwre şu pany dünýäniň özüne degişli zat. Diýmek, adam ruhunyň dogan-garyndaşy – ol dünýäde-de bolmaly. Diýmek, adam ruhy üçin, bu göze görünýän, bu maddy dünýä ýat, keseki, nämährem bolmaly. Ine, şu hili pikir ýöretmelerden soň ýokarky bendiň manysy aýan bolýar.
Mollalar ahyret sözüň söýlärler,
Müňkür olma, gerçek işdir, eýlärler.
Kim biler ki, ahyretde neýlärler,
Iýip-içip, münüp, guçup, öt ýagşy!
Hawa, şahyr ahyreti ýatdan çykarmazlygy sargaýar. Sebäbi ol muňa ynanýar, boljak iş, real zat diýip düşünýär. Şonuň yz ýanyndaky iki setire nähili düşünmeli? Elbetde, muňa: «maddy nygmatlardan peýdalanaňsoňam, dostdan el üzme» diýen manyda düşünmeli. Magtymguly «hakyky dost» diýip, Hudaýa düşünýär, «uzaga gidýän dostluk» diýip, şonuň bilen bolan dostluga aýdýar. Sebäbi galan zatlar wagtlaýyn. Başga goşgularynda ol:
Dünýä dostlugyna bitip bolmaýyr.
Ýa-da:
Jebri-jepasy köp ýalançy dünýä,
Goýmaz sen gezmäge ýary ýar bile
– diýip, janyýangynly aýdýar. Şahyr öz atasy, dirilikde öwlüýä bolan Döwletmämmet Azady hakynda
Pygamber dostudyr dosty atamyň
-
– diýip ýazypdyr. Bu setirden nähili many gelip çykýar? Pygamber kimiň dosty? Elbetde, Hudaýyň! Diýmek, «Azady Hudaýyň dostudyr» diýen many gelip çykýar. Bu pikiri Magtymgulynyň özi hakynda-da doly esas bilen aýtmak bolar. Men bu zatlary näme üçin ýatlaýan? Elbetde, diňe bir Magtymgulynyň dostluk meselesini goýşunyň hem çözüşiniň, oňa berýän manysynyň biziňkiden tapawutlanýandygyny aýtmak üçin däl. Meniň maksadym başky pikiri subut etmek. Ýagny, özge ýakynlyklardan tapawutlylykda dostlugyň arassa ruhy hadysadygyna göz ýetirmek. Hudaý – Ruhdur. Diýmek, dostluk hem ruhy hadysadyr.
Bu söz biziň öz asyl sözümiz däl. Pars dilinden terjime edilende «dost» sözi «gowy görüşilýän iň ýakyn adam» diýen manyny berýär. Elbetde, ruhy ýakynlyk göz öňünde tutulýar. Maddy, biologiki ýakynlyga gezek gelende, Magtymguly muňa ynamsyz, hatda negatiw garaýar. Ata-ene, ogul-gyz, garyndaş – bary şunuň içine girýär, ol bu meselede dünýäniň biwepalygyny näçe gezek janyny köýdürip aýdypdyr, çünki beýle ýakynlyklaryň gutarýan ýeri bar – ölüm. Şahyryň görkezişi ýaly, dünýä hiç kimi dostluga kabul etmeýär, özi ýaly maddy teni ol öldürmek bilen:
Ygtybaryň ýokdur sözüň ýalandyr,
Dost goýmadyň, ýegsan etdiň ýer bile.
Ine, şeýle dostlugyň tamamy.
Elbetde, şeýle pikirler Magtymgulynyň adamara dostluk gatnaşyklaryny bütinleý inkär edendigini aňlatmaýar. Adamlara ýüzlenende, şahyr köplenç «ýaranlar» sözüni ulanýar. Ol söz hem häzirki türkmen dilinde giňden ulanylýar. «Aşyk» – bulam bir şahsyýet.
Dostluk ajaýyp zat. Dostuň köp bolsa ýaşaýşyň gyzygam artýar. Dost az boldugyça, seniň durmuşa gatnaşygyňam göwünli-göwünsizräk diýenleri. Ýöne, elbetde, çyn dost, ýalan dost bar. Şeýle ýalan dostlardan Hudaýyň özi saklasyn! Bular öz içiňdäki duşman ahyryn! Şeýle ýagdaýda türkmen: «goltugyňda ýylan saklan ýaly» diýýär. Megerem, munuň özi her hili duşmançylykdan has ýaramazdyr, sebäbi, adam garaşmaýan tarapyndan urgy görýär. Munuň özi adam bagtynyň – betbagtlygynyň dostluk diýilýän zada nähili baglydygyny görkezýär. Ömrüň düýpli meselelerine seredilýän ýerinde hem wagtynda oňa orun berilmese-de dostlugyň durmuşda, onda-da biziň türkmen durmuşymyzda nähili ägirt orny bar!
