Ynsan mydam oz özüni aldayar

“Indä gyş gutardy” diýlen pursatda
Ownujak gar tozgalary galgaýar
Käte şeýle işler bolýar dünýäde
Tebigatam adamlary aldaýar

Ynam edip, käte ynsan ynsana
Özünde bar pikirlerin baglaýar
Käte garaşan tamaňam çykanok
Pikirlerem adamlary aldaýar

Hasrat laýyna batanda kä ynsan
Arak bilen keýplerini çaglaýar
Dogry ýoly gözlemäge çalşanok
Şeýtan mydam adamlary aldaýar

“Plan günden plan zat bolmalydyr hökman”-
diýip ynsan geçen günin sanaýar
Emma “nesip bolsa” ýada düşenok
Hasaplaram adamlary aldaýar

Kakasyndan aýra düşen çagajyk
“Bir gün kakam geler” diýip aglaýar
Umyt baglan kakasy-da gelenok
Käte umyt adamlary aldaýar

“Seret oňa,
Ol mydama şadyýan
Şatlyk bilen ähli zady jaýlaýar”
Içdäki gaýgyny hiç kim bilenok
Daşky şatlyk adamlary aldaýar

“Bolan işde bir zadyň günäsi bar”-
diýip hemme öz-özüni goldaýar
Emma bar zadyň gözbaşy ynsanýet
Ynsan mydam öz-özini aldaýar

Ylham Gurbanaly
2 лайков 143 просмотров
2комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Nurmuhammet
22 июл 2022, 20:41
gowy eken. like knopkam islanok yogsa like goyardym...+++
ýüreksözi
Автор 22 июл 2022, 21:48
nurmuhammet,
ha bolýa sps