Poliglot kim

Kä­bir ada­ma dil öw­ren­mek lez­zet ber­ýär. Me­se­lem, kä­bir ada­m baş­ga dil­de gep­le­ýän adam bi­len hem aň­sat­lyk bi­len sö­zi al­şyp, onuň bi­len dü­şü­niş­mek üçin tä­ze söz­le­ri öw­ren­ýär. Bil­me­ýän söz­le­ri­ni söz­lük­­den öw­re­nip ýa-da bil­ýän adam­dan so­rap, ola­ryň ma­ny­sy, eti­mo­lo­gi­ýa­sy bi­len gy­zyk­la­nyp, kö­kü­ni göz­läp, ta­pan ne­ti­je­si­ ba­ra­da tö­we­re­gin­dä­ki­le­re hem aý­dyp ber­ýär.
Bi­ler­men­le­riň pi­ki­ri­ne gö­rä, dil öw­ren­mek 3000 tö­we­re­gi söz bi­len, bir ki­tap­lyk gram­ma­ti­ka­ny öw­ren­mek däl. Dil öw­ren­me­giň il­kin­ji we «al­tyn ka­nu­ny» öw­ren­me­gi söý­mek­dir. Yh­las bi­len ýa­py­şyl­ýan iş bol­sa, hiç ha­çan ýar­ty ýol­da gal­ma­ýar. Em­ma bir dil öw­ren­mek üçin uzak ýyl­lar zäh­met çe­kil­ýär­kä, nä­dip kä­bir adam­lar aň­sat­lyk bi­len, me­se­lem, 2 ýyl­da dil öw­ren­me­gi ba­şar­ýar­ka­lar?! Ola­ryň hem­me­ler­den giz­le­ýän bir sy­ry bar bo­laý­ma­syn.
Gür­rü­ňi­miz po­lig­lot­la­ryň köp dil­de gep­le­şip bil­mek ukyp­la­ry, bu ugur­da ulan­ýan usul­la­ry ba­ra­da bo­lar.
Köp di­le dü­şü­nip, gep­le­şip, okap hem ýa­zyp bil­ýän ada­ma po­lig­lot di­ýil­ýär. Iki dil bil­ýä­ne «bi­lingw», üç dil bil­ýä­ne «tri­lingw» we on­dan köp dil bil­ýä­ne «po­lig­lot» di­ýil­ýär.
Eý­sem, po­lig­lot­lar mu­ny nä­dip ba­şar­ýar­ka­lar? Ola­ryň nä­hi­li uky­by bar­ka?
Bir dil öw­ren­mek üçin şol dil­de gep­le­mä­ge sy­na­ny­şyp baş­la­ma­ly. Gork­man, şol dil­de gep­leş­ýän­le­riň ara­sy­na gir­me­li. Az söz bil­ýän hem bol­saň, gür­rü­ňe go­şul­jak bol­ma­ly. Çe­kin­jeň­lik po­lig­lot­la­ra mah­sus hä­si­ýet däl.
Ýal­ňyş­mak­dan gork­ma­ly däl. Is­len­dik adam ene di­lin­de baş­ga dil­de gep­lä­nin­de ýal­ňyş­sa, geň gö­rül­me­ýär. Ça­ga­la­ryň dil açy­şy­na üns ber­di­ňiz­mi? Olar il­ki düý­bün­den düş­nük­siz we gül­künç eşi­dil­ýän söz­le­ri aýd­ýar­lar. Em­ma gül­dü­ler di­ýip gep­le­mek­den ga­lan ça­ga gör­dü­ňiz­mi? El­bet­de, ýok. Kem-kem­den kä­mil­leş­me­li, em­ma ýal­ňyş­mak­dan gor­kup, sy­na­nyş­man kä­mil­le­şip bol­ma­ýar.