Türkmen durmuşynyň milli aýratynlyklaryna dahyllylykda meniň häzir möhüm bir zady gozgasym gelýär. Türkmende «kyýamatlyk doganlyk», «kyýamat dogan» diýen möhüm düşünjeler bar. Şeýle hadysa üns berilmegine mynasyp özboluşly zatmyka diýýärin. Eger türkmen edebiýatynyň geçmişini alsaň, XIX asyrda molla Zelili bilen Seýdiniň kyýamat doganlygy hemmä bellidir. Seýdi ölümiň öň ýanynda şeýle ýazypdyr:
Kyýamat gardaşym, molla Zelili
Sen yzymda düzüp dessan gal indi!
Kyýamat düşünje hökmünde ol dünýäni aňladýar. Biziň görüp, ýaşap ýören dünýämizden, tapawutlylykda o dünýäniň öz kada-kanunlary, öz ýaşaýyş düzgünleri bar. Hususanam, biziň dünýämiz wagtyň çäklerinde dowam edýän material dünýä. Şonuň üçinem bu ýerde fiziki, biologiki kanunlar höküm sürýär. Doganlyk hem biologiýanyň kanunlarynyň höküminiň ýüze çykmasy. Gelip çykyşy boýunça umumy bir tohumdan, gandan ýaýran biologiki indiwidleriň ýakynlygyna dogan diýilýär. Emma adamzat durmuşynda, ýokarda belläp geçişim ýaly, şol kanunlaryň ruhy hakykatlar tarapyndan üsti doldurylýar. Şolaryň birem dostluk. Türkmen durmuşynda dostluk şeýle bir ähmiýetli bolupdyr, onsoň onuň özboluşly bir görnüşi – kyýamat doganlyk emele gelipdir. Kyýamat doganlyk – munuň özi baky dostluk, mizemez dostluk diýen manylary berýär, Materiýanyň kanunlarynyň ýöreýän şu dünýäsinde doganlyk adamyň özüne bagly däl. Emma ruhy gymmatlyklaryň kanun bolup durýan o dünýäsinde, ruhy birlik hökmündäki doganlyk-da adamyň özüne bagly. Şeýdip, o dünýäde gatnaşyklaryň arassa ruhy gymmatlyklara esaslanýandygyny tassyklaýan türkmen «kyýamat doganlyk» diýen düşünjäni döredipdir.
O dünýäde dogan bolmak üçin şu dünýäde tä ömrüň ahyryna çenli edil dogan kimin gezmäni, gatnaşmany, ýaşamany başarmaly.
Edil häzirki durmuşymyzda kyýamat doganlyk kän bir duş gelýän zat däl. Ol aslynda-da moda bolmaly däl. Sebäbi bu aşa çynlakaý zatdyr. Çynlakaý zatlar bolsa bu ýalan dünýäde seýrek bolýar.
Magtymguly, dogry söze ten bergil,
Sogap mundan ötmez, tapsaň, nan bergil.
Köňlüň tapan dost ýolunda jan bergil,
Işiň nedir seni diýmez ýer bile.
Beýik Pyragynyň haýsy goşgusyny alsaň, dostluk Hudaýa tarap uzalyp gidýär. Ol ahyreti göz öňüne tutýar, ol ahyreti bilýär. Hawa, her döwrüň öz düşünjesi bar. Elbetde, häzirki zamanda-da Hudaý dostlugyny inkär etjekler köp bolar öýdemok. Ýöne biziň döwrümiziň adamlary has zemin adamlarydyr, olar köplenç öz gündelik maddy hem ruhy hajatlaryna gümra bolýarlar. Şeýle ýaşaýyşda onuň öz çäklerindäki ruhy doganlygam uly hadysadyr diýip hasaplaýaryn. Çünki, herhal, ruhuň hökmürowanlygy islendik ýerde-de, wagtda-da ynsanýeti bezeýän zatdyr.
