Ýadyňyzdan çykarmaň
ÝADYŇYZDAN ÇYKARMAŇ
Öňümizde nähili maksat goýsak ugrunda yhlas etmegi-de ýüregimize düwmelidir. Ýadyňyzdan çykarmaň, arzuwlaryň köpüsi sähelçe tagalla etmezlikden puç bolýar.
Ähli ýolagçylyk ilkinji ädimden başlanýar. Soňra ikinji, onsoň üçinji we zerur bolan ähli ädimler ädilýär. Ýadyňyzdan çykarmaň, diňe şeýdilende ýetjek menzilimize ýetip bileris.
Meseläňiz çözülýänçä we kynçylyklar ol ýerden aýrylýança, niýetiňize tarap dänmän ýöräň. Ýadyňyzdan çykarmaň, dürli-dümen çybyn-çirkeýler ýolbarsa yza berýändir, emma ýolbars olara ünsüni bölýän däldir. Ýolbarsyň nazary, pikiri diňe awlajak awunda - ýetjek menzilindedir.
Iň uly kemçiligimiz aňsat yza tesýäris. Üstünligiň iň ygtybarly ýoly - ýene bir gezek synanyşmakdyr. Ýadyňyzdan çykarmaň, suwuň bir gezek dammagy agyr daşda yz galdyrmaz, emma yzygiderli damyp dursa, ol ýerde oý emele gelýändir. Daşy deşen suwuň güýji däl, damjalaryň yzygiderligidir.
Üstünligiň syry niýetiň dowamlygydyr. Ýadyňyzdan çykarmaň, uzak wagtlap yzygiderli gözleseňiz, bir gün gözlemeseňiz hem taparsyňyz.
Irginsizlik bilen dowam ediň, pellehana ýetmezden owal bes etmek hakda asla pikirlenmäň. Ýadyňyzdan çykarmaň, maksada golaýlaşdygyňyzça, kynçylyklar artar. Poçta markasy ýaly boluň. Barmaly ýeriňize barýançaňyz maksadyňyza pugta ýapyşyň. Tutanýerlilik ynsanyň iň uly kömekçisidir.
Sabyrdan we wagtdan güýçli zat ýok. Bular hemme gowy netijä täsir eder. Ýadyňyzdan çykarmaň, gazanmaga degýän bolsa, garaşmaga hem deger.

1комментарий
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.