DURMUŞYŇ MERKEZINE BAŞGALARYNY DÄL, ÖZÜŇI GOÝ!


Kime gitseň git, haýsy diwara ýaplansaň ýaplan, özüňden berk, sagdyn diwar tapmarsyň bu durmuşda. Näme üçin diýýäňmi?
Çünki, ynsan diňe özüne şübhesiz ynanýar. Ynam beren ähli zat, ähli kişi azajygam bolsa şübhäni öz içine alýar. Ynsanyň jany şeýle bir ýanandyr weli, hemmeleriň ony haçanam bolsa bir gün taşlap gitjegine ynanar. Aslynda dogry. Bir erbet waka duş gelsek kimdir birlerini gaçybatalga hökmünde isleýäs. Kimdir biriniň ýanymyzda bolmagyny isleýäs. Sebäbi, ynsan iň erbet günlerinde tutuljak el, gujaklanjak bir beden gözleýär, emma köplenç tapmak başardaýanok. Meň pikirimçe, ynsan özüni, bir gün hemmeleriň gitjegi we ýykylanda özüne el uzatjak adamyň ýene özi boljagy görnüşde terbiýelemeli.
Meselem, özüni has köp söýmeli. Eger söýgüsiz galaýanda ýene söýgüni özi-özüne berer ýaly.
Şeýle bir jümle bar: “Her kerpiçden diwar bolmaz, oňa ýaplanan wagtyň düşünersiň”. Ýykylan wagtyň ýanyňda bolan ynsanlar däl-de, özüňi aýaga sen galdyrmaly. Hatda, käte şeýle bir gaty ýykylarsyň welin, ýanyňda bolar öýdenleriň ýanyňda ýokduklaryna gynanmaga pursatyňam bolmaz. Sebäbi, derrew aýaga galmaň gerek we munuň üçin göreşmeli bolarsyň. Ynsanlara däl, özüňe ynanmaly ilki. Gonan çybygyň döwülmeginden gorkmaly däl. Seniň ganatlaryň bar ahyry.
Başyňa bir agyr zat gelende, mundan dynmak için başgalaryna mätäçligiň ýok. Iň kän özüňe zerurlygyň bar. Özüňi gujaklamaga, özüňi beter söýmäge zerurlyk bar. Bir zat bolanda başgalaryň goramagyna däl-de, özüňe ýaplanmagy öwrenmäge zerurlygyň bar. Ýapyşan çybygyň bir gün döwüler. Emma sende ganat bar. Şol ganatlaryňa gowy seret.

#Durmuş-ýitiren ýeriňden başlaýar.
12 лайков 257 просмотров
7комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Massimus
09 июн 2022, 12:41
Bir ýoldaşym üçin aýaman wagt,
Gözlerimi satyp, äberdim bagt,
Emma gözüm satyp kömek edenim,
Erte bir sag boly bermedi mugt.

K.Gurbannepesow.
Esma
09 июн 2022, 12:42
Gonan çybygyň döwülmeginden gorkmaly däl. Seniň ganatlaryň bar ahyry.
Gaty dogry. Ganatlar ynamyň, sabyryň bolsa, döwülen çybygy ýyllara deňäýsemmikäm?
Harmony
09 июн 2022, 13:03
Adamyň tebigatyna guýlan ýaly öz-ä şü Doly dällik kompleksi (комплекс неполноценности)
Hiayress
09 июн 2022, 13:13
Granger,
Adam hemme zada çalt öwrenişýär, ýöne öwrenişen zadyny (endigini) haýal terk edýär.
Tuman
09 июн 2022, 23:30
Bor
Ötegçi
10 июн 2022, 01:04
Kimdir biriniň ýanymyzda bolmagyny isleýäs. Sebäbi, ynsan iň erbet günlerinde tutuljak el, gujaklanjak bir beden gözleýär, emma köplenç tapmak başardaýanok. hemme işimi maşgaladan belli bir kişi bn maslahatly edýan. Içinden diñe birini saýlap şoña aýdýan. Olam başgalara aýtsa, hersem bir pikir aýtsa bar estsemleñ puç bolýar....
Ayjahan
10 июн 2022, 08:16
“Her kerpiçden diwar bolmaz, oňa ýaplanan wagtyň düşünersiň”. Ýykylan wagtyň ýanyňda bolan ynsanlar däl-de, özüňi aýaga sen galdyrmaly."
Dogry ilki özüňe ynanmaly, özüň barlygyna guwanmaly buýsanmaly, şükür etmeli...