G.G.Markes öz dostlary hakynda şeýle gürrüň berýär: «Men köp syýahat edýärin, şeýle gezendeligiň esasy maksady bolsa – iň ýakyn dostlar bilen duşuşmak islegi, şeýle dostlar, aýdan ýaly, mende o diýen känem däl. Şeýle duşuşyklar hemişe ýatdan çykmajak duşuşyklardyr, sebäbi men diňe dostlaryň arasynda öz-özüm bilen galyp bilýärin. Garaz-haý, men özümi dostlarymyň iň wepaly dosty hasaplaýaryn hem-de «olaryň hiç biri-de meniň olaryň iň biperwaýyny söýşüm ýaly güýçli söýýän däldir» diýen çuňňur ynanjym bar».
Beýik adamyň agzyndan çykan her bir söz täsinlige eýe. Onuň aýdan islendik pikirinde özümiz üçin üýtgeşik bir zady açýarys. Göräýmäge, üýtgeşik bir ähmiýeti ýok ýokarky sitatada-da men özüm üçin käbir zatlary açýaryn. Munuň özi, birinjiden, «diňe dostlarymyň arasynda öz-özüm bilen galyp bilýärin» diýen sözlemdir. Diýmek, dostunyň ýakynda adam, seniň sözüň bilen aýdanyňda, özüniň ruhdaşyny tapýar. Munuň özi hakyky göwün açyşmak, öz ähli mähir energiýaňy daşyna çykarmak, ony dostlaryňa paýlamak bolsa gerek. Şonda adam öz dostlarynyň ýüregini Gün kimi ýyladýar, köňüllere ýylylyk aralaşýar. Ikinjiden, ýazyjy: «Dostlarymyň meni iň güýçli söýýäni-de meniň öz söýşüm bilen deňeşdireniňde, has bärden gaýdýandyr» diýýär. Şeýle ynamlylyk hemme kişä ýetdirip duranok. Onuň aňyrsynda ýürek arassalygy islendik pursatda dostuň üçin hany-manyny-ha däl, gerek bolsa janyny-da bermäge ahlaky taýýarlygy ýatýar. Ýogsa-da dost sözüniň ýene bir manysy «jan alyp, jan berişýän» diýmekdir.
Meniň bir sowal bermek üçin giriş sözüm uzynyrak bolan bolsa bagyşla, hany, öz dostlaryň barada gürrüň bersene?
NOBATGULY. Hudaýa şükür, dostum köp. Könelerimiz «adamyň ýeke dosty bor» diýmesi, meger, pajygaly zamanlara degişli bolsa gerek. Men her kişide bir häsiýeti, özem özümde ýok häsiýeti görüp, şoňa-da benduwan bolýan, şol kişinem dostum hasaplaýan. Aýdaly, Agageldi Allanazar ikimiz iýeni aýra gitmeýän dost däl, emma onuň maksada okgunlylygy, öz idealyna berlenligi meni örksüz baglaýar. Akmyrat Şiriň açyk ýürekliligi, kalbyny ýüzünde göterip ýörmesi meni bendi edýärdi. Men onsuz oňup bilemokdym. Häzir ol aýatda ýok, emma, meniň hyýalymda ýaşap ýör. Guldurdy hem sen, Ahmet Halmyrat dagy bilen oturamda men ýigdeläýýän. Gülüp-gülüp kalbyň kir-kimirini, gaýgy-gussasyny owarra edip bilýän. Ahmet Gurbannepesiň päk ahlaklylygy, türkmensorraýlygyna men aşyk. Atamyrat Atabaý, Hanguly Amansähet, Abdyreşit Taş dagy bilen men köp babatda meslekdeş. Hudaýberdi Diwangulynyň göwnüni özümkä meňzedýän. Ikimiz duşsak, toý-baýram. Amanmyrat Buga bilen badyhowalyk etsem, göwnüm açylýar... Ýaňky sanan häsiýetlerim meniň ruhy ýetmezimi doldurýar, men olara ruhy mätäç, diýmek, olar meniň ruhumy bitewileşdirýär, men şonuň üçinem olary dostum hasap edýärin.
OSMAN ÖDE. Halypaň kim?
NOBATGULY. Ýaňky dostluk meselesi ýaly-da. Her şahyrda bir zady gowy görýän. Şonuň üçinem «halypam pylany» diýip, görkezip biljek däl. Dogrusyny aýtsam, halypamam özüm, şägirdimem.
