ADALATYŇ DYMAN GÜNI

Şeýle bir gün geldi, hemmeler dymdy:
Asman dymdy,
Zemin dymdy,
Men dymdym,
büwwüllänler,
güwwüllänler,
hüwlänler,
müňňüllänler,
hüňňüllänler,
gülýänler,
danalar-nadanlar,
mertler-namartlar,
tüm aýdymlar, sazlar, suratlar, hatlar,
janlu-jansyz zatlar,
erkekler-u-ebtatlar,
serçeler deý jürküldeşýän çülpeler,
düwmejikler — çybyngorar şelpeler,
silkmeler, selleler... garaz hemmeler
dymdy...
...Hemme dymdy,
Men-de dymdym,
senem dym!
Çünki ...
...göýä dymdy O...


21.09.2021ý.



Laçyn PÜRJÄÝEWA
5 лайков 170 просмотров
3комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Hiayress
12 авг 2022, 16:22
"Hemmeler dymdy" diýýär soňam "senem dym!" diýýär, men nä hemmelere degişli dälmikämaý?!
Birem birhili özüniň dymmanyny aklajak ýaly bolupdyr goşguda. Sud edilmeýän bolsa, hiç kim garalamaýan bolsa, özüňi aklamaklyk nämä derkarka?!
Soho
12 авг 2022, 16:23
goshgy yazmaga chekiner yaly edyanay @Hiayress
Maksat
12 авг 2022, 16:23
Sagbol şahyr aga ýetireniñe. Käwagt adalat şeýle bir dymýa, dişiñi döwülýänçä gysyp senem dymmaly bolýañ. Garaz içiñe salyp ýörmelidä awtor şeý diýjek bolupdyr öýdýän.