Ah gyzlar, gyzlar...

Mysapyrsyran bolup,
Durma, indem duşumda!
Ýüzüňi öwürýädiň-le,
Öten agşam düýşümde:

Güle öwrülip ygşyldap,
Saňa salam beremde.
Sen meni ýolup, söýýän
Gyzyňa sowgat berdiň.

Ýagyş bolup üstüňe,
Gökden özüm taşlamda,
A sen saýawan gerdiň,
Ýaňy ýagyp başlamda.

Daga döndüm adyňy,
Tutmak üçin gaýtalap.
Emma dymdym daglar deý,
Mertlerçe öýkeläp.

Laçyn Pürjäýewa
10.01.1999ý.
1 лайков 88 просмотров
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.