OSMAN ÖDE. Syýasat bilen araň nähili?
NOBATGULY. Türkmenistan Garaşsyz bolýança, özüň bilýäň, men «Edebiýat we sungat» gazetinde işläp, halkyň, ýurduň agysyny aglaýan, türkmen halkyny galkyndyraýjak köp makalalar ýazdym, goşgam döretdim. Indi türkmen halky garaşsyz, goý, onuň aladasyny syýasatçylar etsin. Men syýasatçy däl.
OSMAN ÖDE. «Her bir şahyr öz döwrüniň gözi, gulagy, sesi bolmalydyr» diýlen gep bar.
NOBATGULY. Hawa, her döwrüň şahyrynyň öz döwri bilen jana-jan bolmagy hökmandyr. Ýöne döwürden daşgary şahyrlaram bolýar...
OSMAN ÖDE. Nobatguly, seniň bile oturan her kişi seni gaty şoh adam hasap edýär, eseriňi okan bolsa tragiki adam. Sen iki adamdan ybaratmy? Eýse oňa nähili düşünmeli? Ýa bir medalyň iki ýüzi ýalymy sen?
NOBATGULY. Kosmonawtika dilinde apogeý hem perigeý diýen sözler bar. Dünýäniň gyzgyn guşaklygam bar, müdümi buz ýerem. Dünýäniň gaýgy-gussasyna mekan bolmadyk, dünýäniň eşretlerine başyny aýlatmadyk, ýürekden aglap hem ýürekden gülüp görmedik, baryny bir günde sowrup, baý ýaşap, ýeneki gün hem kör-köpüksiz alaçsyz galmadyk, söýmedik, ýigrenilmedik kişi şahyr bolup bilmez! Men öz dünýämde mahalym, dogrudanam, dert çekýän, soňsuz pikirler, soňsuz aladalar mydam başymda, özgeleriň dünýäsine gelemde hezil edýän. Şonda «Ýa şoh bol, ýa ýok bol» nakylyna tüýs laýyk gelýän kişi men. Bir ýola men beýleki şahyrana dünýäde ýaşaýandygym, ejir çekýändigim barada talyplaryň öňünde goşgy okadym. Şonda birinden hat geldi. Hatynda talyp: «Şahyr aga, düýnem Ata şeýtanyň piwnoýynda piwo içip otyrdyň...» diýip ýazypdyr. Men haty talyplara okap berip: «Hawa, siziň dünýäňize gelip, käte piwodan doýup gitmäm bar» diýip, jogap berdim.
OSMAN ÖDE. Söýgi goşgusyny ýazsana, ýaşuly!
NOBATGULY. Ýazjak-la, ýöne çig mal ýetenok...
OSMAN ÖDE. Ýüzüň gyzýan pursatlary?
NOBATGULY. Göz-görtele ýalan sözlenilende, ýaranjaňlyk edilende...
OSMAN ÖDE. Gaharyň gelýän pursatlary?
NOBATGULY. Awtobusda, teatrda, gaýry jemagat ýerlerinde gözden çykmalyk edýän ýaş-ýeleňleri gaty ýigrenýärin. Taňryň meni daýaw kişi edip ýaratmany hem gowy, ýogsa, her gün men birnäçe gezek tumşuk owradyp, birniçe gezek öz tumşugymy owratdyrdym.
OSMAN ÖDE. Gowy geýmek, gowy iýip-içmek meselesine nähili garaýaň?
NOBATGULY. Tapanyňy allanäme edip geýmek, tapanyňy (goý, garybrak zat bolsun) çagalaň bilen hezil edip iýmekden gowy zat bolup bilmez. Ýagşy zady lezzetsiz iýeniňden, ýaman zady lezzet bilen iýen ýagşy: barybir iýenimizden hasyl bolýan zat meňzeş.
OSMAN ÖDE. Husytlara garaýşyň nähili?
NOBATGULY. Olara garaýşym ýok.
OSMAN ÖDE. Jomartlara nähili?
NOBATGULY. Malyňa garawul bolmakdan, Alla saklasyn.
OSMAN ÖDE. Ýalan sözlediňmi?
NOBATGULY. Elbetde. Men bir mahallar dini kitaplaryň birinde: «Eger birewi ölümden alyp galjagyňy bilseň, ýalan sözlemäge ygtyýar edilýär» diýen sözi okapdym. Men SSSR döwründe gaty köp ýalanam sözledim, ýalanam ýazdym. Şeýdibem özümi halas eýledim, menem Adam ahyry.
