"Gorkmen"
Ýeri, şundanam bir ýaşaýyş bormy?!
Alnyňda – howp,
Ardyňda – gorp,
gork,
gork,
gork!
Gorky, senden çykar ýaly yş barmy?
Heý, yş barmy?
Gork!
Gork!
Gork!
Düşdüň şeýle künjegine dünýäniň,
Gork,
gork,
Gork! Görýärsiň
Gorkmaýaňlaň nä günlere düşýänin!
Gorkmaýanlaň gözi ýokdur, telbedir!
Olar ömrün soňlar dälihanada.
Päliň azyp, çykmaweri ýola bir,
Ýoldan çyksaň duşýaň gäbi azana.
Jaň etseň gork – diňleýändir KGB,
Oýlansaň gork – ýazýandyrlar pikiriň.
Atomyň üstünde dursa bu dünýä,
Seň ykbalyň üstündedir pitigiň!
Myrla, edil myrlaýşy deý pişigiň
Kollektiwe ýaran,
başlyga ýaran.
Başlyk däle, ýaran, ýogsa ol satar.
Profkoma ýaran,
Parktoma ýaran
Raýkom
Obkoma – ählisi hatar.
Ornuňdan gork – haramzada almasyn,
Ogluňdan gork – dost bolmasyn pidula.
Gelniňden gork — öýe myhman gelende
Hüňürdäp ýüzüňi ýere salmasyn.
Gork!
Gork!
Gork!
"Tok-tok" diýmän, "gork-gork" diýýär towuklar,
"Hork-hork" diýmän, "gork-gork" diýýär mekejin.
Sen nä? Gorkýar MK-aň sekretary-da
Başa geýip hüýpüpigin kekejin.
Gork!
Gork!
Gork!
Ýakyndan gork,
ýatdan gork!
Garrydan gork,
ýaşdan gork!
Toý-tomgudan,
ýasdan gork!
Atasyna aýat okatdy diýip,
Bir Hudaýsyz ýazaýmasyn arzany.
Goý, ataňy profsoýuz jaýlasyn!
Gork!
Gork!
Gork!
Hudaýdan gork,
Birden-ikä olam bar bolaýmasyn!..
Çar ýanyň howp,
Bar ýanyň gorp,
Eger-de ýaşajak bolsaň gorkusyz
Gork!
Gork!
Gork!
Ogluňa, kowmuňa gorkmany öwret,
Ziňkildäp dur emeldarlar asgyrsa.
Gorkynyň üstünde gurulan döwlet
Halkyn saklaýandyr gorky astynda!
Dünýäde güýç ýokdur gorkudan rüstem.
Nä günlere duçar bolduň türkmen sen?
Türkmen däl-de,
"Gorkmen" sen!
Nobatguly Rejebow.
Alnyňda – howp,
Ardyňda – gorp,
gork,
gork,
gork!
Gorky, senden çykar ýaly yş barmy?
Heý, yş barmy?
Gork!
Gork!
Gork!
Düşdüň şeýle künjegine dünýäniň,
Gork,
gork,
Gork! Görýärsiň
Gorkmaýaňlaň nä günlere düşýänin!
Gorkmaýanlaň gözi ýokdur, telbedir!
Olar ömrün soňlar dälihanada.
Päliň azyp, çykmaweri ýola bir,
Ýoldan çyksaň duşýaň gäbi azana.
Jaň etseň gork – diňleýändir KGB,
Oýlansaň gork – ýazýandyrlar pikiriň.
Atomyň üstünde dursa bu dünýä,
Seň ykbalyň üstündedir pitigiň!
Myrla, edil myrlaýşy deý pişigiň
Kollektiwe ýaran,
başlyga ýaran.
Başlyk däle, ýaran, ýogsa ol satar.
Profkoma ýaran,
Parktoma ýaran
Raýkom
Obkoma – ählisi hatar.
Ornuňdan gork – haramzada almasyn,
Ogluňdan gork – dost bolmasyn pidula.
Gelniňden gork — öýe myhman gelende
Hüňürdäp ýüzüňi ýere salmasyn.
Gork!
Gork!
Gork!
"Tok-tok" diýmän, "gork-gork" diýýär towuklar,
"Hork-hork" diýmän, "gork-gork" diýýär mekejin.
Sen nä? Gorkýar MK-aň sekretary-da
Başa geýip hüýpüpigin kekejin.
Gork!
Gork!
Gork!
Ýakyndan gork,
ýatdan gork!
Garrydan gork,
ýaşdan gork!
Toý-tomgudan,
ýasdan gork!
Atasyna aýat okatdy diýip,
Bir Hudaýsyz ýazaýmasyn arzany.
Goý, ataňy profsoýuz jaýlasyn!
Gork!
Gork!
Gork!
Hudaýdan gork,
Birden-ikä olam bar bolaýmasyn!..
Çar ýanyň howp,
Bar ýanyň gorp,
Eger-de ýaşajak bolsaň gorkusyz
Gork!
Gork!
Gork!
Ogluňa, kowmuňa gorkmany öwret,
Ziňkildäp dur emeldarlar asgyrsa.
Gorkynyň üstünde gurulan döwlet
Halkyn saklaýandyr gorky astynda!
Dünýäde güýç ýokdur gorkudan rüstem.
Nä günlere duçar bolduň türkmen sen?
Türkmen däl-de,
"Gorkmen" sen!
Nobatguly Rejebow.
7комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.