“GELERIN MEN ŞYGYR ŞEMALY BOLUP...”
Ilim, gözýetimden çagyrsaň meni,
Gelerin men şygyr şemaly bolup.
Idemeseň, uzaklarda galaryn,
Bir tümmejik goşgy mazary bolup.
Ýyldyz edip gijäň boýnuna daksaň,
Bilýäňmi, men goşguly nur saçaryn.
Ýöne bir gün süýnüp, Zemine gaýtsam...
Belki... Şygyr älemiňe gaçaryn...
Duýgy deňzine Gün ýakyn gelende
Deňiz üzre ýöräp barsam edaly...
Şybyrdap, şygyrlar pesden belende
Göterilip, şöhle saçsa sedaly...
Bilýän, Türkmen törün berýär öýüniň
hemem gadryn bilýär garlawajynyň.
Ilim, şygyr asmanyňa uçursaň,
Menem ýaňy ganatlanja Laçynyň.
25.05.1999ý.
✏Laçyn PÜRJÄÝEWA
Gelerin men şygyr şemaly bolup.
Idemeseň, uzaklarda galaryn,
Bir tümmejik goşgy mazary bolup.
Ýyldyz edip gijäň boýnuna daksaň,
Bilýäňmi, men goşguly nur saçaryn.
Ýöne bir gün süýnüp, Zemine gaýtsam...
Belki... Şygyr älemiňe gaçaryn...
Duýgy deňzine Gün ýakyn gelende
Deňiz üzre ýöräp barsam edaly...
Şybyrdap, şygyrlar pesden belende
Göterilip, şöhle saçsa sedaly...
Bilýän, Türkmen törün berýär öýüniň
hemem gadryn bilýär garlawajynyň.
Ilim, şygyr asmanyňa uçursaň,
Menem ýaňy ganatlanja Laçynyň.
25.05.1999ý.
✏Laçyn PÜRJÄÝEWA
3комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.