OSMAN ÖDE. Birine bilkastdan zyýan eden ýeriň boldumy?
NOBATGULY. Bilkastdan ýok, ýöne kän ýola maňa duşmançylyk edenlere ýamanlyk edesim geldi, her hal, Allasyna tabşyraýdym. Duşmanyňy Allasyna tabşyrmak – kalbyňy agyr keselden aýny wagty halas etmekdir.
OSMAN ÖDE. Seniň duşmanyň barmy?
NOBATGULY. Duşmançylyk eden kän, ýöne, men olary duşman hasap etmeýärin.
OSMAN ÖDE. Türkmenistanyň Garaşsyzlygy ýazyjy-şahyrlaryň alnynda gaty uly mümkinçilikleri açdy. Neşirýat köp, kitap çykartmak hyllalla däl, emma ýazyjylaram, şahyrlaram az işleýär.
NOBATGULY. Soňky on ýylda durmuş şeýle bir okgunly boldy welin, yzyndan beýleki edebiýat gaýrada dursun, hatda publisistika-da ýetip bilmedi. Durmuş Jeýhun derýa döndi. Diýmek, pikiriňi durlamaly! Sebäp biz öňki ynamymyzyň, idealymyzyň tersine, pikir etmäge endik etmeli. Bu bolsa wagt talap edýär. Dogry, eýýäm aldygyna ýazyp, kitap yzyna kitap çykardyp ýörenem az däl, hawa-da, pikirlenmän gepleýän kişiler kän ahbeti.
Neşirýatlaryň köpelmegi gowy zat, emma biderek edebiýatyň köpelmegi welin – eýmenç. Edebiýat diýilýän zadyň nämedigini bilmeýänler kitap yzyna kitap çykardýar – romanmy, powestmi, poemamy! Çykyp dur! Bir mysal: A.Bilgiziň «Muhammet pygamber» atly çaklaňja kitabyny Daşhowuzda bir neşirýat çapdan çykarypdyr. Tötänleýin bir awtor terjime edipdir. Eý, Hudaý! Içinde ýekeje dogry düzülen sözlem dagy bolsa nädersiň!? Pygamber hakdaky kitaba şeýdip daryşyp bilýän adamlardan nämä garaşjak!? Men häzir keselhanada hirurg bolup biljek däl, zawodda inženerem. Emma hirurgam, inženerem kitap çykaryp ýatyr, redaktorlygam edip otyr. Bu päligöçgünlikden başga zat däl!
Herhal, yzýany pygamber hakdaky kitaby seniň neşirýatyň A.Atabaýewiň, D.Kerimowyň terjimesinde çykaraýdy. Sag bol! Ýönekeý okyja terjime bilen terjimäniň arasyny açyp görer ýaly şert döredeniňe sag bol!
Türkmeniň gowy ýazyjysy, edebiýatyň howandarlarynyň biri Hudaýberdi Diwangulyýew golaýda «Türkmenistan» gazetinde şeýle nogsanlyga garşy uly makala-da ýazdy, emma o harsal edebiýatyň öňünden makala bilen çykar ýaly däl, has aýgytly göreş gerek, ýogsa, şol ýaramaz edebiýat bilen okyjyny bir gaçyrsak, soň ony Magtymguly dirilip geläýende-de edebiýata imrindirip bilmez! Durmuş gaýnaýar: suw gaýnanda hasapy ýüzüne çykýar, süýt gaýnasa gaýmagy. Inşalla, süýt öz ornuny alar.
OSMAN ÖDE. Harsal ýazýan adamlar-a çakdanaşa köpeldi. Öz-e...
NOBATGULY. Gynansak-da, edebiýat birden gowşaýdy, şeýdibem edebiýatyň özi harsal ýazýan adamlaryň derejesine düşdi. Bu wagtlaýyn hadysa diýen umydym bar.
OSMAN ÖDE. Daşary ýurtlara gidip gelenleriň söhbetini diňleseň, özüň gidip görseň, biziň gaty agyr jemgyýetde, kyn zamanada ýaşandygymyza gözüň ýetýär.
