Köne enjamlardaky gymmatly metallar
Tehnologiýanyň ösen döwründe elektron enjamlaryň dürli görnüşleri öndürilýär. Uludan-kiçä her kimde diýen ýaly el telefony bar. Bulardan başga-da, oýun konsoly, týuner, telewizor, kompýuter we planşet ýaly gündelik durmuşda ulanylýan onlarça enjam bar. Önümçilik desgalarynda we beýleki iş ýerlerinde bolsa has köp ýöriteleşen enjamlar hem ulanylýar. Olaryň köpüsi elektrik energiýasy bilen işleýär. Bu enjamlaryň içinde bolsa, dürli metallardan öndürilen birnäçe geçirijiler we beýleki bölekler bar. Islendik enjamy öndürmek üçin Ýer ýüzüniň başga ýerlerinde gazylyp alynýan magdanlardan we metallardan peýdalanylýar. Bu metallar ilki gaýtadan işlenip, çig mal öndürilýär, soňra elektron enjamlaryň bölekleriniň öndürilmegi üçin dünýäniň başga ýerindäki zawoda iberilýär. Bir söz bilen aýdylanda, bir enjamyň öndürilmegi üçin onlarça desga gerek bolýar. Elektron enjamlarynyň önümçiligi üçin gerek bolan magdan känleri bolsa azalýar. Şeýle ýagdaýda olaryň başga metallardan ýasalmagy üçin iş alnyp barylýar. Mundan başga-da, ulanyş möhleti tamamlanan elektron enjamlardaky metallaryň hem gaýtadan işlenilmegine üns berilýär. Bu ýagdaý gymmaty barha artýan magdanlaryň täze çeşmesine öwrülýär. Köne enjamlaryň dürli materiallardan ýasalan bölekleriniň gaýtadan ulanylmagy daşky gurşaw üçin hem peýdaly hasaplanýar. Angliýada geçirilen barlaglaryň netijesine görä, geçen ýyl dünýäde möwritini tamamlan elektron enjamlaryň mukdary 57 million tonna ýetipdir. Soňky ýyllarda elektrik energiýasy bilen işleýän ulaglaryň önümçiliginiň artmagy batareýa üçin zerur bolan litiniň bahasynyň bäş essä golaý artmagyna getiripdir. Şeýle hem batareýa önümçiliginde ulanylýan nikeliň bahasy hem gymmatlapdyr. Bilermenler käbir metallaryň tebigatdaky gorunyň gutaryp barýandygyny belleýärler. Dürli zyňyndylaryň daşky gurşawa ýetirýän zyýany hem-de çig malyň bahasynyň gymmatlamagy nazarda tutulyp, kagyz, plastmassa önümleri bilen bir hatarda köne elektron enjamlar hem ýygnalyp, çig mal hökmünde gaýtadan ulanylýar. Elektron enjamlaryň hataryna diňe mobil enjamlar däl, eýsem, uly öý hojalyk tehnikalary hem girýär. Bu enjamlaryň çem gelen ýere ýa-da zibile taşlanmagy bilen içindäki bölekler himiki täsirleşme netijesinde üýtgäp, howa, topraga we suwa zyýan ýetirip bilýär. Şol sebäpli olaryň talabalaýyk ýygnalyp, hünärmenler tarapyndan böleklere bölünmegi zerur bolup durýar. Köp ýurtda köne elektron önümleriniň ýygnalmagy şol enjamyň satylýan şahamçalarynyň üsti bilen amala aşyrylýar. Mysal üçin, köne sowadyjyny, sowadyjy satýan dükan kabul edip alýar.
Bir smartfonda ortaça 30 dürli himiki element bolýar. Smartfony emele getirýän bölekleriň käbiri başga enjamlarda hem ulanylýar. Bu elementleriň käbiriniň gory azalyp barýar.
Her ýyl 2 million tonna elektron zyňyndy
Her ýyl dünýäde 2 million tonna töweregi elektron enjamyň ulanyş möhleti gutarýar. Bularyň 20 göteriminden gowragy ýygnalyp, gaýtadan işlenýär. Bilermenler ýygnalýan we gaýtadan işlenýän elektron zyňyndylaryň mukdarynyň artdyrylmalydygyny, önüm öndürijileriň has durnukly önümçilige üns bermelidiklerini belleýärler. Tehnologiýanyň ösmegi netijesinde dürli enjamlaryň göwrümi kiçelýär. Bu bolsa, olaryň öndürilmegi üçin ulanylýan çig malyň görnetin azalmagyna getirýär. Mysal üçin, birnäçe ýyl ozal has uly göwrümli bolan týunerleriň häzirki görnüşleriniň ululygy el ýaly. Kompýuterler we telewizorlar hem ýyl geçdigiçe ýukalýar.
Elektron enjamlaryň tebigata ýetirýän zyýanyny azaltmak üçin bilermenler ulanyjylara diňe gerekli zady satyn almagy, bir enjamy uzak wagtlap ulanmagy we köne enjamy gaýtadan işleýän degişli edara tabşyrmagy maslahat berýärler.
Telefonda nähili elementler bar?
Her smartfonda altyn, kümüş, platina ýaly gymmatly we tebigatda tapylyp gaýtadan işlenmegi köp zähmet talap edýän metallar bar. Esasy mesele bu elementleri howpsuz ýagdaýda telefonlardan aýratynlykda almak. Enjamlaryň düzümindäki ujypsyz mukdardaky bu elementleriň ähmiýeti barha artýar. Sebäbi olaryň tebigatdaky gory azalyp barýar we haçanam bolsa bir gün gutarar. Bir smartfonda ortaça 0,034 gram altyn, 0,34 gram kümüş, 0,015 gram palladiý we gramyň müňden biri ýaly platina bolýar. Bulardan has arzan bolan alýuminden 25 gram we misden 15 gram bolýar. Şeýle hem telefonlarda ittriý, lantan, terbiý, neodim, gadoliniý, praseodiý ýaly has seýrek tapylýan elementler bolýar. Aslynda bu elementleriň Ýer gatlagyndaky mukdary köp bolup, olary çykaryp gaýtadan işlemek çylşyrymly bolýar. Bu bolsa onuň bahasyny artdyrýar.
Ýokarda sanalan elementleri telefonlardan almak üçin dürli prosesden geçmeli bolup, tebigatdan alanyňdan aňsat däl. Emma dünýäde elektron enjamlaryň sany günsaýyn artyp, milliard görkezijiler bilen görkezilýär.
Häzirki wagtda adamlar ortaça bir ýyla ýetmänkä täze telefon satyn alýar. Köne telefonlaryň köpüsi öýüň bir ýerine taşlanýar, soňra bolsa ýatdan çykýar. Bilermenler bir çekmede unudylan smartfonlaryň ýa-da ammaryň burçunda goýlan sowadyjynyň gaýtadan çig mal hökmünde ulanylmagynyň ykdysadyýete we daşky gurşawa uly peýda getirjekdigini belleýärler.
Maglumatlara görä, bir million telefondan 16 tonna mis, 350 kilogram kümüş, 34 kilogram altyn we 15 kilogram palladiý alyp bolýar

3комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.