Ynsan mydam öz-özüni aldaýar

Ynsan mydam öz-özüni aldaýar

“Indä gyş gutardy” diýlen pursatda
Ownujak gar tozgalary galgaýar
Käte şeýle işler bolýar dünýäde
Tebigatam adamlary aldaýar

Ynam edip, käte ynsan ynsana
Özünde bar pikirlerin baglaýar
Käte garaşan tamaňam çykanok
Pikirlerem adamlary aldaýar

Hasrat laýyna batanda kä ynsan
Arak bilen keýplerini çaglaýar
Dogry ýoly gözlemäge çalşanok
Şeýtan mydam adamlary aldaýar

“Plan günden plan zat bolmalydyr hökman”-
diýip ynsan geçen günin sanaýar
Emma “nesip bolsa” ýada düşenok
Hasaplaram adamlary aldaýar

Kakasyndan aýra düşen çagajyk
“Bir gün kakam geler” diýip aglaýar
Umyt baglan kakasy-da gelenok
Käte umyt adamlary aldaýar

“Seret oňa,
Ol mydama şadyýan
Şatlyk bilen ähli zady jaýlaýar”
Içdäki gaýgyny hiç kim bilenok
Daşky şatlyk adamlary aldaýar

“Bolan işde bir zadyň günäsi bar”-
diýip hemme öz-özüni goldaýar
Emma bar zadyň gözbaşy ynsanýet
Ynsan mydam öz-özini aldaýar

Ylham Gurbanaly
4 лайков 186 просмотров
4комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
XYIVENIA
19 окт 2021, 17:29
Saytynda sahsy hat yazysyp bolanokmy?
Mr_Coder
Автор 19 окт 2021, 17:31
Цитата: XYIVENIA
Saytynda sahsy hat yazysyp bolanokmy?

bolýar
XYIVENIA
19 окт 2021, 17:33
Mr_Coder,
Men dusunmekde azajyk kyncylyk cekyan
Mr_Coder
Автор 19 окт 2021, 17:37
XYIVENIA,
Soraber dushunmedik yerini pully