NOBATGULY. Seniň «Hum» atly bir hekaýaň bar, onda SSSR-em ýok, jemgyýet hakda-da gürrüň gidenok, ýöne, edebiýatdan gözli kişiler ondan sosialistik jemgyýetiň adamzadyň başyna salan külpetlerini aýan okap biler. Setir arasyndan, sözlemleriň aşagyndan. Nazar aga – mejalsyz, aýagyny göre sokup oturan adam, ol bir mahallar bir hum gyzyl tapypdyr, emma ondan peýdalanyp bilmän, ýene ýere gömüp goýýar, sebäp baý bolup ýaşap başladygyň sepiňi biljekler. Nazar aga Stalin döwrüniň gojasy. Başy bozulman duran hum onuň hojalygyna betbagtlyk baryny getirýär. Doganlar bir-birine duşman bolýar...
Biziňem ýagdaýymyz şeýle boldy-da. Garyp adamlaryň filosofiýasam garyp bolýar. Ras, özi garypmy, gapdalyndakam garyp bolmaly. Iň soňy baýlyga höwes zerarly hojalyk dargaýar, ýurt dargaýar, SSSR dargaýar...
OSMAN ÖDE. Durmuşyň öz akymlary bar, häzir biziň ýurdumyz bazar gatnaşyklaryna ýol açyp, uly ykdysady reformany başdan geçirýär, ýöne dünýäniň ösüşiniň iň soňky stadiýasy sosializm bolaýmaly. Durmuşyň kanuny şeýle.
NOBATGULY. Hawa, işçi-daýhanyň guran sosialistik jemgyýeti ýaşamaga ukypsyz boldy, onuň şeýle boljagam hak, emma wagt geler, adamlar ruhy taýdan bijaý kämilleşip, ýaňadan ýene sosialistik jemgyýete dolanarlar, emma Lenin ýaly rewolýusiýa etmezler, Stalin ýaly harby kazarma kommunizmini gurmazlar, adamzat ol jemgyýete ewolýusion ýol bilen barar.
OSMAN ÖDE. Nobatguly, şahyr adalatsyz jemgyýetde ýaşanynda şol jemgyýetdäki eden-etdilikleri hökman bir ýol bilen beýan eýleýär. Senem öz döwrüňde SSSR-e garşy «içi güjükli» goşgulary ýazypdyň.
NOBATGULY. Men döwre, režime bolan närazylygymy köplenç söýgi, tebigat goşgularym arkaly beýan etdim. ile ýetirdim. Düşünjesi bar düşünýär. Bir gezek bir gowy şahyr, özem wezipeli şahyr öýe geldi. Bizem Hudaýberdi Diwanguly bilen iýip-içip otyrdyk. Ýaňky pyýada ozalam içgili eken, üç-dört ýola içenden soň meniň bir goşgymy çap boljak bolup durka, tutandygyny aýdyp küpürsäp ugrady:
– Sen bilinmeýändir öýtme, SSSR ýaly döwletde ýaşap, onuň duzy-çöregini iýip, oňa garşy goşgy ýazýaň!
Garasaý, sözüň gysgasy, halys degnama degensoň, men onuň SSSR-ine-de, özüne-de paýyş sögüp öýden kowdum. Hudaýberdi diri şaýat. Dil diýlen zatda islendik oýun edip bolýar, podtekst, göçme many... garaz, usul kän.
OSMAN ÖDE. Men diňe özümi gyzyklandyrýan soraglary berip oturman, okyjyny gyzyklandyraýjak soraglary hem berjekdigimi başda aýdypdym. «Şahyrlyk şahyra düýşde berilýärmiş, ýagny şahyr düýşünde özüne berlen meýden içýärmiş» diýýärler, sende şeýle ýagdaý boldumy?
NOBATGULY. Düýşde-de, huşda-da kän içilendir...
OSMAN ÖDE: Düýşüňde goşgy ýazyp gördüňmi?
