Batareýalar gaýtadan işlener.

Soň­ky ýyl­lar­da elekt­rou­lag­la­ryň sa­ny bar­ha art­ýar. Bu ulag­lar­da­ky uly göw­rüm­li ba­ta­re­ýa­lar bol­sa, bir­nä­çe ýyl­dan soň­ra ula­nyş­dan gal­ýar. Daş­ky gur­şa­wy aýaw­ly sak­la­mak üçin beý­le­ki ula­nyş­dan ga­lan ma­te­ri­al­la­ryň gaý­ta­dan ula­nyl­ma­gy­nyň ze­rur bol­şy ýa­ly ba­ta­re­ýa­la­ry hem çig mal hök­mün­de peý­da­lan­mak äh­mi­ýet­li bo­lup dur­ýar. Elekt­rou­lag önüm­çi­li­gin­de öň­de­ba­ry­jy kom­pa­ni­ýa­la­ryň bi­ri bo­lan «Toyo­ta» kö­ne ba­ta­re­ýa­la­ry gaý­ta­dan ulan­mak mak­sa­dy bi­len «Red­wo­od Ma­te­rials» kom­pa­ni­ýa­sy bi­len hyz­mat­daş­lyk eder. Hyz­mat­daş­ly­gyň çäk­le­rin­de ula­nyş möh­le­ti ta­mam­la­nan ýa-da haý­sy­dyr bir se­bäp bi­len ze­per ýe­ten ba­ta­re­ýa­lar top­la­nyp, gaý­ta­dan iş­le­ner. Iki kom­pa­ni­ýa­nyň ara­syn­da ýo­la goý­lan hyz­mat­daş­ly­gyň dur­nuk­ly ekoul­ga­my dö­ret­jek­di­gi bel­le­nil­ýär. Ba­ta­re­ýa­lar ýyg­na­lan­dan soň­ra çig ma­la öw­rü­ler. Şeý­le hem kä­bir ba­ta­re­ýa­lar oňa­ry­lyp, ikin­ji ge­zek hem ula­ny­lar. «Toyo­ta»-nyň bu ugur­da iş alyp bar­ýan bö­lü­mi­niň ýol­baş­çy­sy Kris­to­fer Ýan: «Bu hyz­mat­daş­lyk ho­wa goýbe­ril­ýän zy­ýan­ly ga­zy nol de­re­jä çen­li pe­selt­mek mak­sat­na­ma­sy­na ýet­mä­ge we hem­me­le­riň ýa­şa­ma­gy üçin amat­ly pla­ne­ta­ny gur­mak meý­li­mi­ze go­şant go­şar» di­ýip bel­le­di.
«Red­wo­od» kom­pa­ni­ýa­sy hä­zir­ki wagt­da her ýyl­da ula­nyş­dan ga­lan ba­ta­re­ýa­la­ry ýyg­nap, olar­dan tä­ze ba­ta­re­ýa ön­dür­mek üçin çig mal al­ýar. Kom­pa­ni­ýa 2025-nji ýy­la çen­li ýyl­lyk bir mil­li­on­dan gow­rak ba­ta­re­ýa­nyň ön­dü­ril­me­gi üçin ge­rek­li ma­te­ria­ly ýyg­na­ma­gy mak­sat edin­ýär.
«Toyo­ta» bol­sa, 2030-njy ýy­la çen­li glo­bal elekt­rou­lag sa­tu­wy­ny se­kiz mil­lio­na ýe­tir­mek üçin 70 mil­liard dol­lar ma­ýa go­ýum öz­leş­di­rer. Kom­pa­ni­ýa her ýyl­da je­mi 10 mil­li­on tö­we­re­gi aw­tou­lag ön­dür­ýär. «Red­wo­od» kom­pa­ni­ýa­sy bol­sa, ba­ta­re­ýa­la­ry gaý­ta­dan iş­le­ýän ýe­ne bir önüm­çi­lik des­ga­sy­ny gur­ma­gy mak­sat edin­ýär.
Zaman Türkmenistan gazeti,
28.06.2022ý.
1 лайков 88 просмотров
1комментарий
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Ötegçi
30 июн 2022, 07:54
Gowy? komp mişkasy ucin batereylerem bir uzak omurli etmani owretseler...