Ça­ga­lar­dan öw­ren­me­li ýe­ne bir usu­ly­myz söz­le­ri gaý­ta­la­mak. Ha­wa, ça­ga dil aç­ýan wag­ty ene-ata­sy­nyň, do­gan­la­ry­nyň aý­dan­la­ry­ny gaý­ta­la­ýar. Ça­ga do­gul­ýar we üç ýy­lyň do­wa­myn­da dil aç­ýar. Diň­le­ýär, gaý­ta­la­ýar we özi hem ulu­lar ýa­ly gep­leş­mek is­le­ýär. Şol se­bäp­li köp­lenç ulu­la­ra öý­kü­nip gep­le­ýär.
Öw­ren­mek­de syr bar bol­sa onuň iň esa­sy­sy iň köp ula­nyl­ýan 500 sö­zi ýat tut­mak bo­lar­dy. Se­bä­bi is­len­dik dil­de gün­de­lik ula­nyl­ýan söz­ler 400-600 ara­ly­gyn­da bol­ýar. Ça­ga­lar il­ki bi­len iň köp gaý­ta­lan­ýan söz­le­ri öw­ren­ýär­ler. Soň şol söz­le­ri ula­nyp öw­ren­me­gi­ni kä­mil­leş­dir­ýär­ler. Tä­ze dil­de bel­li bir gor edi­ne­ni­ňiz­den soň şol go­ruň üs­tü­ni art­dyr­mak özü­ňi­ze bag­ly.
Hä­zir­ki wagt­da elekt­ron en­jam­la­ry iş­jeň ulan­ýa­rys. Dil öw­ren­mek­de hem san­ly ul­gam­lar­dan peý­da­lan­mak ne­ti­je­li usul­dyr. Mun­da çyl­şy­rym­ly ka­da­la­ry ýat tut­mak hök­man däl. My­sal üçin, öw­ren­ýän di­li­ňiz­de na­har bi­şi­ri­li­şi­ni öw­red­ýän prog­ram­ma­ny te­le­fo­ny­ňy­za ýük­läp alyň! Şol ýer­dä­ki na­har­la­ry bi­şir­mä­ge sy­nan­yşan wag­ty­ňyz­da tä­ze söz­le­ri öw­re­ner­si­ňiz. Po­lig­lot­lar dür­li usul­lar­dan peý­da­lan­ýar­lar. Dil öw­ren­mek üçin ök­de diň­leý­ji we öý­kün­jeň bo­luň, öw­re­nen­le­ri­ňi­zi şo­ba­da ula­ny­şa gi­ri­ziň, gü­nüň bel­li bir bö­le­gin­i däl-de, gü­nüň köp bö­le­gin­i dil öw­ren­mä­ge sarp ediň, iň ge­rek­li söz­le­ri il­ki öw­re­niň, dil öw­ren­me­gi ýü­rek­gys­gynç däl-de, edil oýun ýa­ly ka­bul ediň, gep­leş­mä­ge adam tap­ma­sa­ňyz, öz-özü­ňiz bi­len gep­le­şiň. Bu­la­ryň äh­li­si­ni ça­ga­lar hem et­me­ýär­mi nä­me?
Siz hem dil öw­ren­mä­ge sy­na­ny­şyp, soň­ra kyn di­ýip, ony taş­lan bol­sa­ňyz, ýe­ne-de ça­ga­lar­dan sa­pak alyp, gaý­ta­dan hem sy­na­ny­şyp gör­me­gi mas­la­hat ber­ýä­ris!
5 лайков 191 просмотров
3комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Öwreniji
08 июн 2022, 17:02
Sagbol gowy maslahat, menem şu höwesim bilen bir zada çykar ???
Harmony
08 июн 2022, 17:55
Ýene bir zat: pikirleneňde-de şol dilde pikirlenmeli. Pikirleriňdäki hemme sözi däl, elbetde. Bilenjeleriňi hotýa by.
Hiayress
08 июн 2022, 20:44
Soňky wagtlar ýaman iňlis dilini öwrenesim gelýär. Ýogsa soňky döwür kitaplarynyň ýada maglumatlarynyň köpsüni rus ýada türk (türk dilini bilşim ýaby gorly bolsada) dillerinde tapmak kyn.