NOBATGULY. Hawa. Şeýle bir gowy goşgy ýazan gezeklerim köp boldy. Birenteg-ä ertesi tursam, ýadymda däl, birnäçesi bolsa düýşümde ýazamda şeýle ajaýypdy, emma ertesi ýadyma salsam, adaty goşgymdanam gowşak goşgy bolup çykdy. Ýöne bir ýola şeýle ýagdaý boldy. Men erbet düýş görüpdirin. Meni her hili edip öldürjek bolýarlar, haýsydyr bir sebäbe görä ondan oňa süýreýärler. Ahyry çapgy agajynyň ýanyna eltdiler. Iki sany ýarym-ýalaňaç hebeşi meniň kellämi çapgy agajyna goýýar. Men diňe göge garap ýatyryn. Bir adam bolsa aýpaltasyny çalýan ýaly. Sesini eşidýän. Köşgüň depesine seredip ýatyrkam, kelläme bir ajaýyp pikir geldi. Aý, gaty ajaýyp bolmal-a. Gaty begenýän-ä... Şol mahal üstüme jellat abanyp gelýär. Ol aýpaltasyny göterýär. Men oňa:
– Dur, dur, kelläme bir ajaýyp pikir geldi – diýip, gygyranymy bilýän. Emma ol pikirimi aýtmaga puryja bermedi. Aýpalta depämden inende, silkinip oýandym. Gara suw ekenim. Özüme gelmänkäm, iki elim bilen kellämi penjeledim... Görsem, kelläm ýerinde, a ol ajaýyp pikir bolsa ýadymda ýok... Gaty gynandym.
OSMAN ÖDE. Nämä?
NOBATGULY. Kelläň bolup, pikir bolmasa, gynançly boljak eken! Men ony şol pursatda goşgy etdim...
Düýşde meý içmek, düýşde goşgy ýazmak, aýdym aýtmak, barysy ýüregiňe ylhamyň dolmagy bilen bagly bolsa gerek. Düýşi hakykatyň aýnasyna golaý bir zat diýip ynandyrjak bolýanlar, düýşi ýorup, ondan erteki güni biljek bolýanlaryň 99 prosenti ýalňyş ýoldan barýar. Bu meniň şahsy pikirim. Düýşleriň bir prosenti asman bilen bagly bolsa zor boldugy. Ýogsa, beýni ynsanyň antenasy. Asmandan berilýän ähli signallary, hikmetleri ol gös-göni tutmaly. Emma öýlerimizi gereg-u-gerekmejek goşlardan dolduryp, özümiz ýaşara ýer goýmaýşymyz ýaly, beýnimiz hem gerekmejek pikirlerden, aladalardan doly. Oňa Ýeriň problemalaram artyklyk edýär. Gapyl adam-da, ol Ýeriň malyna, dünýäsine, keýpi-sapasyna aldanyp, asman bilen aragatnaşygy ýitirdi. Şonuň üçinem düýşlerimiz hakyky düýşden alysda.
OSMAN ÖDE. Dünýä panydan hem bakydan, gijeden hem gündizden, garaňkylykdan hem ýagtylykdan, haýyrdan hem şerden ybarat... Dünýäniň önümi adam hem şeýle. Oňa adalat hem jahalat, ýagşylyk hem ýamanlyk mahsus... Adam perişdeden hem şeýtandan düzülen. Ol dyrnakly haýwan hökmünde etem iýýär, paşmakly haýwan hökmünde ot hem iýýär. Adam, aýratynam, şahyrlar şöhratyň alnynda ejiz, şöhrat bar ýerinde bahyllygam bar. Haýsydyr bir şahyryň şöhraty galyberse, «dostlary» bir ýol bilen gazetde onuň külüni çykarmagyň kül-külünde. Seniň şöhrata garaýşyň nähili?
NOBATGULY. Köpçülikleýin bolan ol keselden men hem halas däl. Seniň pikiriňi ösdürseň, islendik adam, islendik şahyr şöhratparaz, ýöne, biri o kesel bilen azrak kesellän, beýlekisi köpräk, biri pespällik bilen keselini ýygşyryp bilýär, beýlekisi ýok. Atamyrat Atabaýyň şeýle diýegen: «ýalandan öwýäniňi bilsemem ynanaýýan». Şöhrat eden işiňe berlen baha bolanda, kem-käs ösdürilip berlende-de döredijilige oňaýly täsir edýär, emma aşa berlende, ol döredijiligi öldürýär. Aslynda, men şahyrlara, ýazyjylara, ýagny özümize oturyp haýran galýan: biz ýaly dünýäde ýok bolsa gerek. Jübiňde gara şaýyň ýok, gije bolsa ýatman goşgy ýazyp özüňi şa däldir öýdeňok. Ol goşgyň haçan çykjagam belli däl, haçan oňa bir şaýy beriljegem belli däl. Bizden başga islendik kärdäki adamlar beýle nesýe işi aňsat etmez! Üstesine-de, bütin ömrümize goşgy ýazyp, uzyn ömrümizi gysgaldyp, gara görgä galyp eser ýazýarys, «şöhrat bolsa öleniňden soň geler» diýip, umyt edýäris. Eýse, gülkünç dälmi?!
OSMAN ÖDE. Özüň barada anyk aýtsana...
NOBATGULY. Men şöhraty gowy görýärin, ýöne gury öwgini däl, a şygryňa düşünip, magtaýan bolsa gaty seýrek.
OSMAN ÖDE. Sen hakda, seniň döredijiligiň hakda örän az makala ýazyldy, sebäbi näme?
NOBATGULY. Özüň bilýäň-ä, biziň şahyrlaryň birentegi kitaby çykan dessine haýsydyr bir abraýly adama syn ýazdyrmak üçin hallan atýarlar. Ýa dostlar birek-biregiňkä ýazýarlar. Bir ýola bir gowşak şahyr maňa kitabyny ýazyp berip: «Syn ýaz!» diýdi. Men: «Ýazjak däl» diýdim. Ol utanman-uýalman: «Sen ol gün içip otyrkak «ýazjak» diýdiň ahyry» diýip dur. Men çydaman «Içen wagtymda aýdan sözlerim sagat wagtymda öz güýjüni ýitirýär» diýip, jogap berdim. Ýa bolmasa bir gezek: «Nobatguly, sen, näme, «Kitabyma syn ýaz» diýip, menden bir gezek hem haýyş etmediň?» diýip, Saýlaw pahyr maňa ýüzlendi. «Men nämüçin senden syn ýazmagy haýyş etmeli?» diýip özüne sowal berdim. Saýlaw şonda gaty begenipdi pahyr. Ýene bir wakany ýatlaýyn. Kerim Gurbannepesow bir gezek: «Pylanyň meni öwüp ýazan makalasyndan, pylany döwüp ýazsa gowy görjek» diýipdi... Dogrusy, men hakda makala beýle az ýazylmady. Ahmet Bekmyradow, Hudaýberdi Diwangulyýew, Atamyrat Atabaýew, Kakabaý Gurbanmyradow dagy dürli wagtlarda meniň döredijiligime ýüzlendiler. Ýöne uniwersitetde bir alym bar, mugallym Amannepes Şyhnepesow, şonuň makalasy welin, meni lerzana saldy. Men: «entek-enteg-ä hiç kim düşünmese gerek» diýip ýördüm welin, ol poeziýada eden oýunlarymyň birentegini açyp, giňişleýin düşündiräýdi. Okap, gaty keýpim gaçdy. Sebäp şahyryň poeziýada geljege galdyrýan syry bolýar, ol syryňam özüň dirikäň açylsa, erbet bolar eken.
OSMAN ÖDE. Gaty zor ýigit, biz hem onuň sen hakdaky kitabyny çykarjak bolup ýörüs... Men moskwaly şahyrlar bilen kän oturyşyp-turşup gördüm. Islendigi öz goşgusyny ýat bilýär. Ýaşuly, sen bolsa bir goşgyňam ýat bileňok diýen ýaly...
NOBATGULY. Sen mamla, men goşgularymy ýat bilemok: onuň iki sebäbi bar, birinjisi, goşgy okamaga, goşgyňy ýatdan okap bermäge zerurlyk ýok, hajat ýok. Il öňünde çykyş etmeli bolanda, köplenç ýönekeý, degişmeli şygyrlaryňy okamaly bolýar, ýa özara goşgy okaşmak bolsa bizde segseninji ýyllarda galdy. Ilerde, wremýankaçylykda ýaşaýarkak, her hal, goşgy okaşardyk... Ikinjisi, men ýöntem bolmajak bolup, göwnüme bolmasa, goşgularymy aşa çylşyrymlaşdyran ýaly bolup durun. Mahal-mahal, öz-özi diliňe gelip duran owadan goşgulary ýazasym gelýär: ýöne, nätjek, soňky ýyllarda goşgy diýilýän zat meniň üçin, birhili, manysyny ýitirip barýan ýaly... Emma men bir zady aýdaýyn: häzir meni islendik bir jaýa gabap, islendik goşgyňy, poýemaňy ýadyňdan dikelt diýseň, dikeltjegimi bilýän...
14.07.1993 ý.
Nobatguly REJEBOW, Osman ÖDE

4комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.